Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
    • International cooperation
      • Meetings
        • BOOK AWARD CEREMONY BY THE NIPPON FOUNDATION
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
        • A training session on the Sustainable Development Goals was held
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / Articles / Hazar deňzi – dostluk deňzi
    Hazar deňzi – dostluk deňzi
    Hazar deňzi – dostluk deňzi
    14/08/2023

    1843

    Hazar deňzi – dostluk deňzi

    Ýurtda döredilen ekologiki kanunçylyk ulgamy döwlet tebigaty goraýyş syýasatyny netijeli amala aşyrmaga we tebigy serişdeleri netijeli peýdalanmaga gönükdirilendir. Esasy üns Hazar deňziniň türkmen böleginiň deňiz gurşawyny goramaga berilýär.
    Hazar deňziniň döwlet ekologiki strategiýasy we tebigaty goraýyş meselelerini hukuk taýdan sazlaşdyrýan Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň ýörüteleşdirilen gurluş düzüminiň “Hazarekogözegçilik” Hazar ekologiki gullugynyň işgärleri deňiz we kenarýaka suwunyň ýagdaýy boýunça monitoring geçirýärler.
    Türkmenistan halkara ýöriteleşdirilen guramalar bilen ýakyndan hyzmatdaşlykda bar bolan we bolup biläýjek ekologik meseleleri çözmekde öňünden duýdurmagyň täzeçe çemeleşmesini teklip edýär. Ýurdumyz resmi taýdan 2006-njy ýylyň 12-nji awgustynda güýje giren BMG-niň Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça (Tähran konwensiýasy) Çarçuwaly konwensiýasyny ratifisirledi. Hazarýaka ýurtlary bilen bilelikde nebit bilen hapalanma hadysasy bolan ýagdaýynda sebitleýin taýýarlyk görmek, seslenme we hyzmatdaşlyk Protokoly hem-de gury ýerde amala aşyrylýan işleriň netijesinde Hazar deňziniň hapalanmagyny goramak boýunça Protokol kabul edildi. Hazarýaka döwletleriniň wekilleri 2014-nji ýylda Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna biologiki dürliligi saklap galmak boýunça Protokoly kabul etdiler.
    Döwlet tarapyndan alnyp barylýan köp ugurly ekologiýa syýasaty Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramak meselelerinde hazarýaka ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge, Tähran konwensiýasynyň borçnamalaryny ýerine ýetirmäge gönükdirilendir. Sebitiň ýurtlary Hazaryň ajaýyp tebigy gurşawyny we biologiki dürli-dürliligini goramak we saklamak boýunça boýun alan borçnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça ylalaşykly ädimlerini ätmegi dowam etdirýärler.
    1996-njy ýylda Türkmenistanda Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýany işläp taýýarlamak boýunça başlanan taslamanyň tamamlanmagy halkara ähmiýetli taryhy waka öwrüldi. Ondan has ozal Hazar deňziniň täze halkara-hukuk derejesi hakyndaky gepleşikler 1992-nji ýylyň fewral aýynda Tähranda geçirilen Kenarýaka döwletleriň birinji maslahatynda başlandy.
    Soňra bu gepleşikler hemişelik hereket edýän gepleşikler guralynyň — Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde Ýörite iş toparynyň döredilmegine getirdi. Ýörite iş toparyny döretmek baradaky çözgüt Türkmenistanyň paýtagtynda 1996-njy ýylyň noýabr aýynda hazarýaka döwletleriň daşary işler ministrleriniň duşuşygynda kabul edildi. Mundan 22 ýyl ozal Aşgabatda hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň maslahaty geçirildi, şonda bu Konwensiýany taýýarlamak boýunça gepleşikler guralynyň guramaçylyk-hukuk görnüşi Ýörite iş topary görnüşinde hemişelik esasda kesgitlenildi.
    2003-nji ýylda Hazarýaka ýurtlary — Azerbaýjan Respublikasy, Eýran Yslam Respublikasy, Gazagystan Respublikasy, Russiýa Federasiýasy we Türkmenistan Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýa gol çekdiler. Tähran Konwensiýasynyň maksady Hazaryň deňiz gurşawyny ähli çeşmelerden hapalanmakdan goramakdan ybaratdyr. Olar Hazar deňziniň biologiýa serişdelerini gorap saklamagy, gaýtadan dikeltmegi hem-de durnukly we rejeli peýdalanmagy öz içine alýar.
    Hazarýaka döwletleriň ählisi tarapyndan tassyklanandan soňra Tähran konwensiýasy 2006-njy ýylyň 12-nji awgustynda güýje girdi we Hazar deňziniň güni diýlip yglan edildi. Şondan bäri bu sene Türkmenistanda her ýyl bellenilýär, bu sene mynasybetli ýörite çäreler geçirilýär. Biziň ýurdumyz ählumumy ekologiýa meselelerini çözmek, şol sanda Hazaryň täsin ekoulgamyny, onuň tebigy görnüşlerini, örän baý bioköpdürlüligini gorap saklamak boýunça netijeli çäreleri üstünlikli durmuşa geçirýär.

    Umyt ANNAGYLYJOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    halkara hukugy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

    Latest News

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI