30/11/-0001
571
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTANYŇ SÖWDA ULGAMYNDAKY GAZANAN ÜSTÜNLIKLERI
«Garaşsyzlyk, Bitaraplyk - ösüşiň goşa ganaty» atly
çeper-publisistik makalalar bäsleşigine
Adama öz ömrüniň belli-belli menzillerinde durup yzyna garanmak, geçilen ýoluň, edilen işleriň agramyny saldarlamak häsiýeti mahsus. Bu kada döwletleriň mysalynda alanymyzda hem güýjüni ýitirmeýär. Her bir ýurtda garaşsyzlyk gazanylmagynyň ýa-da onuň döredilmeginiň ýubileý ýyllarynda yzda galan menzillere nazar aýlap, geçen döwürden netije çykarylýar. Şu ýerde Wladimir Nabokowyň “ýaşalan günlere däl, ýatda galan günlere ömür diýilýär” diýen jümlesi aňyma dolýar. Eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň taryh üçin örän gysga wagtda geçen şöhratly ýoluna seredip, munuň hakykatdan hem şeýledigine göz ýetirýärin. Heniz juwan ýaşynda gymmaty asyrlar bilen ölçenilýän öňegidişlikleri gazanan Diýarymyzyň ömrüniň hasabyna girýän günleriniň barmak basyp sanardan kändigi ylhamymy joşduryp, göwün guşumy ganatlandyrýar. Institutymyz tarapyndan “Garaşsyzlyk, Bitaraplyk – ösüşiň goşa ganaty” ady bilen tutuş GDA-nyň talyplarynyň arasynda yglan edilen bäsleşik bolsa ýürek joşgunymyň kagyz ýüzüne geçmegine itergi berdi.
Ynha, sanlyja günden Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny yglan edenine 30 ýyl dolýar. Mundan bary-ýogy 30 ýyl ozal dünýä kartasynda peýda bolan döwletimiz taryh üçin göz açyp ýumasy salym diýilýän gysgajyk döwürde dünýäniň iň öňdebaryjy ýurtlarynyň hataryna goşulmagy başardy. Ata Watanymyzyň şeýle çalt depginler bilen ösmeginde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, BMG tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň mizemez orny bardyr. Mukaddes Garaşsyzlygymyz bize milli özbaşdaklygy gazandyran bolsa, baky Bitaraplygymyz biziň dünýä ýurtlary bilen hoşmeýilli diplomatik gatnaşyklarymyzyň ösmegine, dünýä ykdysadyýetine, bütindünýä söwda ulgamyna has içgin aralaşmagymyza oňyn täsirini ýetirdi. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde Garaşsyzlygy we Bitaraplygy ösüşiň goşa ganatyna öwren ata Watanymyzyň üstünlikler asmanyndaky perwazy barha belende galýar. Bu belent perwaz bolsa mähriban halkymyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap alyp barýar. Men hem bäsleşige hödürleýän şu makalamda Watanymyzyň 30 ýyllyk perwazynyň dowamynda ýurdumyzyň söwda we telekeçilik ulgamynda ýetilen belent sepgitler hakynda giňişleýin durup geçmegi makul bildim.
Bir ýurduň halkynyň hal-ýagdaýyny bilmek isleseň, onuň bazaryna baryp görmek ýeterlik diýýärler. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda geçirilen özgertmeler, söwda ulgamynda geçirilen toplumlaýyn işler bu günki günde ak bazarlarymyzda haryt bolçulygy, baha elýeterliligini gazanmaga mümkinçilik berdi. Häzirki wagtda guşuň süýdem bolsa tapgyrjak diýilýän bolelinlik çeşmesi bolan bazarlarymyz bolsa halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşaýandygynyň iň ilkinji subutnamalarynyň biridir.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde ýurt özbaşdaklygymyzyň ilkinji ýyllaryndan bäri halkara söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan ýerli önümçilikleri yzygiderli artdyrmak, ýurdumyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmak, halka hödürlenýän söwda hyzmatlaryny kämilleşdirmek işleri derwaýys meseleleriň hatarynda goýulýar. Bu babatda Bitaraplyk taglymaty Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy, ynanyşmagy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň düýp özeni bolup durýar. Bagtyýarlyk döwrümizde dünýäniň dürli döwletleri bilen özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça işler giň gerimde dowam edýär. Milli Liderimiziň döwletli başlangyçlary bilen alnyp barylýan hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk derejämize esaslanýan parahatsöýüjilikli syýasatymyz ýurdumyzyň daşary söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň barha uly ösüşlere eýe bolmagy üçin şert döredýär. Netijede, ýurdumyzyň sebitiň we dünýäniň beýleki ýurtlary bilen söwda gatnaşyklary ýylsaýyn işjeňleşýär. Munuň şeýledigine ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky söwda öýleriniň sanynyň barha artmagy-da şaýatlyk edýär. Häzirki wagtda üstünlikli hereket edýän Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherindäki «Türkmenistanyň söwda öýi» jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetini, Belarus Respublikasyndaky «Türkmen-Belarus söwda öýi» jogapkärçiligi çäklendirilen bilelikdäki jemgyýetini, Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherindäki «Türkmen-Türk söwda öýi» jogapkärçiligi çäklendirilen paýdarlar jemgyýetini aýdylanlara mysal görkezmek bolar. Olar daşary söwda gatnaşyklarynyň işini kämilleşdirmek, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek ugrunda uly işleri durmuşa geçirýärler.
Geçen ýylyň 22-nji iýulynda Bütindünýä söwda guramasynyň Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasynda geçirilen BSG-niň Baş geňeşiniň mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň bu abraýly gurama synçynyň derejesini almaga bolan sargydyna garalmagy we ýurdumyza Bütindünýä söwda guramasyna synçynyň derejesini bermek hakyndaky çözgüdiň biragyzdan kabul edilmegi hem ýurdumyzda söwdany we telekeçiligi ösdürmekde ädilen örän möhüm ädimleriň biridir. Öz gezeginde ýurdumyzyň BSG-niň synçysy derejesine eýe bolmagy milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösüşini, daşary söwda gatnaşyklarynda eýeleýän ornunyň berkidilmegini, köptaraply hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini, daşary ýurt maýa serişdeleriniň çekilmegini şertlendirjekdigini aýratyn nygtamagymyz gerek. Şeýle hem bu dereje geljegi uly täjirçilik we söwda strategiýasyny işläp taýýarlamakda, olaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde ähmiýetli bolar. Şeýle-de Bütindünýä söwda guramasyna synçynyň derejesine eýe bolunmagynyň artykmaç tarapy, ýurtlar üçin öz önümçiligini ösdürmek, eksport möçberlerini artdyrmak, şeýle hem bazar gatnaşyklarynyň özgertmeleriniň durnukly ösüşini üpjün etmek mümkinçiligini döredýändigidir.
Garaşsyzlyk ýyllarynda Söwda ulgamynda ýurdumyzyň ilatynyň azyk önümlerine bolan isleglerini ýeterlik derejede kanagatlandyrmak, harytlaryň bahalarynyň elýeterliligini gazanmak uly işler durmuşa geçirildi. Bu işde türkmen telekeçileriniň hem mynasyp goşantlary bar.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 2008-nji ýylyň 17-nji martynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmegi, 2019-njy ýylyň oktýabrynda «Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hakynda (rejelenen görnüşi)» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi bilen, guramanyň işiniň hukuk, guramaçylyk, ykdysady esaslarynyň kesgitlenmegi telekeçiligi ösdürmekde ädilen taryhy ädimlerdir. Häzirki döwürde Birleşmäniň 25 müňe barabar agzasy bolup, ol ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň birine öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiz telekeçiligi ýurdumyzyň altyn gaznasyna deňäp, işewürlere uly ynam bildirýär. Häzirki wagtda döwlet Baştutanymyzyň parasatly baştutanlygynda, türkmen telekeçileriniň iri senagat kärhanalaryny, döwrebap söwda toplumlaryny, durmuş-medeni maksatly desgalary gurmaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzyň hususyýetçileri tarapyndan ekologiýa taýdan arassa we daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyply ýokary hilli önümleriň öndürilmegi bolsa türkmen telekeçileriniň döredilýän mümkinçiliklere mynasyp jogap gaýtarýandyklarynyň aýdyň subutnamasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň: «Türkmen telekeçileri şäherleri gurmaga ukyplydyr» diýen sözlerinden göwünleri joşa gelýän türkmen telekeçileri häzirki wagtda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň, Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkezini gurmak baradaky taslamalaryň we beýleki iri desgalardyr binalaryň gurluşyklaryny güýçli depginde dowam edýärler.
Hususyýetçilik barada söz gozgalanda aýratyn bellemeli zatlarymyzyň ýene biri-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän senagat zolagynda türkmen telekeçileriniň yhlasy bilen döwrebap önümçiliklerdir hyzmatlaryň ösen merkeziniň kemala gelmegidir. Garaşsyzlyk ýyllarynda bu ýerde senagatyň dürli ugurlaryna degişli kärhanalar döredilip, bu günki günde olar öndürýän önümleriniň ýerine ýetirýän hyzmatlarynyň köpugurlylygy bilen uly öwga mynasyp bolýarlar. Senagat zolagyndaky kärhanalar tarapyndan çig mal serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagy netijesinde diňe içerki bazarda däl, eýsem, daşary ýurtlarda hem uly islegden peýdalanýan gurluşyk serişdeleriniň, senagat harytlarynyň dürli görnüşleriniň uly möçberleri öndürilýär.
Hormatly Prezidentimiz elmydama milli ykdysadyýetimiziň döwlete dahylsyz böleginiň mümkinçilikleriniň hasabyna ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmekligi hem-de Watanymyzyň senagat we eksport kuwwatyny yzygiderli artdyrmaklygy aýratyn üns merkezinde saklaýar. Milli Liderimiziň ýurdumyzda gök-bakja we miwe önümleriniň öndürilişini artdyrmak hem-de ilatymyzy bu önümler bilen üpjün etmek barada berýän tabşyryklaryna laýyklykda, her ýylda ýurdumyzda ýeralma, gök-bakja we beýleki azyklyk oba hojalyk ekinleriniň bol hasyly ýetişdirilýär. Bu işde türkmen telekeçilerine hem aýratyn orun degişli. Muňa mysal hökmünde olar tarapyndan her ýyl ýüz müňlerçe tonna gök önüm, ýeralma hasylynyň alynýandygyny görkezmek bolar.
Milli Liderimiziň ýurdumyzyň ähli ugurlarynyň döwür bilen aýakdaş gitmegi barada edýän tagallalary telekeçilikde hem öz miwesini berýär. Mysal hökmünde soňky ýyllarda türkmen telekeçileriniň elektron senagatyny ösdürmek babatda-da gazanan öňegidişliklerini agzamak bolar. Has takygy, häzirki wagtda “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýeti “Tolkun” we “Zemin” haryt nyşanly smart telewizorlary, IP-týunerleri we LED lampalary öndürmekligi ýola goýdy. Geljekde bolsa, bu önümleri daşary ýurtlara hem eksport etmek meýilleşdirilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň yzygiderli goldaw bermegi netijesinde, oba hojalygy bilen meşgullanýan telekeçileriň sany günsaýyn barha köpelýär. Netijede, ýurdumyzda döwrebap maldarçylyk hem-de guşçulyk toplumlary, ýyladyşhanalar, azyk we gaýtadan işleýän kärhanalar gitdigiçe artýar. Bu bolsa öz gezeginde içerki bazarlarymyzyň öz öndürýän azyk önümlerimiz bilen ýeterlik derejede üpjün edilmegine mümkinçilik berýär. Bularyň ählisi bolsa azyk önümleriniň daşyndan getirilýän mukdarynyň ýyl-ýyldan azalmagyna ýardam edýär. Ýeri gelende bellesek, şu wagta çenli Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň tarapyndan döwrebap ýyladyşhanalaryň 140-dan gowragy gurlup, ulanylmaga berildi we şeýle desgalaryň ýene-de onlarçasynyň gurluşygy dowam edýär. Bu ýyladyşhanalarda öndürilýän ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli gök önümler içerki bazarlary üpjün etmäge we eksporty artdyrmaga mümkinçilik berýär.
Şulardan görnüşi ýaly, ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak, dürli görnüşli azyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak boýunça söwda toplumynda alnyp barylýan işler milli Liderimiziň baştutanlygynda Türkmenistanda azyk bolçulygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň işjeň durmuşa geçirilýändigini görkezýär. Şolaryň esasynda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikler döredilip, gündelik sarp edilýän önümleriň öndürilişi barha artýar. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryndan ugur alnyp, söwda toplumyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak we azyk önümlerine bolan islegleri öwrenmek hem-de doly kanagatlandyrmak, alyjylara edilýän hyzmatlaryň medeniýetini ýokarlandyrmak boýunça-da birnäçe işler alnyp barylýar.
Ýokarda agzalanlar Garaşsyzlyk ýyllarymyzda baky Bitarap ýurdumyzda diňe bir pudakda gazanylan üstünlikleriň örän gysgajyk beýany. Olar deňziň bary-ýogy bir damjasy. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylan özgertmeler, ýetilen belent sepgitler bolsa ullakan deňiz ýaly gözýetmez. Ol ümmülmez deňziň kenarlary bolsa günsaýyn giňemek bilen. Şol deňze iň bolmanda bir damja goşant goşmak bolsa biziň her birimiziň mukaddes raýatlyk borjumyzdyr.
Mätgurban MÄTGURBANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy hünäriniň 1-nji ýyl talyby.
Latest News
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI