
198
Halklaryň dostluk köprüsi
Ýurdumyzyň bitaraplyk syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolan medeni diplomatiýanyň özeninde parahatçylyk, dostluk, özara düşünişmek we ynsanperwerlik düşünjeleri bar. Bu asylly ýörelgeler halklary has-da ýakynlaşdyrýar we dostlaşdyrýar.
Türkmenistanyň medeniýet ulgamyndaky döwlet syýasaty, türkmen jemgyýetiniň ruhy kuwwatyny berkitmäge, aň-bilim derejesini artdyrmaga, medeni-ahlak gymmatlyklaryny we ruhy bitewüligini aýawly saklamaga gönükdirilendir. Medeniýet ulgamynyň gazanan üstünlikleri sungatyň dürli görnüşlerini gaýtadan dikeltmäge we ösdürmäge, şeýle-de giň halkara medeni gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmäge ýardam edýär. Şeýlelikde, dünýäniň dürli ýurtlarynda Türkmenistanyň medeniýet günleri geçirilip, onuň çäklerinde halkymyzyň döreden milli gymmatlyklarynyň we häzirki zaman sungat ussatlarynyň eserleriniň, amaly-haşam sungatyna degişli önümleriň sergisi, giňden ýaýbaňlandyrylýar. Munuň özi dünýäniň dürli ýurtlarynyň halklaryny, milli medeniýetimiz we halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden däp-dessurlary bilen giňden tanyşdyrmaga zerur mümkinçilikleri üpjün edýär.
Ýeri gelende bellesek, medeniýet diplomatiýasy döwletiň daşary syýasatynda dostlugyň pugtalandyrylmagyna, halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hyzmat etmek bilen, bütindünýä medeni siwilizasiýasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Ol adamzadyň ruhy durmuşyndaky oňyn özgertmeleri açyp görkezýär. Şeýlelikde, medeniýet dünýä ýüzünde dostanalygy wagyz edýär. Munuň özi halkara giňişliginde sazlaşygyň üpjün edilmegini şertlendirýär.
Türkmen halkynyň asyrlar boýy gelýän baý medeni mirasyny, gadymy gymmatlyklaryny, milli sungatyny giňden wagyz etmekde, dünýä halklaryny medeniýetde we sungatda gazanylan üstünlikler bilen tanyşdyrmakda halkara derejeli festiwallara möhüm orun degişlidir.
Şu ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygynyň geriminiň ähli ulgamlarda barha giňeldilýändigini aýdyň görkezdi. Şunda medeniýet ulgamy hem möhüm ugurlaryň biri boldy. Mundan başga-da, daşary ýurt diňleýjilerini türkmen medeniýeti bilen tanyşdyrmakda Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky wekilhanalary hem uly orna eýedir. Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky wekilhanalary tarapyndan yzygiderli medeni çäreler gurnalýar. Bu hem Türkmenistanyň medeni diplomatiýasyny öňe sürýändiginiň aýdyň mysaly bolup durýar.
Mälim bolşy ýaly, sebitiň we dünýäniň döwletleri bilen dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek, köptaraply gatnaşyklary giňeltmek, Watanymyzyň halkara abraýyny pugtalandyrmak maksady bilen, ýurdumyz ählumumy ähmiýetli başlangyçlary öňe sürmek arkaly döwlet strategiýasynda medeni diplomatiýanyň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanýar. 2024-nji ýylyň 21-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi ýurdumyzyň halkara giňişlikde parahatçylyk medeniýetini we ynanyşmak dialogyny ilerletmek boýunça yzygiderli tagalla edýändigini aýdyň görkezen waka boldy.
Daşary syýasatda medeniýet ýöne ýere «mahmal diplomatiýa» diýlip atlandyrylmaýar. Medeniýet halklaryň arasynda dostluk köprüsini gurmak üçin kuwwatly serişdedir. Ýurtlar sungatyň, sazyň we däpleriň dili bilen özleri, taryhy we milli gymmatlyklary hakynda gürrüň berýärler. Bu olara gatnaşyklary gowulandyrmaga, ýurtlaryň arasynda ynanyşmagy berkitmäge kömek edýär.
Hormatly Prezidentimiz: «Türkmenistanyň dünýäde ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmaga, ýurtlaryň we halklaryň arasynda hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlary halkara bileleşikde giň goldawa eýe bolýar. Watandaşlarymyzy il-ýurt bähbitli beýik işlere ruhlandyrmakda medeniýet ulgamynyň hem aýratyn orny bardyr» diýip belleýär.
Bu günki gün okgunly ösüş tapgyryna gadam basan milli medeniýetimiz häzirki zaman ýörelgeleri we nusgalary özüne birleşdirýär. Şunda ýurdumyzda amala aşyrylýan ähli oňyn özgertmeleriň wajyp binýadyny emele getirýän taryhy-medeni mirasymyz aýawly saklanylýar. Türkmenistanyň çäklerinde ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärlikleriň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň abraýly sanawyna goşulmagy şol gymmatlyklaryň umumadamzat taryhyny öwrenmekde ähmiýetiniň örän uludygyna şaýatlyk edýär.
2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde berlen tekliplere laýyklykda, Türkmenistanyň medeni diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy hem-de şu Strategiýany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.
Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň plenar mejlisinde Parahatçylyk we ynanyşmak medeniýeti meseleleri boýunça bütindünýä sammitini geçirmegi teklip etdi. Bu bolsa Türkmenistanyň dünýäde parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge, howpsuzlygy, asudalygy pugtalandyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam berýändiginiň subutnamasydyr.
Nurana BEGIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetininň III ýyl talyby.
Latest News

09/10/2025
МНОГОЯЗЫЧНАЯ ДИПЛОМАТИЯ: ИСТОКИ И НАСТОЯЩЕЕ
08/10/2025
UNITY THROUGH LANGUAGE