17/07/2023
907
Hiç haçan ýeke dolandyrmaň
Keýt Ferrassiniň Noel Ueýriçiň gatnaşmagynda neşir eden «Hiç haçan ýeke dolandyrmaň hem-de döwrebap liderligiň beýleki düzgünleri» atly kitaby islendik ýolbaşçy üçin iş dolandyrmagyň düýpgöter başga dünýäsini açyp görkezýär. Bu dünýäde buýruklara orun ýok! Çünki hökümsiz (wezipe ygtyýarlygyna daýanmazdan) iş dolandyryş XXI asyryň esasy guramaçylyk usulyna (modeline) öwrüldi diýip, ynam bilen aýtsa bolar. Emma iş dolandyryjylaryň köpüsi üçin bu usuly ygtybarly hem-de ýokary netijeli ulanmagyň syry henizem pynhanlygyna galýar.
Döwür üýtgeýär, täze talaplar orta çykýar. Indi, görüp otursak, edaradyr kärhanalarda bir mahalky buýruk bilen iş dolandyryş usuly öz möwritini ýitirip barýar. Bu usul döwrebap dünýäde netijeli iş dolandyrmaga ýaramaz täsir edýär. Häzirki wagtda kärhanalaryň ýolbaşçylary işgärleriniň hödürlenýän mümkinçilikleri işjeň ulanmaklarynyň, öz başlangyçlary bilen çykyş edip, olaryň kompaniýa üçin haýsy-da bolsa bir gymmatlyk döretmekleriniň tarapdary.
«Hiç haçan ýeke dolandyrmaň hem-de döwrebap liderligiň beýleki düzgünleri» atly kitap işdäki özara hyzmatdaşlygy täzeden gözden geçirmek üçin özünde jikme-jik görkezmeleri saklaýan gollanmadyr. Kitabyň üsti bilen, siz bilelikdäki ösüşiň güýjüne, minnetdarlyk bildirmegiň, ýeri gelende öwmegiň we ýetilen üstünligi bellemegiň wajyplygyna täzeden göz ýetirersiňiz.
Bu neşirde özüniň owalky kitabynda beýan edişi ýaly («Hiç haçan ýeke naharlanmaň»), Keýt Ferrassi birnäçe amaly maslahatlaryny, strategiýalaryny we ideýalaryny beýan edýär. Ahmal, berilýän maslahatlary ähli ýagdaýlarda ulanybam bolmaz, olar hemmeleriň göwnündenem turmaz. Hut şonuň üçin hem, kitapdaky tekliplere hökmany ýerine ýetirmeli zat hökmünde däl-de, peýdaly ideýalaryň toplumy hökmünde seretmek dogry hasaplanylýar. Siz eserde beýan edilen tejribä daýanýan maslahatlaryň üsti bilen, özüňizdäki tabynlyk esasynda hökümli dolandyryşa gaýdyp gelmek synanyşygyna garşy durmagy öwrenersiňiz. Diňe bilelikde gazanyp boljak maksatlara ýetmek üçin beýlekiler bilen ýakyndan iş alyp barmagy endik edinersiňiz.
Awtordan
Ozalam belleýşim ýaly, oýnuň öňki düzgünleri indi öz güýjüni ýitirdi. Şonda-da men her gün diýen ýaly adamlaryň olara bolmanda barmak ujy bilen asylyşyp galmak isleýändiklerini görýärin. Näme üçin?! Sebäbi olarda biziň oýnap başlan täze oýnumyzyň düzgünleri ýok. Ellerinde oýny dogry oýnamagy ugrukduryjy görkezmeleri ýok. Indi bu zatlaryň bary düýpgöter üýtgär.
Bu kitap zähmet bazarynda täze düzgünleri ulgamlaşdyrmak boýunça edilen ilkinji synanyşykdyr. Eser okyjylara iş ýerinde resmi ygtyýarsyz adamlaryň liderligi möhüm başarnyk hasaplanýan dünýäde üstünlik gazanmak üçin doly, bitewi we subut edilen usulyýeti hödürleýär. Kitapda teklip edýän çözgütlerim sizden täsirsiz liderlik konsepsiýasyna täzeçe düşünmegiňizi we iş ýerdäki täze operasion ulgamy şol pikire uýgunlaşdyrmagyňyzy talap eder. Men oňa gysgaça «bilelikdäki beýiklik» diýip at berdim.
Bu kitap üçin geçiren gözleglerimiň çäginde zähmet ýolumda tanyşmak bagtyna eýe bolan ýüzden gowrak CEO we beýleki ýokary derejeli iş dolandyryjylar bilen söhbetdeş boldum. Siziň bilen etjek gürrüňimiziň dowamynda olaryň pikirlerini diňlärsiňiz. Söhbedimiziň barşynda olar peýdaly maslahatlar bererler we siziň bilen işiň täze düzgünlerini iş ýüzünde ulanmak babatda tejribelerini paýlaşarlar.
Awtor hakda kelam agyz
Keýt Ferrassi — dünýäde iň öňdebaryjy networker. Networking bu peýdaly tanyşlar we tanyşlyk toruny döretmek we ösdürmekdir. «Forbes» žurnaly Keýt Ferrassa «Dünýäde iň ökde söhbetdeş adamlaryň biri» diýen ady berdi.
Keýt networkingi sungata öwren adam. Onuň telefon kitabynda dürli ýurtlaryň prezidentleriniň, işewürleriniň, ýyldyzlarynyň we beýleki meşhur adamlarynyň 5000-den gowragynyň telefon belgileri bar. Keýt adamlara her kim bilen ynamly gatnaşyk gurmagy öwredýär. Onuň täze gatnaşyklary gurmak ulgamy dünýäde uly meşhurlyga eýedir.
Keýt Ferrassi dünýäde bestseller bolan «Hiç haçan ýeke naharlanmaň» atly kitabyň awtorydyr. Ol kitaplarynda adamlar bilen özara gatnaşyk gurmagyň, täze tanyşlary gazanmagyň hem-de üstünlige ýetmegiň inçe syrlaryny beýan edýär. Awtoryň «Hiç haçan ýeke dolandyrmaň hem-de döwrebap liderligiň beýleki düzgünleri» atly kitaby hem iş dolandyrmak ulgamynda täze gözýetimleri açýar. Bu kitap ýokary derejeli iş dolandyryjylar, ýolbaşçylar, işewürler hem-de okyjylar köpçüligi üçin niýetlenendir.
Latest News
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI