
1004
«Hakyda göwheri» pähim-paýhasyň gymmatly çeşmesi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkyna peşgeş beren «Hakyda göwheri» atly kitaby türkmen halkynyň baý taryhy we ruhy mirasy hakyndaky çuňňur oýlanmalary öz içine alýar. 2024-nji ýylyň ahyrynda neşir edilen bu eser ylym-bilim işgärleriniň, taryhçylaryň hem-de medeni miras bilen gyzyklanýan giň okyjylar köpçüliginiň ünsüni çekdi.
Bu kitapda türkmen halkynyň şöhratly geçmişi, halkymyzyň gelip çykyşy, Oguz han atamyzyň döwründen başlap häzirki günlerimize çenli geçen ýollary giňişleýin beýan edilýär. Şeýle hem, türkmen alymlarynyň, şahyrlarynyň we akyldarlarynyň mirasy, olaryň ylym, edebiýat we sungat dünýäsine goşan uly goşantlary bellenilýär.
«Hakyda göwheri» halkymyzyň şöhratly taryhyny we ruhy baýlygyny täze nesillere ýetirmekde möhüm çeşme bolup hyzmat edýär. Gahryman Arkadagymyz eserinde: «Halkymyzyň müňýyllyklara uzaýan geçmişi, taryhy – mertligiň, gahrymançylygyň, ygrarlygyň, belent ahlaklylygyň taryhy» diýip, jaýdar belleýär. Hakykatdan-da, Gahryman Arkadagymyzyň bu eseri diňe bir geçmiş hakda gürrüňler bilen çäklenmän, eýsem, ýaşlary watançylyk, ynsanperwerlik we ahlak ruhunda terbiýeleýär. Bu ajaýyp eser geçmiş bilen geljegi birleşdirýän köpri bolup, türkmen halkynyň medeni mirasynyň ebedilik saklanylmagyna hyzmat edýär.
Gahryman Arkadagymyzyň «Miras – öň bir gezek geçilen ýol. Ikinji gezekde, üçünji gezekde ol ýoldaky ötmäge sähel päsgel berýän çöp-çalamlardan syrylýar. Şeýdibem ýoldan näçe köp ýöreldigiçe, ol ýoluň köpe gerekligi has aýan bilinýär. Ine, halkyň mirasy hem şeýle ýoldur Ol ata-babalaryň pähimi bilen nurlanan şa ýoldur» diýip belleýşi ýaly, bu eser türkmen halkynyň geçmiş ýollaryny, ruhy mirasyny we milli medeniýetini öwrenmekde gymmatly çeşme bolup hyzmat edýär.
Bu eser her bir türkmen üçin buýsanç, ylham bolup, halkymyzyň şöhratly taryhynyň ebedi ýaşaýandygyny ýene-de bir gezek subut edýär. «Hakyda göwheri» her bir okyjynyň ýüreginde çuňňur täsir galdyran beýik gymmatlykdyr.
Agakuwwat ALLABERDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş
kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi.