17/04/2024
526
Halkara ynsanperwer hukugy: Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda esse (düzme) ýazmak bäsleşigine badalga berildi
Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hem umumadamzat bähbitli ynsanperwer syýasatydyr. Bütin dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy saklamakda Merkezi Aziýa döwletleriniň orny gün-günden barha güýçlenýär. Sebitiň döwletleriniň arasynda dostlugy, hoşniýetliligi, özara düşünişmegi, hyzmatdaşlygy ösdürmekde, sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmekde, ýurtlaryň syýasy, ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmakda, bilelikdäki bähbitlerini we başlangyçlaryny halkara giňişlikde ösdürmekde ägirt uly köpýyllyk netijeli işler alnyp barylýar.
Türkmenistanyň Prezidenti 2023-nji ýylyň 14-nji iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň geçirilen giňişleýin mejlisinde ýurduň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, «Açyk gapylar», hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty alyp barýandygyny nygtamak bilen, netijeli halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, dürli halkara çäreleri guramak baradaky tabşyryklaryny ýerine ýetirmegiň ugurlary bellenildi.
Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa döwletleriniň howpsuzlygyň bitewüligi, onuň dürli ugurlarynyň bölünmezligi we özara baglanyşyklylygy ýörelgesine eýerip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty Merkezi Aziýa ýurtlarynyň (Türkmenistan, Gazagystan Respublikasy, Gyrgyz Respublikasy, Täjigistan Respublikasy, Özbegistan Respublikasy) ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň, magistrantlarynyň arasynda “Dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy gorap saklamakda halkara ynsanperwer hukugynyň ähmiýeti” temasyna bagyşlanan esse (düzme) ýazmak bäsleşigini yglan etdi.
Bu bäsleşigiň esasy maksady Halkara ynsanperwer hukugynyň binýatlaýyn ýörelgelerini öz içine alýan bilimleri halk köpçüliginde giňden wagyz etmek we ýaýratmakdan ybarat bolup durýar.
Netijede, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan ýaşlarda bäsleşige gatnaşmaga uly gyzyklanma döretdi. Şunuň esasynda, esse (düzme) bäsleşigine gatnaşmaga isleg bildirip, hödürlenen işleriň sany jemi 80-den gowrak bolup, olardan 30-a golaýy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryndan we magistrantlardan gelip gowuşdy.
Institut tarapyndan hyzmatdaş daşary ýurt ýokary okuw mekdepleri bilen özara düşünişmek hakynda baglaşylan Ähtnamalaryň çäklerinde döwletleriň bilim ulgamynda toplan oňyn tejribesini öwrenmek we bu babatda halkara hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmek maksady bilen Özbegistan Respublikasynyň Dünýä ykdysadyýeti we diplomatiýa uniwersitetinden, Gyrgyz Respublikasynyň K.Dikambaýew adyndaky Diplomatik akademiýasyndan, Gazagystan Respublikasynyň Al-Farabi adyndaky milli Gazak uniwersitetinden we Täjigistan Respublikasyndan bolsa Täjik milli uniwersitetinden, Täjik döwlet hukuk, işewürlik we syýasat uniwersitetinden, Sadriddin Aýni adyndaky Täjik döwlet pedagogik uniwersitetinden, Rus-Täjik (Slawýan) uniwersitetinden, M.Nazarşoýew adyndaky Horog döwlet uniwersitetinden, Täjigistan Respublikasynyň Dangara döwlet uniwersitetinden birnäçe işler tabşyryldy.
“Dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy gorap saklamakda halkara ynsanperwer hukugynyň ähmiýeti” temasyna bagyşlanan esse (düzme) ýazmak bäsleşigine iň oňat ýazylan işleri bahalandyrmak we kesgitlemek Garaşsyz eminler topary tarapyndan bäsleşigiň Düzgünnamasyna laýyklykda seljeriler we bäsleşigiň netijeleri 2024-nji ýylyň 1-nji maýynda institutyň web-saýtynda (iirmfa.edu.tm) ýerleşdiriler.
“Dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy gorap saklamakda halkara ynsanperwer hukugynyň ähmiýeti” temasyna bagyşlanan esse (düzme) ýazmak bäsleşigine iň oňat ýazylan işleri bahalandyrmak we kesgitlemek Garaşsyz eminler topary tarapyndan bäsleşigiň Düzgünnamasyna laýyklykda seljeriler we bäsleşigiň netijeleri 2024-nji ýylyň 1-nji maýynda institutyň web-saýtynda (iirmfa.edu.tm) ýerleşdiriler.
Bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda 2024-nji ýylyň 8-nji maýynda geçiriler. Daşary ýurtlardan gatnaşan döwletleriň ýeňijileri bäsleşigiň jemleýji tapgyryna onlaýn görnüşinde birigerler.
Dürli BALLYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň uly mugallymy.
Latest News
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI