Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
    • International cooperation
      • Meetings
        • BOOK AWARD CEREMONY BY THE NIPPON FOUNDATION
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
        • A training session on the Sustainable Development Goals was held
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / Articles / Garaşsyzlyk — milli buýsanjymyz
    Garaşsyzlyk — milli buýsanjymyz surady
    30/11/-0001

    1568

    Garaşsyzlyk — milli buýsanjymyz

    «Garaşsyzlyk, Bitaraplyk - ösüşiň goşa ganaty» atly
    çeper-publisistik makalalar bäsleşigine

    Türkmenistanyň Prezidenti
    Gurbanguly Berdimuhamedow:
    ̶ Adamzadyň diňe parahatçylyga, agzybirlige, gadyr-gymmatlylyga,
    salykatlylyga gönügen ruhy baýlyklaryndan uly hazyna döräpdir.
    Şol hazynadan her kim öz paýyny alýar. Şol hazynany her kim özüniňki hasap edýär.
    Biziň daýanjymyz, örkümiz şonda. Şonuň üçinem garaşsyzlyk we
    Bitaraplyk halkymyz üçin ata-babalarymyzyň milli ruhy taglymat gymmatlygydyr.

    Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň ykbalynda möhüm ähmiýeti bolan, uludan toýlanylan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramy bosagada dur. Garaşsyzlyk ýyllarynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyz merdana türkmen halkynyň at-owazasyny täze röwüşde äleme ýaýdy, milletiň mertebesini parahatçylyksöýüji, ynsanperwer halk hökmünde jümle-jahana ykrar etdi.
    Garaşsyzlyk ̶ halkyň Arşa ganat açmasy, milletiň geçmişe-geljege ýaň salýan erkinlik hem-de parahatlyk mukamy bolup durýar. Türkmenistanyň Garaşsyzlygy türkmen bagtynyň täze belentlige göterilmesidir, ruhunyň we mertebesiniň dabaralanmasydyr. Çünki Garaşsyzlyk zamanynda merdana ata-babalarymyzyň asyrlarboýy ýüreklerinde ýaşadan arzuw-umytlary, erk-islegleri täze öwüşginde hasyl boldy. Garaşsyzlyk halkyň bagtyýar ertirine uzaýan ak ýoluna baky öçmejek ýalkym saçdy. Garaşsyzlygyň şöhratly ýollarynda amala aşyrylýan beýik işleriň her biri asyrlara barabar gahrymançylykly wakalardyr.
    Garaşsyz, özbaşdak döwletlilik beýik pederleriň arzuwlan Watany. Türkmen halky bu gün öz bagtyna dünýä eşretleriniň el ýeterli durmuşynda ýaşaýan zamanasyna buýsanýar. Şöhratly taryhy gahrymançylyga beslenen merdana halkymyzyň özbaşdak, Garaşsyz döwlet baradaky asyrlar boýy edip gelen arzuwy 1991-nji ýylyň altyn güýzünde hasyl bolup, Garaşsyz türkmen döwleti emele geldi. Garaşsyzlyk halkymyzyň milli buýsanjydyr.
    Garaşsyzlyk ata-babalarymyzyň özbaşdak döwletli bolmak baradaky arzuwlarynyň amala aşmagyna, köp asyrlyk milli we ruhy gymmatlyklarymyzy, şeýle hem, arzyly ynsanperwer däplerimizi dikeltmäge mümkinçilik berdi. Garaşsyzlyk biziň ýurdumyzda halkara gatnaşyklarynyň doly hukukly agzasy hökmünde öz syýasy garaýyşyny beýan etmäge mümkinçilik berdi, ol bu gün iň ýokary münberlerden dünýä ýaň salýar. Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, Durnukly ösüş maksatlaryny netijeli durmuşa geçirmäge gönükdirilen energetika, ulag, suw diplomatiýasyndaky halkara başlangyçlary we iş ýüzündäki anyk ädimleri dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýar.
    Ösüşlere beslenen Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan durmuş-ykdysady ösüşde öz baý tebigy serişdelerinden aýawly peýdalanmakda belent sepgitlere ýetdi Türkmenistan ykdysady ösüşiň netijelerini durmuş ulgamyny ösdürmäge, ýurduň gelejekki gülläp ösüşini üpjün etmäge ukyply ýokary intellektual we berk bedenli adam maýasyny kemala getirmäge gönükdirýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda durmuş maksatly iri taslamalar amala aşyryldy, bilim, medeni, ylmy we sport maksatly edaralaryň ösen giň toplumy döredildi.
    Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň daşary syýasyýet doktrinasy hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýar dünýäde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen ilkinji Bitarap ̶ döwlet bu biziň ata Watanymyz Eziz Türkmenistandyr! Garaşsyzlygyň sütüni bolan hem-de ýurdumyzyň öňdengörüjilikli we netijeli halkara syýasatyny üstünlikli amala aşyrmakda uly orny eýeleýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen berkidilmegi şol taryhy ýoluň uly ähmiýetli wakasydyr. Bitaraplyk derejesi ýurdymyza Ýer ýüzünde ylalaşdyryjy merkez hökmünde belent abraýa eýe bolan bolmagyna, ykdysadyýetde, durmuş ulgamynda, türkmen jemgyýetiniň ruhy- medeni durmuşynda üstünlikleri gazanmakda onuň oňyn ornuny üpjün etmäge mümkinçilik berdi. Häzirki döwürde Bitaraplyk derejesi sebit we dünýä möçberinde ýagdaýlary durnuklaşdyrmagyň, syýasy, ykdysady, ynsanperwer, ekologiýa taýdan wajyp meseleler çözülen halatynda döwletleriň we halkara guramalaryň netijeli hyzmatdaşlygyna oňyn täsirini ýetirmegiň nusgasy hökmünde özüni has aýdyň ýüze çykarýar. 2017 - 2023-nji ýyllarda hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugurynyň konsepsiýasyna laýyklykda, dünýäniň dürli ýurtlary we Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk hereketi, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy we beýleki abraýly halkara düzümler bilen gatnaşyklaryň berkidilmegine uly ähmiýet berilýär.
    Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güniniň 30 ýyllyk şanly toýy bilen Gahryman Arkadagymyzy hem- de ýurdumyzyň bagtyýar halkyny tüýs ýürekden gutlaýaryn. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň baş tutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan mundan beýläk-de gülläp össün!

    Kakajan KAKAJANOW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

    Latest News

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI