
35
Halkara demokratiýa güni
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2007-nji ýylyň 13-nji dekabryndaky A/RES/62/7 belgili Rezolýusiýasyna laýyklykda, her ýylyň 15-nji sentýabrynda bütin dünýäde Halkara demokratiýa güni giňden bellenilýär. Milletler Bileleşiginiň bu çözgüdi demokratiýanyň syýasy-jemgyýetçilik ornuny wagyz etmäge, demokratik institutlaryň işini ösdürmäge täze itergi berdi.
Mälim bolşy ýaly, demokratiýa diňe bir syýasy ulgam bolman, eýsem, jemgyýetiň esasy ýörelgeleri, halkyň hukugyny we azatlyklaryny goramak, raýatlaryňdyr jemgyýetleriň arasyndaky deňligi üpjün etmek bilen baglanyşykly möhüm ýörelgedir. Şunda halkyň öz wekilini saýlap, hökümetiň işini dolandyrmak we gözegçilik etmek hukugyna eýe bolmagy demokratiýanyň düýp mazmunyny emele getirýär. Demokratiýa diňe bir saýlawlaryň bolmagyny däl, eýsem, onuň erkin, adalatly we her bir raýata deň mümkinçilik berýän şertlerde geçmegini talap edýär.
Demokratiýanyň taryhy gadymy Gresiýadan gözbaş alýar. Orta asyrlarda bolsa ol has-da kämilleşip, halkyň, şol sanda sosial toparlaryň hukuklaryny goramak ugrundaky täsiri has-da ýokarlandy. Häzirki wagtda Birleşen Milletler Guramasy bütin dünýäde demokratik ýörelgeleriň giňden ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berýär. Şunuň bilen baglylykda, demokratiýany goldaýan ýurtlaryň sanynyň artmagy, bu babatda halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi häzirki zaman dünýäsinde möhüm talapdyr. Halkara demokratiýa gününiň döredilmegi hem hut şu ýörelgeleri wagyz etmäge, demokratik ulgam bilen bagly meseleleriň oňyn çözgüdini ilerletmäge, şeýle hem demokratiýany ösdürmek boýunça halkara hyzmatdaşlygy ählitaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilendir.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz hem BMG-niň birnäçe möhüm konwensiýalaryna goşulmak bilen, bütin dünýäde halkara borçnamalaryna ygrarly we olary gyşarnyksyz ýerine ýetirýän ýurt hökmünde tanalýar. Döwlet syýasatymyzda adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmegine demokratik özgertmeleriň esasy görkezijisi hökmünde garalýar. Şoňa görä-de, dünýä jemgyýetçiligi milli demokratiýamyza, ýurdumyzda halka daýanyp, halkyň hatyrasyna amala aşyrylýan beýik işlere ýokary baha berýär.
Jemläp aýdanyňda, Halkara demokratiýa güni ählumumy demokratiýanyň dünýäde giňden ornaşmagyna we ony iň ýokary derejede işjeňleşdirmäge hyzmat edýän möhüm sene, şeýle hem parahatçylyga we durnuklylyga çagyrýan ajaýyp baýramdyr.
Nartäç BERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň I ýyl talyby.