Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
    • International cooperation
      • Meetings
        • BOOK AWARD CEREMONY BY THE NIPPON FOUNDATION
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
        • A training session on the Sustainable Development Goals was held
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / Articles / DURNUKLY ÖSÜŞE ÝETMEKDE ÝAŞYL YKDYSADYÝETIŇ ORNY
    DURNUKLY ÖSÜŞE ÝETMEKDE ÝAŞYL YKDYSADYÝETIŇ ORNY surady
    29/03/2024

    1347

    DURNUKLY ÖSÜŞE ÝETMEKDE ÝAŞYL YKDYSADYÝETIŇ ORNY

    Türkmenistan baý we täsin ösümlikdir haýwanat dünýäsi bilen tapawutlanýar. Tebigatyň eçilen bu ajaýyp gözelligini gorap saklamak, ylmy taýdan çuňňur öwrenmek we geljekki nesillere ýetirmek häzirki döwrüň esasy aýratynlygydyr. Şu jähetden hem ýurdumyz bagy-bossanlyga bürenýär, tebigat bilen sazlaşykda ýaşamaga yhlas edilýär, tebigaty goramak babatda durmuşa geçirilýän işler barha rowaçlanýar. Döwletimiziň «ýaşyl syýasaty», şol sanda ýurdumyzyň ähli künjegini gurşap alan bag ekmek maksatnamasy ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge, daşky gurşawy goramaga, biodürlüligi saklamaga hem-de rejeli peýdalanmaga gönükdirilendir. Soňky döwürde jemgyýetimizde ekologiýa babatda bilimleriň we ekologiýa medeniýetiniň durmuş ähmiýeti ýokarlanýar, ekologiýa ylmynyň nazary we amaly ugurlary ösdürilýär. Ýaşlaryň ekologiýa medeniýetini kämilleşdirmäge we olarda tebigata aýawly garaýşy terbiýelemäge gönükdirilen çäreleriň toplumyny işläp taýýarlamak döwrüň öňe sürýän wezipesidir. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda hem ýaş raýatlarda ekologiýa medeniýetini we daşky gurşawa aýawly garaýşy terbiýelemek boýunça degişli çäreleri durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar.
    Köpetdagyň ajaýyp dag eteginde ýerleşýän Arkadag şäheri öňdebaryjy, sanly maglumat-aragatnaşyk we «ýaşyl» tehnologiýalara esaslanýan döwrebap «akylly» şäheriň aýdyň nusgasydyr. Bu ýerde ekologiýa ýaly möhüm ugra aýratyn üns berilýär. Şäheriň birinji tapgyryndaky desgalaryň gurluşygynda ekologik taýdan arassa serişdeler ulanyldy. Arkadag şäheriniň «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, ýaşyl, howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek» taslamasyna goşulandygy baradaky güwänamanyň berilmegi bu ulgamda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülýändigine şaýatlyk edýär.
    Türkmenistanda sebitiň ekologik ýagdaýyny düýpli gowulandyrmaga gönükdirilen taslamalaryň biri hem Garagumyň goýnunda döredilen «Altyn asyr» Türkmen kölüdir. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi diňe biziň ýurdumyz üçin däl, eýsem, tutuş sebit üçin uly ähmiýete eýedir. Bu gidrotehniki toplum Garagum sährasynyň tebigy gurşawyna, tutuş sebitiň ekologik ýagdaýlaryna oňyn täsirini ýetirip, möhüm durmuş-ykdysady meseleleri çözmäge, şol sanda suw we ýer serişdelerini netijeli ulanmaga, çöl ýerlerini özleşdirmäge, öri meýdanlaryny artdyrmaga, maldarçylygy hem-de ekerançylygy ösdürmäge amatly şert döredýär. Hazar deňziniň tämiz howaly kenarynda döredilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy hem ekologiýa syýahatçylygyny söýýänler üçin hakyky eşret mekanydyr.
    2023-nji ýylyň ahyrynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen Bütindünýä howa sammiti ählumumy ekologiýa meseleleri bilen bagly wajyp wezipeleri çözmekde soňky ýyllarda dünýäniň döwletlerini hem-de guramalaryny bir ýere jemlän iri sammitleriň biri boldy. Hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatyna (СOP28) gatnaşmak üçin 2023-nji ýylyň 1-2-nji dekabrynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherine amala aşyran iş sapary ählumumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we ilerletmäge gönükdirildi. Hormatly Prezidentimiziň sammitde eden çykyşyndaky howanyň üýtgemegi hem-de ekologiýa howpsuzlygy baradaky milli garaýyşlaryň beýanynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde BMG-niň alty resmi dilinde neşir edilip ýaýradylmagy ýurdumyzyň hem-de dünýäniň ekologiýa strategiýalary babatda möhüm çäredir. Bu «ýaşyl» konsepsiýa Aşgabatda BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça Sebit merkeziniň açylmagyna, şeýle hem ekologiýa, daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegi ýaly wajyp wezipeleri çözmekde halkara jemgyýetçiligiň tagallalaryny birleşdirmäge niýetlenendir. Dubaý sammiti diňe adamzadyň geljegi üçin aýratyn möhüm ähmiýeti bilen däl, eýsem, Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulmagy bilen hem häzirki zaman taryhynyň sahypasynda baky galdy. Häzirki wagta çenli BMG-niň metan boýunça halkara borçnamasyna dünýäniň 140-dan gowrak döwleti goşuldy.
    Ekologiýa ugry ählumumy derejedäki durnukly ösüşiň aýrylmaz şertidir. Mälim bolşy ýaly, degişli ugurda Milli Liderimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Rio+20» Bütindünýä maslahatynda, Durnukly ösüş boýunça bütindünýä maslahatynda, III Bütindünýä suw maslahatynda oňyn başlangyçlary öňe sürüpdi. Hormatly Prezidentimiziň durnukly ösüş boýunça geçirilýän ýokary derejedäki sammitlerde edýän taryhy çykyşlarynda hem Bitarap Türkmenistanyň netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen teklipleri uly goldawa eýe bolýar. BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerinde bu möhüm ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmek barada çykyş edýän Türkmenistan tutuş adamzady tolgundyrýan meseleleriň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamakda işjeň orun eýeleýär. Türkmenistanyň başlangyçlary boýunça soňky ýyllarda BMG-niň Baş Assambleýasy «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk», BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we durmuş komissiýasy «BMG-niň Aral deňziniň basseýni üçin ýörite maksatnamasyny döretmek bilen baglanyşykly» atly Kararnamalary kabul etdi.
    «Türkmenistan BMG-niň geljek ýyllar üçin işiniň esasy ugurlarynyň arasynda howa we ekologiýa meselelerini çözmegi möhüm hasaplaýar» diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda aýtdy. Bu garaýyşda ekologiýa meselelerine orun bermäge, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ählumumy taýýarlyk öz beýanyny tapdy. Şeýlelikde, Türkmenistan ekologiýa meselelerini çözmek boýunça ýokary derejede hyzmatdaşlyk etmek üçin halkara platforma bolmaga hemişe taýýardyr.

    Aýmyrat MUHAMOW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara ykdysady gatnaşyklary hünäriniň I ýyl talyby.

    Latest News

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI