Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
    • International cooperation
      • Meetings
        • BOOK AWARD CEREMONY BY THE NIPPON FOUNDATION
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
        • A training session on the Sustainable Development Goals was held
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / Articles / Garaşsyzlyk, Bitaraplyk ösüşiň goşa ganatydyr
    Garaşsyzlyk, Bitaraplyk ösüşiň goşa ganatydyr surady
    30/11/-0001

    1300

    Garaşsyzlyk, Bitaraplyk ösüşiň goşa ganatydyr

    «Garaşsyzlyk, Bitaraplyk - ösüşiň goşa ganaty» atly
    çeper-publisistik makalalar bäsleşigine
    Her bir milletiň özüne mahsus, ýagny şol milletiň belli bir derejede häsiýeti, tebigy gurluşy, taryhy, dini, geografiki ýerleşmesi we şuňa meňzeş ýüzlerçe faktorlaryň täsiri esasynda her bir milletiň hem-de döwletiň agzap geçen faktorlarymyzyň esasynda özlerine mahsus mukaddeslikleri emele gelýär. Eger her bir milletiň mukaddeslik saýýan atlandyrmalaryny agzap geçsek şu makalamyz niýetlenen görnüşinden has uly göwrüme eýe bolmak bilen makala görnüşini üýtgetmegi mümkin şol sebäpli diňe Beýik hem mert türkmen halkynyň mukaddes saýýan atlandyrmalarynyň käbirlerini agzap geçeliň.
    Asly halal, beýik geçmişi, taryhy bolan türkmen milletiniň ene-atasyna, ýaşulusyna, Watanyna, topragyna, il-gününe, döwletine, bedew atyna, çöregine-duzuna we şular ýaly ýüzlerçe mukaddes saýýan atlary agzamak bolar. Türkmen halkynyň asyrlar boýy arzuwlap ýeten mukaddesliginiň biri-de Garaşsyzlygy we Bitaraplygydyr. Halkymyzyň asyrlar boýy arzuwlap geçen şol arzuwyna, mukaddeslige ýetmek üçin san bilen sanap bolmajak gerçeklerimiziň, halkymyzyň beýik şahsyýetleriniň, enelerimiz we uýalarymyzyň goşa ganat kimin döwletimiziň abraýyny günsaýyn al asmanda parladýan Garaşsyzlygymyza hem-de Bitaraplygymyza ýetmek üçin şirin janlaryndan geçdiler.
    Türkmenistanyň hormatly Prezidenti, ýurdumyzyň milli Lideri 2021-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda okuwçylar we talyplar bilen geçiren duşuşygynda Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň ýurdumyza hem-de milletimize ähmiýetini we gymmatyny söz bilen beýan edip bolmajak diňe ussat alym, professor, akademik we beýik şahsyýetlere mahsus äheňde milli Liderimiz tarapyndan ýatdan çykmajak taryhy çykyşy halkymyza uly täsir etdi. Şol taryhy çykyşynda milli Liderimiz şeýle diýdi: «Mukaddes Garaşsyzlyk biziň ähli ösüşlerimiziň, şöhratly üstünliklerimiziň binýadydyr. Üçünji müňýyllygyň öň ýanynda – 1991-nji ýylda Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygy dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edildi. Netijede, ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda düýpli özgertmelere badalga berildi.
    Elbetde, 30 ýyl taryh üçin uzak möhlet däl. Muňa garamazdan, şu döwrüň içinde ýurdumyzyň demokratik, hukuk we dünýewi döwlet gurluşynyň binýatlaryny yzygiderli berkitdik. Ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak, döwletimiziň dünýä bileleşigindäki ornuny ýokarlandyrmak boýunça ägirt uly işleri amala aşyrdyk. Türkmenistanyň iň täze taryhyna şöhratly sahypalary ýazdyk. Garaşsyzlygymyzyň ilkinji günlerinden ýurdumyz parahatçylygy, dost-doganlygy dabaralandyrýan oňyn Bitaraplyk ýoluny saýlap aldy. Dünýä döwletleri, halkara guramalar bilen özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýdy. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan taryhy Kararnamanyň kabul edilmegi bilen, Garaşsyz döwletimiz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe boldy. Türkmenistan dünýäde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan resmi taýdan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwletdir. 2015-nji ýylda bu guramanyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama täzeden makullandy. Şeýle hem biziň başlangyjymyz bilen 12-nji dekabr «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip ykrar edildi. Eýsem, Bitaraplyk bize näme berdi? Bitaraplyk asuda, agzybir, parahatçylykly, abadan durmuşda ýaşamaga ýol açdy. Ähli dünýä ýurtlary bilen dostlukly, ynsanperwer, medeni, ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge giň mümkinçilik döretdi. Bitaraplyk biziň parahatçylygy, dostlugy, ynsanperwerligi, hyzmatdaşlygy, ösüşi dabaralandyrýan taglymatymyzdyr. Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty parahatçylygyň ýoludyr, dünýä halklaryny dost-doganlyga çagyrýan ýoldur. Aşgabat şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy hem Bitaraplygymyzyň parahatçylygy goldamakda uly ähmiýetiniň bardygyny aýdyň tassyklaýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «2021-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama kabul edildi. Bu gün Bitarap Türkmenistan dünýäde parahatçylygy dörediji döwlet hökmünde tanalýar. Şonuň üçin hem ýurdumyzda 2021-nji ýyly «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýip yglan etdik. Biziň oňyn Bitaraplyk syýasatymyz halkymyzyň şöhratly taryhyndan, asylly däplerinden gözbaş alýar. Bu gün Bitarap Türkmenistan sebit, yklym, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýär. Durnukly ösüş maksatlary, öňüni alyş diplomatiýasy, derwaýys sebit meseleleri boýunça daşary syýasy we geoykdysady başlangyçlarymyz döwletimiziň dünýä jemgyýetçiliginiň umumadamzat ähmiýetli çözgüdine anyk goşant goşýandygyny görkezýär. Biziň halkara başlangyçlarymyz Birleşen Milletler Guramasy we beýleki abraýly düzümler tarapyndan yzygiderli goldanyp gelinýär. Şeýdip, gönezliginde parahatçylygy döretmek sungaty duran Bitaraplyk syýasatymyzyň netijesinde, dünýäniň geosyýasy giňişliginde «Türkmenistan» atly parlak ýyldyz döredi. Garaşsyzlyga eýe bolanymyzdan soňra, biz döwlet nyşanlarymyzy – Döwlet baýdagymyzy, Döwlet tugramyzy, Döwlet senamyzy döretdik. Gahrymançylykly we şöhratly taryhymyzy dikeltdik. Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz hakyndaky iňňän beýik, mukaddes düşünjelerimizi Ýer ýüzüne aýan etdik Biziň Aşgabady ösdürmek boýunça alyp barýan işlerimiz halkara derejede ykrar edildi. Şäherdäki binalaryň ençemesi Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan häzirki zaman ulag geçelgelerini döretmek we kämilleşdirmek arkaly, Ýewraziýa giňişliginiň ulag-logistika ulgamyna işjeň goşulýar. Günbatar – Gündogar, Demirgazyk – Günorta ugurlary boýunça üstaşyr geçelgeleriň taslamalaryny amala aşyrýar. Hususan-da, Owganystan – Türkmenistan – Azerbaýjan – Gruziýa – Türkiýe (Lapis Lazuli) we TRASEKA ýaly halkara ulag geçelgelerini döretmäge ýakyndan gatnaşýar. Biz Türkmenbaşy şäherinde döwrebap Halkara deňiz portuny gurduk. Akina – Andhoý, Ymamnazar – Akina, Serhetabat – Turgundy ugurlary boýunça demir ýollary we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlaryny ulanmaga berdik. Bu işler ýurdumyzyň Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmäge işjeň gatnaşýandygyny ýene-de bir gezek äşgär edýär.
    Milli Lidermiziň bu taryhy çykyşy biz ýaşlara Ata Watanymyzyň Garaşsyzlyk we Bitaraplyk statusy bilen ýenede bir gezek buýsanmana we guwanmana itergi berýär. Algyr bürgüdüň goşa ganady kimin Türkmenistan döwletimiziň abraýyny günsaýyn belende göterýän Garaşsyzlyk we Bitaraplyk ösüşimiziň goşa ganatydyr.

    Dawut BAÝRAMOW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň
    1-nji ýyl talyby.

    Latest News

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI