Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
    • International cooperation
      • Meetings
        • BOOK AWARD CEREMONY BY THE NIPPON FOUNDATION
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
        • A training session on the Sustainable Development Goals was held
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / Articles / Garaşsyzlyk – ösüşlerimiziň ak ýoly
    Garaşsyzlyk – ösüşlerimiziň ak ýoly surady
    30/11/-0001

    782

    Garaşsyzlyk – ösüşlerimiziň ak ýoly

    «Garaşsyzlyk, Bitaraplyk - ösüşiň goşa ganaty» atly

    çeper-publisistik makalalar bäsleşigine

    Hormatly Prezidentimiz: «Garaşsyzlyk her bir ynsanda watançylyk duýgusyny ösdürýän mukaddes düşünjedir. Bu söz özünde ägirt uly many – mazmuny jemlemek bilen, merdana ata-babalarymyzdan bize miras galan eziz Watanymyzyň şöhratly geçmişine, şu gününe we beýik geljegine düýpli düşünmäge mümkinçilik berýär. Garaşsyzlyk baýramy ata-babalarymyzyň wesýet eden ynsanperwer ýörelgeleriniň doly durmuşa geçirilýändiginiň, özygtyýarly döwlet, adalatly jemgyýet hakynda asyrlarboýy edip gelen arzuwlarynyň hasyl bolandygynyň aýdyň subutnamasydyr» diýip belleýär.

    Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň, türkmen halkynyň ýüreginde möhüm orun alan, dabaraly bellenilýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramy toýlanýar. Merdana ata-babalarymyzyň özbaşdak döwletli bolmak baradaky arzuwlary 1991-nji ýylda amala aşyp, özbaşdak, Garaşsyz Türkmen döwleti emele geldi. Her ýylyň 27-nji sentýabry Garaşsyzlyk güni uly toý-baýram hökmünde giňden bellenilýär. Garaşsyzlyk halkymyzyň abadançylygydyr, agzybirligidir, bagtyýarlygydyr, döwletimiziň berkararlygydyr, milli buýsanjymyzdyr.

    Garaşsyzlyk ýyllarynda berkarar Watanymyz üç onýyllykdan bäri syýasatda, ykdysadyýetde, medeniýetde, ýaşaýyş-durmuş derejesinde, aýratyn hem daşary syýasatda uly ösüşlere beslendi, bütin dünýäde abraýy has hem belende galdy. Ýurdumyzyň her bir güni şanly wakalara beslenip gelýär. Bitarap döwletimiziň beýik şan-şöhraty, parahatçylygyň, dostlugyň, sagdynlygyň, ruhubelentligiň ýurdy hökmünde halkara abraýynyň artýandygyna şaýatlyk edýän taryhy wakalar türkmen halkyny has-da ruhlandyrýar. Şu günki günde ata Watanymyz Türkmenistan ylalaşdyryjy merkez, döwletara meselelerini parahatçylykly, diplomatik ýollar bilen çözmegi teklip edýän döwlet hökmünde, şeýle-de hoşniýetli goňşuçylygy, dostlugy we hyzmatdaşlygy ösdürmekde giňden tanalýar. Türkmenleriň parahatçylyk ýollaryny ulanyp, çözülmesi kyn meseleleri çözendikleri geçmişimiziň dürli döwürlerinde öz beýanyny tapýar. Hormatly Prezidentimiziň «Parahatçylyk sazy, dostluk-doganlyk sazy» atly eserinde türkmen diplomatiýasynyň taryhyndan bir mysal getirýär: «Biziň eýýamymyzdan öňki 49-njy ýylda türkmenleriň iň ýakyn eždatlary – gunlar Han hökümdary bilen birek-biregiň üstüne çozmazlygy borç edinen iki halkyň özara gatnaşyklaryny kadalaşdyran «Ähdi-peýman şertnamasy» diýip atlandyrylan şertnamany baglanyşýarlar. Şol şertnamada geljek nesillere arkama-arka ähdi-peýmana wepaly bolmak teswirlenipdir». Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly: «Bu mysal türkmenleriň öz taryhynyň irki döwürlerinde-de döwletiň we halkyň bähbitlerini goramak maksady bilen öňüni alyş diplomatiýasyny ulanandygyna şaýatlyk edýär».

    Garaşsyzlyk biziň ýurdumyza halkara gatnaşyklarynyň doly hukukly agzasy hökmünde öz syýasy garaýşyny subut etmäge mümkinçilik berdi. Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmaga gönükdirilen energetika, ulag, suw diplomatiýasyndaky halkara başlangyçlary we iş ýüzündäki ynamly ädimleri dünýä jemgyýetçiliginde giň ähmiýete eýe bolýar. Häzirki döwürde ýurdumyz goňşy we dünýä döwletleri bilen hem-de iri halkara guramalary yzygiderli hyzmatdaşlygy giňeldýär we berkidýär.

    Ösüşler bilen galkynan ýurdumyz Garaşsyzlyk ýyllarynda durmuş-ykdysady ösüşde öz baý tebigy serişdelerinden aýawly peýdalanmakda uly sepgitlere ýetdi. Ýokary derejede ösýän ykdysadyýetimiz hem sebit we dünýä ykdysadyýetine işjeň goşulyşyp barýar. Türkmenistan özbaşdaklygyny gazanandan soň durmuş maksatly iri taslamalar durmuşa geçirildi, bilim, medeni, ylmy we sport maksatly edaralaryň ösen giň toplumy döredildi. Ýurdumyz gysga wagtyň içinde tanalmaz derejede düýpli özgerdi. Döwletimiziň ähli welaýatlarynda sazlaşykly ösüşler gazanylyp, şäherlerimiziň, etraplarymyzyň, obalarymyzyň durky täzelenip, häzirki döwre kybap gelýän binalar halka gurlup ulanylmaga berildi. Arkadag Prezidentimiziň binagärlik ukyby bilen arşa galan beýik ymaratlar dünýäniň ähli halklaryna gujak açyp, türkmen durmuşynyň aýnasyna öwrüldi. Barha ösýän, kuwwatlanýan Watanymyz milli Liderimiziň edýän atalyk aladalary netijesinde bedew bady bilen ýagty geljege tarap barýar.

    Ýurdumyz ösüşleriň we özgertmeleriň mekanyna öwrülýär. Gazanylýan üstünlikler bolsa her birimiziň kalbymyzda uly buýsanç döredýär. Bu bolsa halkymyzyň her bir işe yhlasly ýapyşmagyna, zähmet ýeňişlerine has-da höweslendirýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda durmuşymyzda bolup geçýän we amala aşyryljak işler, goşalanyp gelýän toý-baýramlar türkmen iliniň hormatly Prezidentimiziň saýasynda ýaşaýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrülýär. Bagtyýarlyk döwründe baş baýramymyz bolan Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyny uly dabara bilen belläp geçmäge taýýarlanýan halkymyz bu baýrama zähmet ýeňişleri bilen barmagy maksat edinip joşgunly zähmet çekýärler. Şol sebäpli hem şu şöhratly senäni geljekki nesiller ýatlar ýaly, özboluşly desga arkaly ebedileşdirmek, şeýle-de iň belent ýerde 300 metrlik diň gurmaklyk, 30 iri önümçilik we medeni maksatly binalary gurmaklyk maksat edilip goýuldy we ulanylmaga berilýär. Şol 30 desga hem şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyny alamatlandyrýar.

    Halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda ajap eýýamyna tarap ynamly öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň öňe süren «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer syýasatynyň datly miweleriniň gadyr-gymmaty baş baýramymyzyň golaýlan günlerinde göwünlerimizde ýokary ruhubelentlik duýgusyny döredýär. Halkymyzyň eşretli hem abadan geljegi üçin alada edip, ummasyz işlere badalga berýän milli Liderimiziň jany sag, belent başy aman bolsun, il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin! Goý, Arkadagly ýurdumyzda Garaşsyzlyk bize bagt eçilsin!


    Ýulduz BABAMYRADOWA,

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

    Halkara gatnaşyklary institutynyň

    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.

    Latest News

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI