Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
    • International cooperation
      • Meetings
        • BOOK AWARD CEREMONY BY THE NIPPON FOUNDATION
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
        • A training session on the Sustainable Development Goals was held
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / Articles / Garaşsyzlyk–millilige ýugrulan hoşniýetlilik
    Garaşsyzlyk–millilige ýugrulan hoşniýetlilik surady
    30/11/-0001

    744

    Garaşsyzlyk–millilige ýugrulan hoşniýetlilik

    «Garaşsyzlyk, Bitaraplyk - ösüşiň goşa ganaty» atly
    çeper-publisistik makalalar bäsleşigine
    Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen sepgitler ýurdumyzyň saýlan milli ösüş ýolunyň ylmy esasda esaslandyrylandygyny görkezýän nyşanydyr. Mertebesi belent Prezidentimiziň 2012-nji ýylyň 12 –nji iýunynda Ylymlar güni mynasybetli eden çykyşynda şeýle diýýär: “Ylmy nukdaýnazardan türkmen halkynyň kemala gelşiniň, ösüşiniň taryhyny, onuň dünýä medeni ösüşindäki ornuny, Türkmenistanyň gadymy, orta asyrlar, täze we iň täze taryhyny, Garaşsyzlyk döwrüni hem-de hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny... düýpli öwrenmek zerurdyr” diýip jaýdar belleýär. Çünki milli aýratynlyk bolmasa millet ýok, millet ýok ýerinde döwleti berkarar edip bolmaýar. Hut şu ugra esaslanyp türkmen döwletiniň özbaşdaklygy, garaşsyzlygy, bitaraplygy onuň milliligine esaslanýar. Dogry döwletiň berkarar bolmagy üçin onuň başga şertleri-de dogry berjaý bolmaly. Emma milli aýratynlyklar onuň ruhy gönezligi. Biziň döwlet Garaşsyzlygymyzyň binýadyny berkidiji “milli esasy” onuň jemgyýetçilik ähmiýetli meseläni çözülende ýedi ölçäp bir kesilmegidir. Bu ýörelge bolsa il-ýurt bähbitli döwlet ähmiýetli meselelerde dogry we ygtyýarly netijeleriň gelinmegine giň mümkinçilik döredýär. Şeýlelikde milli esas Garaşsyz döwletliligiň baş şerti bolup hyzmat edýär. Diýmek – Garaşsyzlyk – her bir ýurduň milli aýratynlyklaryna esaslanýan döwlet özygtyýarlygynyň baky berkararlygy diýsek ýalňyşmasak gerek. Elbetde türkmen halky bu ösüş ýoluna aňsatlyk bilen ýetmedi. Muny taryhyň çarkandakly ýollaryndaky maglumatlar hem beýan edýär.
    Garaşsyzlyk barada möhüm wakalaryň biri ýa-da ilkinji başlangyjy 1990-njy ýylyň 22-nji awgustynda kabul edilen “Türkmenistan SSSR-niň döwlet özygtyýarlygy hakyndaky” Jarnamasy şol döwrüň SSSR-iň düzümindäki respublikanyň özbaşdaklygyny yglan eden ilkinji resminamadyr. Jarnama laýyklykda ähli çäginde syýasy we ykdysady gurluşy özbaşdak bellemek hukugyna ygtyýarly milli döwlet hökmünde kesgitlendi. Soňra 1991-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda türkmenistanyň Garaşsyzlygy hakyndaky meselä gelinip ählihalk referendumy yglan edildi we oňa ýurduň ilatynyň 94%-i garaşsyzlyga ses berdi. Netijede, TSSR-iň ýokary Soweti 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda “Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň we döwlet gurluşynyň esaslary hakyndaky” Konstitusiýa kanuny kabul edildi. Şol kanunyň esasynda Türkmenistan SSSR-iň serhetleriniň çäklerinde Garaşsyz demokratik Döwlet diýlip yglan edildi. Soňra 2018-nji ýylda Türkmenistanda baş döwlet baýramy – Garaşsyzlyk güni 27-nji sentýabra geçirildi.
    Garaşsyzlygy beýleki döwletleriň we halkara guramalaryň ykrar etmegi üçin özygtyýarly döwletler bilen beýleki halkara hukugynyň subýektleriniň arasynda resmi gatnaşyklary ýola goýmak ýa-da diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak wajypdyr. Şeýlelikde, Türkmenistan şu tapgyrlaryň netijesinde özüniň Garaşsyzlygyny ilkinji ýylynda dünýäniň onlarça döwletleri ykrar etmegi bilen Garaşsyzlyk sütüniniň mizemezligini gazandy.
    Türkmenistan Garaşsyzlygyny gazananyndan soňra diplomatik gatnaşyklary ýola goýan döwletleriň hatarynda Hytaý Halk Respublikasy (06.01.1991ý.), Koreýa Halk Demokratik Respublikasy(10.01.1992ý.), Daniýa Korollygy (21.01.1992ý.), Britaniýanyň Birleşen Korollyklary we Demirgazyk Irlandiýa (23.01.1992ý.) ýaly döwletler bilen halkara gatnaşyklaryny berkitdi. Bu bolsa Aziýadan hem-de Ýewropa materiklerinden özara bähbitli we ysnyşykly resmi gatnaşyklaryň boljakdygyna subutnamadyr. Soňra 1992-nji ýylyň birinji ýarymynda has golaý we doganlykly goňşularymyz–Eýran we Owganystan, Ýewropanyň, Amerikanyň hem-de Aziýanyň döwletleri – Türkiýe Respublikasy, Bangladeş Halk Respublikasy, Saud Arabystan Patyşalygy, Kuba Respublikasy, Koreýa respublikasy, Ispaniýa, Germaniýa Federatiw Respublikasy, Şwesiýanyň Korollygy, Şweýsariýa Konfederasiýasy, Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Ýaponiýa, Kanada, Hindistan Respublikasy we Italiýa Respublikasy bilen diplomatik gatnaşyklary başlandy. Türkmenistan soňky ýyllarda diplomatik gatnaşyklaryny hasda ýokary derejelere ýetirdi. Muňa has anyk delil bersek, Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna çenli dünýäniň 149 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklaryň birikmegini gazandy. Şol sanda Türkmenistanyň daşary ýurtda 40 sany diplomatik wekillikleri we konsullyklary, ýurduň içinde bolsa daşary ýurt döwletleriniň 35 sany diplomatik wekillikleriniň hem-de 13 sany Halkara guramalarynyň wekilleri bar. Türkmenistan Birleşen milletler Guramasyna (02.03.1992ý.) kabul edilmegi hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ykrar edilmegi ýurduň sebitleýin we bütindünýä derejesindäki öz wezipelerini amala aşyrmagyna hem-de bu guramanyň strategiki hyzmatdaşyna öwrüldi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçen 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky mejlisinde gurama girýän 185 ýurt “Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň” ýörite Rezolýusiýasyna biragyzdan ses berilmegi we Aşgabatda Merkezi Aziýada öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy BMG-niň we Türkmenistanyň netijeli hyzmatdaşlygynyň ýene-de bir mysalydyr.
    Türkmenistan dünýäde ýeke-täk uniwersal gurama bolan BMG-niň dürli düzümleriniň alyp barýan işlerine işjeň gatnaşmak maksady bilen döwlet, 2011-nji ýylda BMG-niň wajyp bölümleriniň we iri halkara guramalarynyň merkezi edaralarynyň Ženewadaky bölüminde hemişelik wekilhanasyny açdy. Şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň meýilnamasynda–BMG-niň düzümlerini giňden ýaýratmaga we 2030-njy ýyla çenli Gün tertibini ýerine ýetirmek babatdaky bütindünýä hereketine işjeň gatnaşýar. Häzirki wagtda Türkmenistan Halkara guramalarynyň 47-si, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlygy Guramasynyň, Goşulyşmazlyk Hereketiniň we beýleki Halkara guramalarynyň agzasydyr.
    Bu gazanylan üstünlikler hem-de ýetilen sepgitler Garaşsyzlygymyzyň saýasynda bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygymyzdyr. Elbetde, bu günki gün türkmen halky parahat, bagtyýar durmuşda ýaşaýar. Biz bu batly gadamlary ätmegimize halkymyzyň asylar boýy gorap saklap gelen milliligi hem-de türkmen halkynyň agzybirligi bilen parahatsöýüji hoşniýetli häsiýetlere ýugrulan däp-dessurlarymyz ýardam etdi.

    Kyýat ILAMANOW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

    Latest News

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI