807
Germaniýanyň daşary ýurtlardaky maýa goýumlary
Senagat (23,4 göterim), döwlet dolandyrylyşy, goranmak, bilim, adam saglygy we jemgyýetçilik işleri (19,4 göterim), lomaý we bölek söwda, ulag, ýaşaýyş jaýy, azyk hyzmaty (15,8 göterim) Germaniýanyň ykdysadyýetiniň iň möhüm pudaklary hasaplanylýar. Häzirki wagtda german eksportynyň 53, importynyň 64 göterimi Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlara degişli bolup durýar.
Garyplygy, gurakçylygy, yzagalak senagaty bilen tanalýan «garaňky yklym» — Afrika baý mineral ýataklary, nebit we altyn gorlary arkaly dünýäniň ösen ýurtlaryny özüne çekýär. Soňky ýyllarda Hytaý, Türkiýe Respublikasy, Italiýa, Hindistan ýaly dünýäniň ösen ýurtlary bu yklyma köp möçberde maýa goýýarlar. 2021-nji ýylda bu sanawa Germaniýa hem goşuldy.
Oýlanyşykly maýa goýumlarynyň netijesinde, Germaniýa Federatiw Respublikasy 2021-nji ýylda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryny yzda galdyryp, daşary ýurtlara goýýan maýa goýumlary babatda dünýäniň iň öňdebaryjy döwletine öwrüldi. 2022-nji ýylyň daşary ýurt maýa goýum hasabatyna laýyklykda, 2021-nji ýylda Germaniýa tarapyndan 1537 taslama maýa gönükdirildi. 2020-2021-nji ýyllarda Germaniýanyň daşary ýurt maýa goýumlarynyň 2 göterim peselendigine garamazdan, bu babatda 11 göterim yza gaýdan ABŞ-dan öňe geçmegi başardy. Şeýlelikde, Germaniýa Federatiw Respublikasy dünýäniň maýa goýum taslamalarynyň umumy mukdarynyň 16,9 göterimini emele getirdi.
Soňky ýyllarda nemesler, esasan, ABŞ-nyň maliýe we ätiýaçlandyryş hyzmatlaryna uly gyzyklanma bildirýärler. Ýurduň Statistika gullugynyň hasabatyna görä, nemesler daşary ýurt maýa goýumlarynyň 29 göterimini amerikan kompaniýalaryna gönükdirdi. Şeýle-de sanawyň yzyny Lýuksemburg, Hytaý, Beýik Britaniýa dowam edýär. Has dogrusy, 2022-nji ýylda nemes maýadarlary Hytaýyň önümçilik pudaklaryna 103 milliard ýewro maýa goýdular. Şeýle-de Russiýada german maýasynyň gatnaşmagynda iş alyp barýan 700-den gowrak kärhana bolup, olarda 262 müň işgär zähmet çekýär. Bu ýerde nemes maýasynyň umumy mukdary 22 milliard ýewro barabardyr.
Mundan başga-da, Hindistanda nemes maýasy gönükdirilen 1700-den gowrak kompaniýa, 1 müňe golaý golçur kärhana işjeň bolup, olarda 400 müň töweregi hünärmen işleýär. Häzirki wagtda Germaniýa Hindistanda 7-nji uly daşary ýurt maýa goýujydyr. 2000 — 2020-nji ýyllarda nemes tarapy umumy möçberi 12 milliard amerikan dollarlyk maýa goýdy. 2023-nji maliýe ýylynda Germaniýa Hindistana 500 million amerikan dollary möçberinde maýa gönükdirdi. Bu görkeziji geçen maliýe ýyly bilen deňeşdirilende, 200 million amerikan dollary azdyr.
Ykdysady pudaklaryna seredeniňde, nemes kärhanalary tarapyndan goýlan maýa goýumyň üçden birinden gowragy ýa-da 491 milliard ýewrosy önümçilik pudagyna degişlidir. Daşary ýurtlarda nemes şahamçalary tarapyndan üpjün edilen 8 million iş ornunyň ýarysy önümçilik pudagynyň paýyna düşýär. Maliýe we ätiýaçlandyryş hyzmatlary 349 milliard ýewrony ýa-da paýnamalaryň 24 göterimini emele getirendigine garamazdan, iş ornunyň bary-ýogy 4 göterimini düzdi. Lomaý we bölek söwda, awtoulag serişdelerini we motosiklleri abatlamak pudagyna 236 milliard ýewro maýa goýuldy. Bu umumy görkezijiniň 17 göterimi bilen ykdysadyýetiň üçünji esasy pudagy boldy. Umuman alanyňda, Germaniýa 2021-nji ýylyň ahyryna çenli daşary ýurt kärhanalarynyň 42 müňüsine maýa gönükdirdi. Ýeri gelende aýtsak, nemes tarapy, esasan, durnukly hukuk we oňyn jemgyýetçilik gurşawyna, ygtybarly infrastruktura, ýokary hünärli işçi güýjüne, ösüşe esaslanýan täze gözleglere, maliýe we ätiýaçlandyryş hyzmatlaryna maýa goýberýär.
«Deutsche Bundesbank»-yň hasabatyna laýyklykda, Germaniýanyň daşary ýurt kompaniýalaryna goýan maýa goýumlary 2023-nji ýylyň awgust aýynda 792,65 million ýewro azaldy. Bu görkeziji 1971-nji ýyldan 2023-nji ýyla çenli ortaça 2790,65 million ýewro bolup, ýurduň iň pes maýa goýum ýyly hökmünde 2000-nji ýyl (-32189,54 million ýewro) agzalýar. Daşary ýurt maýa goýumlary ýurduň jemi içerki önüminiň 1,4 göterimini emele getirýär.
Söwdasy
2023-nji ýylyň sentýabr aýynda Germaniýanyň eksport kuwwaty 129,2 milliard ýewro, importy bolsa 110,2 milliard ýewro deň boldy netijede, 19 milliard ýewrolyk oňyn söwda balansy emele geldi. Ýurduň eksporty geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,5, importy bolsa 18,5 göterim pese gaçdy. Hasabat döwründe awtoulag we tirkegler (9,92 milliard ýewro), derman serişdeleri (9,58 milliard ýewro), ätiýaçlyk şaýlary (6,97 milliard ýewro), elektrik enjamlaryny öndürmek, paýlamak üçin enjamlar (4,83 milliard ýewro) esasy eksport edilen nemes önümleriniň sanawynda ýer aldy. Şeýle-de şol döwürde ýurda elektrik enjamlaryny öndürmek, paýlamak üçin enjamlar (6,73 milliard ýewro), awtoulag we tirkegleri (5,54 milliard ýewro), derman serişdeleri (5,5 milliard ýewro), nebit we tebigy gaz (5,02 milliard ýewro) getirildi. Germaniýa, esasan, ABŞ, Niderlandlar Patyşalygy, Hytaý, Fransiýa, Polşa bilen eksport-import söwdasyny amala aşyrýar.
Sahypany taýýarlan:
Jahantäç ÖWEZOWA,
TDIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby,
«Biznes reklama».
Çeşme şu ýerden alnan:
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/50/articles/126381
Latest News
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI