Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
    • International cooperation
      • Meetings
        • BOOK AWARD CEREMONY BY THE NIPPON FOUNDATION
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
        • A training session on the Sustainable Development Goals was held
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / Articles / Duşenbe şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň V Konsultatiw duşuşygy geçiriler
    Duşenbe şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň V Konsultatiw duşuşygy geçiriler
    Duşenbe şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň V Konsultatiw duşuşygy geçiriler
    Duşenbe şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň V Konsultatiw duşuşygy geçiriler
    15/09/2023

    1108

    Duşenbe şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň V Konsultatiw duşuşygy geçiriler

    Türkmenistan dünýäniň we sebitiň döwletleri bilen syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde hoşniýetli goňşuçylyga, ynsanperwerlige esaslanýar. Häzirki wagtda Türkmenistan goňşy döwletler bilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça birnäçe başlangyçlary bilen çykyş edýär. Şonuň bilen baglylykda, ýurdumyz 2023-nji ýylyň 14-15-nji sentýabrynda Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmonyň başlyklyk etmeginde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň V Konsultatiw duşuşygyna gatnaşmaga taýýarlyk görýär.
    Ýatlap geçsek, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň I Konsultatiw duşuşygy 2018-nji ýylyň martynda Astanada, II duşuşygy 2019-njy ýylyň noýabrynda Daşkentde, III duşuşygy 2021-nji ýylyň awgustynda Türkmenistanda — «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, IV duşuşygy 2022-nji ýylyň iýun aýynda Gyrgyzystanyň Çolpon-Ata şäherinde geçirildi. Döwlet Baştutanlary bu duşuşyklaryň dowamynda sebitde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmekde tagallalary birleşdirmegiň zerurdygyny aýratyn belläp geçdiler.
    Öňüni alyş diplomatiýasynyň gurallaryny, parahatçylygy döretmek we hoşniýetli araçyllyk usullarynyň giňden ulanylmagynyň Merkezi Aziýada hem-de ýanaşyk Orta Gündogar sebitindäki ýüze çykýan dartgynly ýagdaýlary kadalaşdyrmakda uly ähmiýete eýe bolandygyny aýratyn nygtamak bolar. Munuň şeýledigini Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça 2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň üçünji Konsultatiw duşuşygynda, şeýle hem onuň bilen ugurdaş geçirilen çäreleriň toplumynda bellenilip geçildi. Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň üçünji Konsultatiw duşuşygynyň jemleri boýunça kabul edilen bilelikdäki duşuşygynda Taraplar sebiti ulgamlaýyn we yzygiderli esasda ösdürmegiň möhüm meselelerine seretmek üçin hemişelik hereket edýän konsultatiw platforma hökmünde Merkezi Aziýada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk boýunça dialogy döretmek hakyndaky meseläni ara alyp maslahatlaşdylar.
    Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň 22-nji iýulynda geçen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň 4-nji Konsultatiw duşuşygyndaky çykyşynda belläp geçişi ýaly, Türkmenistan esasy dört ugra ünsi çekýär:
    Birinjiden, sebitiň döwletlerinde içerki ýagdaýy durnuksyzlaşdyrmaga synanyşyklar jebisligi we bilelikde olara garşy durmakda aýgytlylygy talap etmeklige;
    Ikinjiden, ekstremistik we radikal güýçleriň Merkezi Aziýa aralaşmak synanyşygy we terrorçylyk howpy, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygy we hukuga garşy işleriň beýleki görnüşlerine;
    Üçünjiden, sebitiň serhetleriniň golaýynda bolup geçýän harby-syýasy gapma-garşyayklaryň netijeleriniň Merkezi Aziýadaky ýagdaýa ýetirip biläýjek ýaramaz täsirine;
    Dördünjiden, maglumat tehnologiýalarynyň bikanun ulanylmagy we Merkezi Aziýa halklarynyň taryhy däplerine, olaryň ýaşaýyş-durmuşynyň esasy gymmatlyklaryna we asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýörelgelerine çapraz gelýän pikirleriň, garaýyşlaryň daşyndan zorluk bilen ornaşdyrmaga synanyşylmagyna;
    Türkmenistan sebit döwletleriniň özara tagallalaryny birleşdirmekde öňüni alyş diplomatiýasynyň işjeň ulanylmagyna aýratyn ünsi çekýär. Bulardan başga-da, duşuşygyň barşynda oňa gatnaşyjylar sebitiň hyzmatdaşlyk meselelerini, şeýle hem ýurtlaryň arasynda söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
    Ynha, şu ýyl hem Täjigistanyň Duşenbe şäherinde geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň V Konsultatiw duşuşygy hem sebitdäki umumy meseleleri birleşip çözmekdäki edilýän uly işleriň biridir. Şeýle hem, ýene-de bir möhüm duşuşyk – Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň sammiti geçiriler.

    Batyr ESENOW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara gatnaşyklary fakultetiniň III ýyl talyby.

    Latest News

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI