24/03/2026
42
HUSUSY PUDAGYŇ GUWANDYRYJY ÜSTÜNLIKLERI
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň 18 ýyllygy mynasybetli sergide aýdyň şöhlelenýär.
Mälim bolşy ýaly, şu ýyl hususy işewürleriň 30 müňe golaýyny hataryna birleşdirýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň esaslandyrylmagyna 18 ýyl dolýar. Şunuň bilen baglylykda, 2026-njy ýylyň 17 ― 19-njy martynda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda guralan sergide hususy ulgamda ýetilen belent sepgitler aýdyň şöhlelendi.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde guralan giň gerimli sergide kompaniýalaryň, hususy kärhanalaryň we önüm öndürijileriň ençemesi öz diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdy. Şolaryň arasynda sergä ilkinji gezek gatnaşýanlar hem bar. Sergide hususy düzümler öz tejribelerini hem-de mümkinçiliklerini görkezýärler.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döwrümiziň belent maksatlaryna ýetmekde, döwletiň ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde uly işleri alyp barýar. Geçen 18 ýylyň dowamynda birleşmäniň agzalarynyň sanynyň ep-esli artmagy, hususy başlangyçlaryň rowaçlanmagy, telekeçileriň alyp barýan işleriniň geriminiň has-da giňemegi bu ugurdaky syýasatyň ajaýyp miweleridir. Şoňa görä-de, şu gezekki gözden geçirilişe milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda iş alyp barýan hususy kärhanalaryň ýüzlerçesi gatnaşýar.
Türkmenistan häzirki döwürde ýokary hilli önümleri öndürmek, bäsdeşlige ukyply hyzmatlary hödürlemek babatda ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolan ýurt hökmünde tanalýar. «Türkmenistanda öndürildi» diýen haryt nyşany dünýäniň söwda giňişliginde ýurdumyzyň abraýyny artdyrýan möhüm guraldyr. Bu nyşan diňe bir harydyň gelip çykan ýerini görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, hiliň, milli önüm öndürijileriň ygtybarlylygynyň hakyky görkezijisine hem öwrüldi. Bu başlangyjyň öz wagtynda oýlanyşykly öňe sürlendigi ýetilen strategik sepgitler arkaly subut edildi. Şol üstünlikler Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň öndürýän önümlerine-de degişlidir.
Işewürligi kämilleşdirmegiň hasabyna ykdysadyýetde hususy pudagyň paýyny artdyrmak babatda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň netijesinde önümçiligiň täze görnüşleri döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, şu gezekki gözden geçirilişde halkyň sarp edýän harytlarynyň öndürilişini artdyrmakda adygan hususy kärhanalaryň mümkinçilikleri-de görkezildi. Şolaryň hatarynda «Derýaplastik», «Ak bulut» ýaly hususy kärhanalar öz öndürýän önümleri bilen myhmanlaryň ünsüni çekse, «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti telewizorlaryň, kompýuterleriň, yşyklandyryş ulgamlarynyň we beýleki elektron tehnikalaryň täze nusgalary bilen tanyşdyrýar. Oba hojalyk pudagyna bagyşlanan bölümlerde «Nurly meýdan», «Sahabatly» ýaly iri kärhanalar guşçulyk we maldarçylyk önümleri bilen tanyşdyrýarlar. Süýji-köke önümlerini öndürijileriň hatarynda bolsa «Hasar», «Misgär» ýaly kärhanalaryň diwarlyklary aýratyn tapawutlanýar.
Telekeçilik we döredijilik başlangyçlaryny goldamak arkaly milli amaly-haşam sungatynyň täsin ýörelgelerini gorap saklamak barha giň gerime eýe bolýan milli işewürligiň wezipesi bolmagynda galýar. Şoňa görä-de, sergide telekeçiler, halk senetçileri, ýaş dizaýnerler tarapyndan ýüpekden we ýüňden taýýarlanylan owadan gölli ajaýyp halylar, tebigatyň täsin görnüşleri şekillendirilen bezeg palaslary, häzirki zaman haly, bezeg we keşdeçilik önümleri, matalar, şaý-sepler, keramiki önümler, sowgatlyk harytlar görkezildi.
Sergi bilen tanyşlygyň dowamynda myhmanlar gözden geçirilişiň ýokary guramaçylyk derejesini, öz diwarlyklary bilen tanyşdyrýan işgärleriň ýokary hünär derejesini belleýärler. Her bir ekspozisiýa öz ykbalyny telekeçiligi ösdürmek bilen baglan adamlaryň tutanýerli zähmetiniň we zehininiň netijesidir. Şu gezekki sergi döwlet Baştutanymyzyň parasatly syýasatynyň we hususy başlangyçlara berýän hemmetaraplaýyn goldawynyň aýdyň netijesidir.
Jemläp aýdanyňda, şu gezekki gözden geçirilişde ýaýbaňlandyrylan diwarlyklar we olarda görkezilýän önümler ýurdumyzyň hususy böleginiň döwlet goldawyndan netijeli peýdalanyp, berkarar Watanymyzyň ykdysadyýetiniň hereketlendiriji güýjüne öwrülendigine doly şaýatlyk edýär. Bu bolsa ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ajaýyp üstünliklere eýe bolýan hususy pudagynda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeleriň aýdyň beýanydyr.
Wepamyrat HOJAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.