987
Korrupsiýa garşy göreşmek boýunça onlaýn maslahat
2023-nji ýylyň 17-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda korrupsiýa garşy göreşmek boýunça onlaýn maslahat geçirildi. Maslahata Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň wekilleri, institutyň mugallymlardyr talyplary gatnaşdylar. Maslahatyň esasy maksady korrupsiýa garşy göreşmek strategiýasyny taýýarlamak we ony durmuşa geçirmek boýunça ÝHHG-nyň öňdebaryjy tejribesi bilen tanyşdyrmakdan ybarat boldy. Maslahatyň dowamynda çykyş eden halkara bilermenler korrupsiýa garşy göreşmek boýunça halkara tejribesiniň esasynda anyk mysallara ýüzlenip, Türkmenistanyň bu ugurda alyp barýan işlerine aýratyn üns berdiler.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe korrupsiýa garşy göreşmek, korrupsiýa bilen bagly hukuk bozulmalaryny duýdurmak, ýüze çykarmak, olaryň öňüni almak we üstüni açmak barada çäreler giňden alnyp barylýar. Bu ugurda dünýä tejribesine laýyk gelýän işler amala aşyrylýar. Häzirki wagtda Türkmenistanda hem korrupsiýany hemmetaraplaýyn aýyrmak, korrupsiýasyz aýdyň durmuş howpsuzlygyny goramak barada birnäçe işler alnyp barylýar. Korrupsiýany ýok etmek, geljekki nesillere korrupsiýasyz durmuş döretmek barada maslahatlar, wagyz-nesihat çäreleri hem geçirilýär. Maslahatyň dowamynda bular barada aýratyn nygtaldy.
Durdymyrat ŞYHMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultediniň
I ýyl talyby.