Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
    • International cooperation
      • Meetings
        • BOOK AWARD CEREMONY BY THE NIPPON FOUNDATION
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
        • A training session on the Sustainable Development Goals was held
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / Articles / Hünäre baglanan ykbal
    Hünäre baglanan ykbal surady
    17/02/2024

    1773

    Hünäre baglanan ykbal

    Taryhyň we durmuşyň görkezişi ýaly, islendik döwletiň ýagdaýy, kähalatlarda bolsa onuň taryhy ykbaly hem köp derejede daşarky işiň alnyp barlyşy, diplomatik ussatlygyň derejesi bilen bagly bolýar. Dünýäde syýasy ýagdaýlaryň çylşyrymlaşmagy sungat derejesine çykan diplomatiýanyň, dialogyň ornuny has-da berkitdi. Diýmek, diplomatiýa ylalaşmagyň sungaty bolsa, diplomatlar parahatçylygy dabaralandyryjylardyr. Ýurdumyzda her ýyl bellenilýän Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň dosenti, Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Fransiýa, Italiýa, Hindistan ýaly döwletlerde ýurdumyzyň adyndan ençeme ýyllap wekilçilik eden halypa diplomat, tehniki ylymlaryň kandidaty, uly mugallym Çary Nyýazow bilen taýýarlan söhbetdeşligimizi okyjylarymyza ýetirýäris.
    — Çary mugallym, ilki bilen, sizi hünär baýramyňyz — Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýarys!
    — Sag boluň! 2009-njy ýylda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen hünär baýramymyzyň döredilmegi türkmen diplomatlarynyň jogapkärçiligini has-da artdyrdy. Ata Watanymyza, hormatly Prezidentimize ak ýürekden, wepaly gulluk etmek biz — diplomatlaryň baş maksady bolmalydyr.
    — Milli diplomatiýamyzyň geçen ýyldaky üstünliklerine gysgaça syn beräýseňiz?!
    — 2023-nji ýyl ýurdumyzyň daşary syýasatynda hem uly üstünliklere beslendi. Halkara gatnaşyklaryň gerimi giňäp, mazmuny baýlaşdy. Diňe geçen ýylyň özünde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça dört sany Kararnama Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda biragyzdan kabul edildi. Şeýle hem biziň ýurdumyz dört sany dürli halkara guramanyň düzümine saýlanyldy. ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde ençeme işler ýerine ýetirildi. Geçen ýylda döwlet Baştutanymyzyň Permany bilen kärdeşlerimize, şol sanda maňa hem «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany gowşuryldy. Bu belent dereje biziň zähmetimize berlen ýokary bahadyr.
    — Hormatly ilçi, bu günki gün ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasy dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa mynasyp bolýar. Bu ugurda türkmen diplomatlarynyň goşandy hakynda näme aýdyp bilersiňiz?!
    — Türkmenistan özüniň üstünlikli durmuşa geçirýän daşary syýasatynda «Ösüş arkaly parahatçylyk» ýörelgesini, «Dialog — parahatçylygyň kepili» diýen filosofiýany öňe sürýär. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen gyzgyn goldaw tapan bu ýörelgelere ygrarly diplomat, ozaly bilen, ýurduň bähbitlerini goramaly, dünýä ýurtlary, abraýly halkara guramalar bilen ýola goýlan özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga çalyşmaly. Şunuň bilen baglylykda, diplomatiýanyň inçe tilsimlerinden oňat baş çykarmak hem-de tejribe diplomat üçin örän zerurdyr. Bu babatda diplomatik gulluklarda kämil tejribe toplan hormatly Prezidentimiziň hut özi bize nusgalyk görelde mekdebi bolup durýar.
    — Diplomatda nähili häsiýetler bolmaly?
    — Diplomatiýa — inçe sungat. Diplomatiýa medeniýete daýanýar. Diýmek, diplomatyň, ilkinji nobatda, söz baýlygy artyk, bilimden ýüki ýetik bolmaly. Söhbetdeşi dymýan bolsa, diplomat şoňa-da düşünmeli. Adam dymmaklyk arkaly hem köp zat hakda «aýdyp» bilýär. Diplomat güýçli syýasatçy, psiholog, pedagog, şeýle hem maksada okgunly, islendik ýagdaýdan baş alyp çykyp bilýän ugurtapyjy, jogapkärli, daşky görnüşinden özüniň maksadyny aňladyp biljek derejede ýokary medeniýetli bolmaly. Aslynda, türkmen halkynyň häsiýetinde, ýol-ýörelgelerinde diplomatlar üçin zerur bolan sypatlar sanardan köp.
    — Çary Geldiýewiç, diplomat üçin dil bilmek zerurlygy nähili?
    — Dil bilmek — ilkinji zerurlyk. Dil bilmeýän diplomat suwda ýüzüp bilmeýän gaýykça çalymdaş. Işe goýlan döwletiniň dilinde öz pikirini aýdyp bilýän ilçiniň eýýäm elli göterim üstünlik gazandygydyr. Şeýle bolanda, ol şol döwletiň halkynyň ynamyny, söýgüsini hem gazanyp biler. Özüm iňlis, rus, fransuz dillerini bilýärin. Halkaraçy talyplaryň hem, ilkinji nobatda, daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmekligi, dünýä meşhur ýazyjy-şahyrlaryň eserlerini öz ýazylan dilinde has köp okamaklary zerurdyr.
    — Ýaş diplomatlara berjek maslahatlaryňyz?
    — Halkymyzda ajaýyp nakyl bar: «Ilim-günüm bolmasa, Aýym-Günüm dogmasyn». Bu meniň şygarym. Gahryman Arkadagymyz: «Ynamdyr dünýäň diregi» diýýär. Döwlet diplomatlara öz geljegini ynanýar. Halkaraçy hünärmenlere bildirilýän ynama zähmetiň, ýol-ýörelgäň bilen mynasyp jogap bermelidigini aýdasym gelýär. Esasy zat — iň oňat häsiýetleriňi, tejribäňi Watanyňa bagyş etmeli.
    — Çary mugallym, beren gyzykly gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň! Maslahatlaryňyzyň ýaş halkaraçy hünärmenler üçin geljekde diplomatik çelgi boljakdygyna tüýs ýürekden ynanýarys. Goý, Watana hyzmat etmek bagty size uzak-uzak ýyllar miýesser etsin!
    — Sag boluň!

    Taýýarlan Atamyrat ÝAZWELIÝEW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby, «Nesil».

    Latest News

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI