26/10/2024
892
GUJURLY, SYZGYR, WEPALY
Türkmen alabaýy halkymyzyň sazlaşyk, gözellik, maddy we ruhy gymmatlyklar baradaky düşünjelerini, garaýyşlaryny baýlaşdyryp, halk medeniýetiniň wajyp ugruny emele getirýär. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli taryhy-medeni mirasymyzy dünýäde tanatmak, şol sanda alabaýlarymyzyň tohum arassalygyny gorap saklamak hem-de baş sanyny artdyrmak, şan-şöhratyny dünýä ýaýmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen alabaýynyň baýramynyň döwlet derejesinde giňden bellenilmegi bolsa çuňňur many-mazmuna eýedir.
«GOJA TARYHDA ADY BAR»
Taryhy çeşmelerde beýan edilişine görä, ýurdumyzyň gadymy oturymly mekanlarynda alabaýlaryň mesgen tutan ýerleri duş gelýär. Kinolog hünärmenler alabaýlaryň iň gowy tohumynyň hut Türkmenistandadygyny ykrar edýärler. Arheologlar Ahal welaýatynyň çägindäki gadymy Jeýtunda biziň eýýamymyzdan öňki IV müňýyllykda ýaşap geçen alabaýyň galyndylaryny ýüze çykardylar. Şeýle hem Altyndepeden, Goňurdepeden, Daňdanakandan tapylan tapyndylar, Gäwürgala, Paryzdepe, Änew, Şähryslam, Pessejikdepe ýadygärliklerinde ýüze çykarylan alabaýlaryň şekilleri, heýkeljikleri bolsa halkara ylmy jemgyýetçiliginde, aýratyn-da, itşynaslyk ylmynda uly açyşdyr. Munuň özi türkmen topragynda it bilen ynsanyň arasyndaky ysnyşygyň — wepadarlygyň we dostlugyň ir döwürde ýola goýlandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.
Geçmişde halkymyzyň durmuşynda alabaýlaryň eýelän ähmiýetli orny Milli Liderimiziň «Türkmen alabaýy» atly kitabynda anyk wakalar, taryhy hakydalar arkaly giňişleýin gürrüň berilýär. Alabaýlaryň gelip çykyşy, ösüşi baradaky maglumatlar, degişli seljerme makalalary, alymlaryň ylmy gözlegleriniň netijeleri bolsa türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilýän «Türkmeniň nusgalyk alabaýy» atly žurnalyň sahypalarynda halk köpçüligine ýetirilýär.
«GEÇMIŞDEN JANLY ÝADYGÄR!»
Halkymyzda «It geldi, gut geldi», «Itim — gutum», «It ýyly ekin ekseň, berekedi aýry bolar» diýen ýaly pähimlerdir aýtgylar gadymdan bäri ýörgünlidir. Pederlerimiziň şeýle asylly ýörelgeleri täze taryhy döwrümizde hem mynasyp dowam etdirilýär. Şunuň esasynda, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen 2020-nji ýylda «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň we soňra onuň binýadynda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň döredilmegi, dürli ýurtlaryň wekilleriniň onuň agzalygyna kabul edilmegi halkara jemgyýetçilikde uly kanagatlanma döretdi. Şeýle hem Milli Liderimiziň «Türkmen alabaýy» atly kitabynyň we adybir goşgusynyň halkymyza gowuşmagy, «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy», «Türkmenistanyň halk itşynasy» ýaly hormatly atlaryň, «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly medalyň döredilmegi, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde kinologiýa hünäriniň açylmagy milli gymmatlyklarymyza goýulýan belent sarpadan aýdyň nyşandyr.
Ýurdumyzda dünýä ülňülerine laýyk gelýän Karantin merkezi, paýtagtymyzy ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde gurlup ulanmaga berlen dürli maksatly binalaryň esasy ýollarynyň çatrygyndaky türkmen alabaýynyň altynsow heýkeli, şeýle hem 2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşany bolan Wepaly atly alabaýyň keşbi bu itleriň halkymyzyň ykbalynda eýeleýän möhüm ornuna berlen ýokary bahadyr, olaryň gaýduwsyzlygyna, wepalylygyna goýlan uly hormatdyr.
«WASPY DÜNÝÄNI JADYLAN»
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 15 — 17-nji ýanwarynda Kazan şäherinde «Merkezi Aziýa owçarkasy» derejesi boýunça Russiýanyň Kinologiýa federasiýasynyň çempionaty geçirilip, bu ýaryşda 2021-nji ýylda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň hem-de Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowa sowgat berlen Akdost atly türkmen alabaýy iki ugur boýunça Russiýanyň çempiony boldy. Bu wakalar milli gymmatlyklarymyzyň bütin dünýäde sarpalanýandygynyň, türkmen alabaýynyň halkara derejede ykrar edilýändiginiň, şeýlelikde, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň berkidilýändiginiň aýdyň alamatydyr.
Däp bolşy ýaly, ýakynda döwlet Baştutanymyzyň gol çeken degişli resminamasynyň esasynda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň hem-de türkmen alabaý itleriniň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda halyçylaryň, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň we teleoperatorlaryň arasynda bäsleşikleriň geçirilmegi türkmen alabaýynyň jemgyýetimizdäki we halkara giňişlikdäki ähmiýetini has-da şöhratlandyrýar.
Atamyrat ÝAZWELIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby,
«Nesil».
Çeşme: «Nesil» gazeti, 26.10.2024 ý. https://turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/7/articles/168625