30/11/-0001
1489
Hoş geldiň, talyplyk!
«Buşluk, kaka, talyp boldum!». Bu meniň talyp bolanymdan soňky ilkinji sözlerimdi. Şeýle hoş habara ençeme ýyllap garaşan kakam şeýle bir begenmek begendi, heý, goýaý! Size-de buşladygym bolsun. «Ykbal garaşdyrýan bolsa, bezeýändir» diýen sözler göwnüme bolmasa, meniň üçin aýdylan ýaly. Talyp bolup ýakynlarymdan ilkinji eşidenim «Garaşanyňa degen arzyly okuwyňa girdiň» diýen sözler boldy. Hawa, men indi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy hünäriniň talyby.
Maksada sabyrdyr tutanýerlilik bilen ýetilýär. Dogrusy, talyplyga çenli geçen ýyllarda, sabyr-takada gol bermeli boldy. Şowsuzlyklar üçin yza dönmedim. Şahyr aýtmyşlaýyn:
Munda käte şowsuz diýen pursatlaň
Soň nur bolup ýagyberýär başyňdan.
Maňa 2019-njy ýylda Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi, 2022-nji ýylda bolsa Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşigiň ýeňijisi bolup, Arkadagly Serdarymyzyň Şa serpaýyna mynasyp bolmak bagty miýesser etdi.
Mekdep ýyllaryndan bäri kalba beslän iň uly arzuwlarymyň biri žurnalist diýen hünäri ele alyp, gazet redaksiýasynda zähmet çekmekdi. Öňde-de bir akyldaryň «Arzuwlar adamyň nämä ukyplydygy baradaky Hudaýtarapyn duýduryşlardyr» diýşi ýaly, yhlas etseň uşalmajak arzuw ýok eken. Men 2019-njy ýyldan bäri Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Biznes reklama» gazetinde zähmet çekip gelýärin. Bu gün bolsa bu ugurdan ylym-bilim berýän ýokary okuw mekdebiniň talyby bolmagym, ykbalymyň maňa eçilen uly serpaýydyr.
Biz — ýaşlara döwrebap ýokary okuw mekdeplerinde bilim alyp, kämil hünärmenler bolup ýetişmegimiz üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara ýar bolsun!
- Jahantäç ÖWEZOWA,
- Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
- Halkara gatnaşyklary institutynyň
- Halkara žurnalistikasy hünäriniň I ýyl talyby.
Bu barada şu ýerde hem okap bilersiňiz:
Latest News
21/08/2026
Halkara hukuk: umumy giňişlik, bitewi dünýä
20/08/2026
Dünýäniň nazary ahalteke bedewinde!
14/08/2026
HAZARYŇ DOSTLUK MUKAMY DÜNÝÄ ÝAŇ SALÝAR