Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
    • International cooperation
      • Meetings
        • BOOK AWARD CEREMONY BY THE NIPPON FOUNDATION
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
        • A training session on the Sustainable Development Goals was held
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / Articles / «MAGTYMGULY PYRAGY» MEDENI-SEÝILGÄH TOPLUMY
    «MAGTYMGULY PYRAGY» MEDENI-SEÝILGÄH TOPLUMY surady
    25/05/2024

    1684

    «MAGTYMGULY PYRAGY» MEDENI-SEÝILGÄH TOPLUMY

    Magtymguly Pyragynyň ady we onuň şahyrana owazy öz döwründe we şondan soňraky ýyllarda daglardan eşidilýän ýaň ýaly bolup, älem-jahana ýaýrady. Bu adyň we owazyň özboluşly, iňňän gymmatly tarapy, onuň ýeke-täk bir şahsyýetiň mertebesini aňlatman, eýsem, tutuş bir milletiň – türkmeniň at-owazasyny, abraýyny belende galdyranlygy bilen häsiýetlendi.
    Ynha, Köpetdagyň eteginde türkmeniň beýik ogly, Gündogaryň meşhur akyldary Magtymguly Pyragynyň ajaýyp ýadygärliginiň we nusgawy şahyryň adyny göterýän medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy, üstünden üç asyr geçse-de, döredijiligine tutuş dünýäde sarpa goýulýan we tanalýan türkmen halkynyň şöhratly oglunyň zehinine goýulýan belent hormatyň hem-de söýginiň beýanydyr. Bu medeni-seýilgäh toplumyny döretmek başlangyjy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan öňe sürüldi. Magtymguly Pyragynyň öňdengörüjilikli, ynsanperwer, filosofiki, durmuşy, taglymat derejesine ýeten pikirleri türkmen ruhunyň öçmejek çyragyna öwrüldi.
    Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyjy bilen gözel paýtagtymyzyň täsin tebigatly künjeginde gurlan «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy we bu seýilgäh toplumynda daşary ýurtly ýazyjy-şahyrlaryň heýkelleriniň hem oturdylmagynyň Magtymguly Pyragynyň arzuwlan berkarar döwletinde dost-doganlygyň dabaralanýandygynyň ýene bir aýdyň nyşanydyr. Dürli ýurtlara we yklymlara wekilçilik edýän meşhur nusgawy şahyrlaryň, dünýä belli akyldarlaryň hormatyna oturdylan ýadygärlikler dost-doganlygy, halklaryň hoşniýetli goňşuçylygyny alamatlandyrýar. Bu ýörelgeleri Magtymguly Pyragy öz öçmez-ýitmez eserlerinde ündäpdir. Bu ýerde Saýat Nowa, Ýanka Kupala, Du Fu, Onore de Balzak, Şota Rustaweli, Iogan Wolfgang fon Gýote, Şandor Petefi, Rabindranat Tagor, Hafyz Şirazy, Dante Aligýeri, Ýasunari Kawabata, Kurmangazy Sagyrbaýuly, Çingiz Aýtmatow, Raja Ali Hajy, Adam Miskewiç, Mihaý Eminesku, Fýodor Dostoýewskiý, Huan Himenes, Saýido Nasafi, Ýunus Emre, Grigoriý Skoworoda, Wilýam Şekspir, Lengston Hýuz, Alyşir Nowaýy ýaly meşhur ýazyjy-şahyrlaryň ýadygärlikleri ýerleşýär. Heýkelleriň her biri inçelik bilen işlenip, olaryň döredijiliginiň aýratynlygyny açyp görkezilýär.
    Türkmen halkynyň beýik ogly, Gündogaryň meşhur akyldary Magtymguly Pyragynyň heýkeli tebigy belentlikde gurlup, ýadygärligiň beýikligi 60 metre, şahyryň “Türkmeniň” goşgusyndan ganatly setirler hem-de Gahryman Arkadagymyzyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly goşgusyndan setirler ýazylan binýadyň beýikligi bolsa 25 metre deňdir. Medeni-seýilgäh toplumynda innowasion tehnologiýalaryň ulanylandygyny bellemek gerek. Häzirki zaman yşyklandyryş enjamlary we lazer şöhleleri arkaly Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi ýagtylandyrylýar hem-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Ynsan kalbynyň öçmejek nury” atly kitabyndan beýik söz ussady baradaky: “Ajaýyp şygyrlary bilen ynsan kalbyny ýagşylyk nuruna bezän türkmeniň akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň mertebesi türkmen halky üçin iň belentde goýulýan mukaddeslikleriň biridir” diýen setirleri baýyrlaryň ýüzünde şöhlelendirlendir.
    “Köňlüm istär, gezsem dünýä älemi” diýip arzuwlan Magtymguly Pyragynyň köňül arzuwlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşýar. Şahyryň köňül kelamy bolan ajaýyp şygyrlary dünýäniň dürli dillerine terjime edilip, äleme ýaň salýar. Ynsanperwerlige, adamkärçilige, watançylyga, dost-doganlyga, päk söýgä gadyr goýýan ähli halklary we ynsanlary biri-birine ýakynlaşdyrýar, dostlaşdyrýar, doganlaşdyrýar.
    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy zamanasynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda halkymyz özüniň ruhy sütünlerine daýanýar. Ol sütünleriň naýbaşysy, umumadamzat ahlak gymmatlygyna özüniň jöwher zehini, dürdäne paýhasy we asal zybany bilen öwüşginiň kuýaşyny saçýan Magtymguly Pyragy şu gün hem halkymyzy geçmişiň töründen öçmejek nury bilen hem çoýup hem ýagtylandyryp dur.
    Biziň bu beýik ynsana bolan guwanjymyz, buýsanjymyz we togabymyz tükenmezdir.

    Dilber HEKIMOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.

    Latest News

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI