Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
    • International cooperation
      • Meetings
        • BOOK AWARD CEREMONY BY THE NIPPON FOUNDATION
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
        • A training session on the Sustainable Development Goals was held
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / Articles / Kämillik. Bitewülik. Döwletlilik (Ýaş žurnalistiň sözi)
    Kämillik. Bitewülik. Döwletlilik (Ýaş žurnalistiň sözi) surady
    07/10/2023

    1054

    Kämillik. Bitewülik. Döwletlilik (Ýaş žurnalistiň sözi)

    «Güýz — bu kämilligiň alamatydyr». Güýzüň ilkinji gününde — 1-nji sentýabrda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagy ýaşlar üçin kämillik hakynda edilen kämil söhbet boldy. Gahryman Arkadagymyzyň umumy sapagy ýaşlar üçin durmuş akademiýasydyr. Magtymguly atamyzyň: «Alymlar ýanynda söhbet ýagşydyr» diýşi ýaly, Alym Arkadagymyzyň umumy sapagyna gatnaşyp, watançylygyň, döwletliligiň kämil beýanyny diňlemek uly nesibe.
    * * *
    «Geçmiş — şu günüň binýady, şu gün — geljegiň sudury» diýilýär. Gahryman Arkadagymyzyň umumy sapagynyň dowamynda döwletimiziň, halkymyzyň geçmişi, şu güni, geljegi hakynda söhbet etmegi özboluşly mana eýe. Çünki halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş pelsepesinde heňňamlaryň arabaglanyşygyna aýratyn orun degişli. Diýlişi ýaly, kaýdan gelip, nirä barýanyny bilýän adam ýoluny ýitirmez. Gahryman Arkadagymyz umumy sapagynyň barşynda biz — ýaşlara aslymyzyň kimdigini aýdyp, geljekde hem nähili bolmalydygymyzy öwran-öwran nygtady. Milli Liderimiziň bize beren öwüt-ündewleri ömrümiziň hemrasy bolar. Ol wesýetler ýandepderçelerimize däl-de, ýüreklerimize ýazyldy. Ýürekden çykan söz ýürege barýar ahyry...
    * * *
    Şol gün säher bilen ýaşlaryň şäherine tarap ýola düşenimizde, ýanymda oturan ýoldaşlarymyň biri uzap ýatan Köpetdagy synlap: «Daglar uzakdanam beýik görünýär» diýeni ýadymda. Hawa, daglara beýiklik mahsus. Ýakyndan synlasaňam, daşdan nazar salsaňam, olar öz beýikligini saklaýar. Megerem, uly zatlaryň daglara deňelýäni hem şonuň üçindir. Gahryman Arkadagymyzyň hem halkymyzyň eşreti üçin durmuşa geçirýän döwletli işlerinde daglaryň beýikligi bar. Ol işler misli daglar deýin häzirki döwür üçin hem, geljekki nesiller üçin hem öz ähmiýetini, beýikligini barha artdyrar gider. «Beýgelden beýgeler eken».
    * * *
    Sözüniň başyny: «Salamdan» başlap, ahyryny: «Sag boluň!», «Aman boluň!» diýen jümleler bilen jemleýän türkmen halky üçin parahatçylykdan, sag-salamatlylykdan gaýry baýlyk ýok. Hut şonuň üçin hem türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz umumy sapagynda: «Parahatçylyk dünýädäki iň uly gymmatlykdyr. Türkmen halky adamzat taryhynyň ähli döwürlerinde-de parahatçylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarly bolan halkdyr» diýip, buýsanç bilen belledi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyz bu günki gün özüniň ynsanperwer daşary syýasaty bilen dünýäde giňden tanalýar. Hormatly Prezidentimiziň diňe bir türkmen halkymyz üçin däl, eýsem, dünýä halklarynyň abadançylygy ugrunda durmuşa geçirýän ägirt uly işleri Ýer ýüzünde gyzgyn goldawa eýedir. «Ykballynyň ugran işi oň görner».
    * * *
    Milli Liderimiz umumy sapagynyň dowamynda geljekde ilhalar adamlar bolup ýetişmeklik üçin ynsana gerek bolan terbiýäniň on iki görnüşini aýratyn nygtap geçdi. Ol terbiýeler Watandan başlap tebigata bolan söýgä çenli garaýyşlaryň, düşünjeleriň toplumlaýyn binýadydyr. Asylam, ynsan ýaşaýşynda on ikilik bitewüligi aňladýar. On iki süňňüň abatlygy, gündiziň hem-de gijäniň hersiniň on iki sagatdan ybarat bolmagy, on iki aýyň jemlenip bir ýyly, on iki ýylyň jemlenip bir müçäni kemala getirmegi... Gahryman Arkadagymyzyň öňe sürýän on iki terbiýesini özleşdiren ynsanyň durmuşda islendik myradyna ýetjekdigi aýdyň hakykat. «Yhlas bilen bir kämile gol beren, // Ýeter maksadyna ýetmeýen galmaz».
    * * *
    Sözler bir-biriniň manysyny açýar. «Halka» sözi «Halk» sözüne ýakyn. Bu ýakynlyk olaryň gurluşynda hem, manysynda-da gowy duýulýar. Bu gün türkmen halky bir Başyň, bir pikiriň, bir pelsepäniň daşyna halka bolup, müň mertebe beýgeldi. Bu işde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň uly tagallasy bar. Adaty adamlar özüni, beýik ynsanlar halkyny beýgeldýän tutumlaryň başynda bolýar. Biz muňa Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde, hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirdik.
    * * *
    Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň barşynda Mejlisiň Karary bilen hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň iň ýokary tapawutlandyryş derejesini — «Altyn Aý» altyn nyşanyny gowşurmak bilen Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent at dakyldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy mynasybetli Gutlagynda şeýle sözler bar: «Asyrma-asyr aşyp gelýän asylly ýol-ýörelgelerimize laýyklykda, halkymyzda «Peder pendi paýhasdyr» diýilýär. Şoňa görä-de, Kyblamyzyň nygtaýşy, wesýet edişi ýaly, halkyňy söý! Halkyňy gora! Halkyňy syla! Eger-de gerek bolsa, halkyň üçin janyňy hem aýama!». Iň uly ykrar — halkyň göwnünde ornamak. «Halka gulluk — Haka gulluk» diýilmeýärmi näme?! Ähli zatlaryňam göwünden başlanýandygy hak. Ynam, ykrar kalbyň beýiklik ölçeg birligidir. Halkymyzyň hormatly Prezidentimize bolan ynamy beýik. Şonuň üçin hem halkymyz Arkadagly Serdarymyza Gahryman adyny berdi. Iň uly gahrymanlyk hem il-günüň ynamyna girmek, ony ödemek. Bu işde hem hormatly Prezidentimiz aňrybaş göreldedir. Şol sebäpli hem Arkadagly Serdarymyz Gahrymandyr!

    Gurbansähet GURBANSÄHEDOW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby, «Nesil».

    Latest News

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI