30/05/2024
455
Iň oňat, iň ajaýyp zatlar – çagalara
Adatça, “Iň oňat, iň ajaýyp zatlar – çagalara” diýilýär. Her bir ynsan öz perzendine diňe gowy zatlaryň ýar bolmagyny arzuw edýär. Onuň okamagy, bilim almagy, göwnejaý dynç almagy, saglygy ugrunda yzygiderli alada edýär. Çagalyk şahsyýetiň başlangyç tapgyrydyr. Bu iň möhüm döwür, sebäbi çagalyk adamyň erkinligi sebäpli adamyň garaýşynyň ösmegine täsir edip biler. Şonuň üçin, durmuşyň bu döwründe sagdyn çagalyk üçin has köp alada we terbiýe berilmelidir. Ene-atalaryň jogapkärçiligi, çagalaryň beden saglygy, çagalary goramak. Çagalar raýat hökmünde mümkinçiliklerine ýetilen howpsuz gurşawda ösmek üçin deň hukuklara mynasyp, emma olar çaga bolansoň, öz hukuklary we zerurlyklary üçin gürläp bilmeýärler, olar üçin gerek bolan syýasaty düzmäge gatnaşyp bilmeýärler. Şonuň üçin hem, çagalaryň hukuklaryny kepillendirmek we syýasaty dogry durmuşa geçirmek dünýä halklarynyň arasynda möhüm mesele hökmünde çykyş edýär.
Dünýä halklarynyň BMG-niň Tertipnamasynda adamyň esasy hukuklaryna, mertebesine şahsyň gymmatlygyna bolan ynamyny ýene bir ýola tassyklamagyny hem-de durmuş taýdan ösüşe we erkinligiň giňliginde durmuş şertlerini gowulandyrmaga ýardam etmäge taýýarlygyny nazara almak bilen, BMG-niň Adam hukuklarynyň Ählumumy Jarnamasynda her bir adamyň milletine, teniniň reňkine, jynsyna, diline, dine garaýşyna, syýasy we beýleki ynam-ygtykatlaryna, milli ýa-da durmuş taýdan gelip çykyşyna, emläk ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine ýa-da beýlekilere garamazdan, jarnamada görkezilen ähli hukuklara we azatlyklara eýe bolmalydygy barada jar etmegini şeýle hem, beden we ruhy taýdan kemala gelmedik çaganyň ýörite goraglylyga we alada, şol sanda dogulmanka we doglandan soň degişli hukuk taýdan goraglylyga mätäçligini we beýlekileri berjaý etmeklik bu günki günde öňe sürülýän esasy meseleleriň biri bolup durýar.
Çagalar bilen bagly halkara hukuk resminamalaryň biri bolsa “Çaganyň hukuklary hakyndaky” Konwensiýadyr. Bu Konwensiýa 1989-njy ýylyň 20-nji noýabrynda kabul edilip, 1994-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan ykrar edilen halkara hukuk resminamalarynyň biridir.
Ýurdumyz tarapyndan kabul edilen “Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda” Türkmenistanyň Kanuny esasan hem, çaganyň hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagy çygryndaky döwlet syýasatynyň hukuk, durmuş, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär, çaganyň özbaşdak şahsyýet hökmündäki hukuk derejesini takyklaýar we onuň hemmetaraplaýyn ösmeginiň üpjün edilmegine, onda belent ahlak sypatlarynyň terbiýelenmegine, onuň taryhy we milli däp-dessurlar, umumadamzat ruhy-ahlak, medeni we durmuş gymmatlyklary we jemgyýetde kabul edilen ahlak ýörelgeleri, düzgünleri we kadalary, jemgyýetçilik we döwlet bähbitlerine hormat goýmagy esasynda watansöýüjilik we raýatlyk ruhunda terbiýelenmegine gönükdirilendir.
Bu ugurda dünýä döwletleri bilen bir hatarda Türkmenistan döwletimiz hem BMG bilen netijeli hyzmatdaşlyk edip, döwletimiz özüniň çagalara we çagalaryň hukuklary babatda alyp barýan syýasatyny we mümkinçiliklerini doly derejede dünýä bileleşiginiň ähli agzalary bilen bilelikde netijeli arkalaşyk etmek ýoly bilen alyp barýar. Türkmenistanyň bu ugurda alyp barýan işleriniň esasy bölegi hem 1994-nji ýyldan bäri ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasy Türkmenistanyň Hökümeti bilen bilelikde iş alyp barýandygy we ÝUNISEF bu hyzmatdaşlygyň çäklerinde döwletimizde “Çaganyň hukuklary hakyndaky” Konwensiýa we “Maýyplygy bolan adamlaryň hukuklary hakyndaky” Konwensiýa laýyklykda, çagalaryň hukuklaryny berjaý etmek boýunça üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge ýardam berýär we bularyň ýurduň ösüşinde oňyn netije berýändigini aýdyň görkezýär.
Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleriniň Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde, ýaş nesliň durmuş goraglylygynyň, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygyny dikeltmegiň toplumlaýyn ulgamy kemala geldi. Munuň özi ýaşlaryň saglygyny goramak babatda döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň düzgünlerine laýyklykda, hormatly Prezidentimiziň Karary bilen, “Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy” tassyklanyldy. Ýurdumyzda çagalygy goramak, maşgalany goldamak, ýaş nesliň beden, aň hem-de ruhy ösüşini üpjün etmek meselelerine örän jogapkärli, toplumlaýyn esasda çemeleşilýär. Gaznanyň işiniň ähli ugurlaryny ilat arasynda, şol bir wagtyň özünde, halkara giňişlikde wagyz etmek işi hem wajypdyr.
Döwletimiz geljekde-de ýurdumyzyň kanunçylygyna laýyklykda, çagalary durmuş taýdan goldamak babatda beýleki köp sanly çäreleri işläp taýýarlamagy maksat edinýär. Çünki, çagalaryň bagtyýarlygy Watanymyzyň buýsanjydyr. Biziň amala aşyrýan her bir işimiz, belent tutumlarymyz köňüllerimiziň guwanjy bolan şadyýan çagalarymyzyň bagtly geljegine gönükdirilendir.
Türkmenistan bütin dünýäde bagtly çagalygyň, çagalaryň iň arzyly islegleriniň hasyl bolýan ýurdy hökmünde tanalýar. Dünýä ýurtlary Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işine berýän ýokary bahasy döwletimiziň ynsanperwer syýasatynyň üstünliklere beslenýändigini görkezýär. Ýurdumyzyň halkara derejedäki şeýle abraý-mertebesiniň sakasynda bolsa, adam hakynda edilýän aladalar, çagalary goramak babatda alnyp barylýan oňyn döwlet syýasaty dur. Döwletimiziň howandarlyga mätäç çagalara berýän hemmetaraplaýyn kömek-goldawy çaganyň bähbitlerine gönükdirilýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat Gaznasy paýtagtyň we welaýatlaryň hassahanalarynda howandarlyga mätäç çagalar üçin zerur bolan hirurgiki we beýleki amallary geçirmek üçin serişdeleri yzygiderli bölüp berýär. Şeýle hem, gaznada çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde we internatlarda önüp-ösen ýaş türkmen raýatlary üçin bejergini we degişli lukmançylyk enjamlaryny satyn almagy maliýeleşdirýär.
Dürli BALLYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy kafedrasynyň uly mugallymy.
Latest News
16/10/2024
Всемирный день продовольствия09/10/2024
9-njy OKTÝABR — BÜTINDÜNÝÄ POÇTA GÜNI05/10/2024
BÜTINDÜNÝÄ MUGALLYMLAR GÜNI