10/12/2025
32
Hoşniýetli ýörelgeleriň beýany
Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary geçirilýär
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyz diňe bir ýurdumyzyň parahatçylykly ösüşini kesgitlemän, eýsem, tutuş sebitde durnuklylyga, hyzmatdaşlyga hem ýardam berýän özboluşly ýörelgedir. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda türkmen Bitaraplygynyň dünýä derejesinde ykrar edilmeginiň şanly 30 ýyllygy giňden bellenilýär. Bu baýramyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýiti zehininden dörän «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň çap edilmegi halkymyza ajaýyp sowgatdyr. Şu günlerde bu neşiriň tanyşdyrylyş dabaralary giň gerime eýe bolýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze kitabynyň ilkinji tanyşdyrylyş dabarasy 7-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirildi. Dabara gatnaşyjylar, ilki bilen, ýokary okuw mekdebiniň foýesinde ýaýbaňlandyrylan sergi bilen tanyşdylar. Halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik ýörelgelerini, hemişelik Bitaraplygymyzyň ähmiýetini wagyz edýän amaly-haşam sungatynyň gymmatlyklary dabara gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.
Institutyň talyplarynyň ýerine ýetiren «Bitaraplyk — biziň baky bagtymyz» atly edebi-sazly kompozisiýasy hormatly Prezidentimiziň täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasynyň özboluşly badalgasy boldy. Dabarada çykyş edenler täze kitabyň hemişelik Bitaraplygymyzyň gadyr-gymmatyny giňden açyp görkezýändigini, bu eseriň ýaş nesiller, şol sanda geljekki halkaraçy hünärmenler üçin ylmy-edebi gollanma boljakdygyny buýsanç bilen bellediler.
Döwlet Baştutanymyzyň täze kitaby 9 bölümden ybarat bolup, onda türkmen Bitaraplygynyň geçen ýoly, ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilen Bitaraplyk hukuk derejesiniň dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti giňden beýan edilýär. Kitap ýokary çaphana usulynda neşir edilip, üç dilde — türkmen, iňlis we rus dillerinde giň halk köpçüligine ýetirildi.
Täze eserde: «Parahatçylyk türkmen halkynyň diňe bir saýlap alan ýörelgesi däl, eýsem, müňýyllyklardan bäri kemala gelen ýaşaýyş pelsepesidir» diýlip bellenilýär. Şunuň bilen baglylykda, dabarada edilen çykyşlarda bu ajaýyp kitabyň parahatçylyk söýüjilige ýugrulan hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerimizi, milli diplomatiýamyzyň köklerini öwrenmekde gymmatly çeşme bolup hyzmat etjekdigi, şoňa görä-de, eseriň dünýä jemgyýetçiliginiň ylmy hazynasyndan orun aljakdygy aýratyn nygtaldy.
Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy Aşgabat şäher häkimliginde hem geçirildi. Dabara gatnaşyjylar Bitaraplyk syýasatymyzyň ylmy-edebi jähetlerini giňden beýan edýän täze kitabyň çapdan çykmagy mynasybetli Gahryman Arkadagymyzy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzy gutlap, bu ajaýyp baýramçylyk sowgady üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.
Atamyrat ÝAZWELIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby,
«Nesil».
Çeşme:«Nesil» gazeti,09.12.2025ý.// https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/7/articles/218203