09/01/2024
1018
Dünýäniň okgunly ösýän ykdysadyýeti
Gresiýanyň maliýe çökgünliginden çykmagy hem-de 2022-nji ýylda 5,9 göterim ykdysady ösüş depgini bilen pandemiýanyň ýaramaz täsirinden «doly silkinmegi» ýurduň ykdysady taryhynyň üstünlikli wakasy boldy. 2022-2023-nji ýyllarda halkara syýahatçylygyň ösmegi Gresiýanyň ykdysady ösüşinde möhüm ähmiýete eýedir. Çünki 2023-nji ýylda ýurduň hökümeti diňe bir Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen arasyndaky howa gatnawlarynyň sanyny hepdede 63-e çenli ýokarlandyrdy. «Delta Air Lines» kompaniýasy 2023-nji ýylda ilkinji gezek Boston — Afiny aralygynda göni uçuşy amala aşyryp başlady. Mundan başga-da, ikitaraplaýyn syýahatçylygyň akymyny artdyrmak maksady bilen, ABŞ-nyň birnäçe gatnaw kompaniýalary öň bar bolan göni uçuşlaryň sanyny köpeltdiler we täze ugurlar boýunça gatnawlary ýola goýdular. Şol bir wagtyň özünde-de, Gresiýada daşary ýurt maýa goýujylar, hususan-da, amerikan kompaniýalary tarapyndan goýulýan maýalaryň depginli ösüşi hasaba alyndy. Amerikanyň Birleşen Ştatlary «Applied Materials», «AWS», «Cisco», «Digital Reality», «Google», «J.P.Morgan», «Meta», «Microsoft», «Pfizer» ýaly meşhur kompaniýalarynyň maýalary bilen Gresiýadaky 8-nji göni maýa goýujy ýurt boldy. Gönükdirilen maýa goýumlaryň netijesinde ýurtda iş mümkinçilikleri köpeldi, işsizligiň derejesi bolsa ep-esli peseldi.
2023-nji ýylyň oňyn ykdysady görkezijileriniň netijesinde Gresiýa «The Economist» neşiri tarapyndan «Dünýäniň iň üstünliklikli ykdysadyýeti» diýlip yglan edildi. Bilermenler ýokary derejeli ykrarnamany ýurtlaryň ykdysadyýetindäki bäş görkeziji: hümmetsizlenme, iş üpjünçiligi, jemi içerki önüm, iş orunlary, birža söwdalary boýunça kesgitlediler. Neşiriň ýazmagyna görä, Gresiýanyň bassyr 2-nji gezek «dünýäniň iň üstünlikli ykdysadyýeti» adyna mynasyp bolmagyna ýene bir oňyn waka — grek biržasynyň gymmatynyň 40 göterim ýokarlanmagy ýardam berdi. Muňa garamazdan, bilermenler häzirki wagtda ýurduň «2010-njy ýyllaryň başlaryndakydan has garypdygyny» aýdýarlar. Bilermenleriň gürrüňini edýän 2010-njy ýyllarynda ýurduň hökümeti maddy kemçilikleri aradan aýyrmak maksady bilen, Ýewropa Bileleşiginden 3 sany ykdysady kömek bukjasyny aldy. 2010 — 2015-nji ýyllar aralygynda alnan goldaw bukjalarynyň netijesinde ýurduň ykdysadyýeti 25 göterime çenli pese gaçdy — pensiýalar azaldyldy, salgytlar köpeldi. Ýöne 2018-nji ýylyň awgust aýynda Gresiýa 3-nji daşarky makro-maliýe kömek maksatnamasyny üstünlikli tamamlap, karz berijileriň «berk daşarky dolandyryş ulgamyndan» çykmagy başardy.
Ýeri gelende bellesek, Koreýa Respublikasy, ABŞ, Ysraýyl, Lýuksemburg dünýäniň iň üstünlikli ykdysadyýetli ýurtlarynyň sanawynyň ilkinji bäşligini emele getirdiler.
***
Häzirki wagtda Gresiýa 243 milliard amerikan dollarlyk jemi içerki önümi bilen dünýäde 53-nji, ýyllyk 417 milliard amerikan dollarlyk satyn alyş güýji bilen bolsa 54-nji ýerde durýar. Halkara pul gaznasynyň 2023-nji ýyl üçin bütindünýä ykdysady garaýyş baradaky hasabatyna laýyklykda, Gresiýanyň ykdysadyýeti sebitdäki ortaça 0,7 we 1,2 göterim ösüş depginlerinden ep-esli ýokary bolar. Has dogrusy, ýurduň ykdysadyýetiniň tamamlanan ýylyň jemleri boýunça 2,5, 2024-nji ýylda bolsa 3 göterim ösmegine garaşylýar. Dürli maksatly goýlan maýa goýumlaryň mukdarynyň bolsa 2023-nji ýylyň jemleri boýunça 8,3, şu ýyl bolsa 12,1 göterim bolar. Şol bir wagtyň özünde-de gaznanyň degişli bilermenleriniň çaklamalaryna görä, ýurtdaky hümmetsizlenme derejesi geçen ýylyň jemleri boýunça 4,1 göterim peseldi, üstümizdäki ýylda bolsa 2,8 göterime çenli aşak düşer. Geçen ýyl 2021-nji ýyldaky işsizlik 12,4-den 10,8 göterime çenli azaldy. Bu görkezijiniň 2024-nji ýylda 9,3 göterime çenli peselmegine garaşylýar. Şeýle-de ýurduň adam başyna düşýän jemi içerki önümi 23,173, satyn alyş güýji bolsa 39,864 amerikan dollaryna deň boldy.
ABŞ-nyň global maglumatlar we işewürlik boýunça statistik platformasynyň hasabatyna laýyklykda, Gresiýanyň jemi içerki önümiň 2023 — 2028-nji ýyllar aralygynda goşmaça 19,64 göterim ýa-da 47,6 milliard amerikan dollary möçberinde ýokarlanar. Şeýle-de 2023 — 2028-nji ýyllar aralygynda ýurduň adam başyna düşýän jemi içerki önüminiň ösüşi 20,29 göterime ýa-da 4700,8 amerikan dollaryna deň bolar. Şeýlelikde, 2028-nji ýylda ýurduň jemi içerki önümi häzirki bahalar bilen alnanda 289,95 milliard amerikan dollaryna, adam başyna düşýän jemi içerki önümi bolsa 27,873,83 amerikan dollaryna ýeter.
Eksport-import söwdalary
Gresiýanyň esasy eksport harytlary gaýtadan işlenen nebit (23,1 milliard amerikan dollary), derman serişdeleri (5,98 milliard amerikan dollary), alýumin örtükler (1,85 milliard amerikan dollary), pagta (1,42 milliard amerikan dollary), peýnir (1,27 milliard amerikan dollary) bolup durýar. Şeýle-de Gresiýa konserwirlenen miweleriň we hozuň eksporty boýunça dünýäniň iň öňdebaryjy ýurdy hasaplanýar. Ady agzalan harytlaryň alyjylarynyň hatarynda Italiýanyň, Germaniýanyň, Kipriň, Türkiýe Respublikasynyň, Fransiýanyň atlary agzalýar.
Ýurduň import harytlarynyň hatarynda çig nebit (19,7 milliard amerikan dollary), gaýtadan işlenen nebit (6,53 milliard amerikan dollary), lukmançylyk serişdeleri (3,63 milliard amerikan dollary), awtoulaglar (2,22 milliard amerikan dollary) bar. Bu harytlar ýurda, esasan, Hytaýdan, Germaniýadan, Yrakdan, Italiýadan, Russiýa Federasiýasyndan getirilýär.
Gresiýanyň Milli statistika gullugynyň habar bermegine görä, ýurduň eksporty 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda 4227,2 million ýewro, oktýabrynda bolsa 4421,3 million ýewro deň boldy. Soňky 20 ýylyň içinde ýurduň iň ýokary eksport görkezijisi 2022-nji ýylyň iýun aýynda hasaba alyndy. Şonda daşarky bazarlara 5437,8 million ýewrolyk grek harytlary çykaryldy.
2021-nji ýylda Gresiýa jemi 82 milliard amerikan dollarlyk milli önümlerini daşarky bazarlara ugradyp, dünýäniň 44-nji iň uly eksportçysy boldy. Maglumatlara görä, 2016-njy ýylda ýurduň eksport kuwwaty bary-ýogy 28,3 milliard amerikan dollaryna deňdi. Şol ýyldan 2021-nji ýyla çenli, Gresiýanyň eksporty 53,7 milliard amerikan dollary möçberinde ýokarlandy.
Oba hojalygy
Bu pudak Gresiýanyň ykdysady işjeňliginde hem-de iş üpjünçiliginde möhüm orny eýeleýär. Oba hojalyk önümleriniň eksporty ýurduň eksport kuwwatynyň üçden bir bölegini, jemi içerki önümiň bolsa 4,1 göterimini emele getirýär. Ýurduň oba hojalygynyň 47,9 göterimini ekin meýdanlary, 29,5 göterimini agaç nahallary, 22,4 göterimini beýleki ekinler we öri meýdanlary tutýar. Gresiýanyň Milli statistika gullugynyň hasabatyna laýyklykda, ýurduň oba hojalygynyň jemi içerki önümi 2023-nji ýylyň ikinji çärýeginde 1829,41 million ýewro, üçünji çärýeginde bolsa 1816,06 million ýewro deň boldy.
Ýurtda oba hojalyk ekinlerinden, esasan, mekgejöwen, bugdaý, arpa, gant şugundyry, şetdaly, üzüm, ýeralma, pyrtykal ösdürilip ýetişdirilýär. Hasylyň aglaba bölegi Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlara, Kanada, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna, Awstraliýa, Hytaýa, Ýaponiýa eksport edilýär.
Häzirki wagtda Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň diňe üçüsinde pagta ösdürilip ýetişdirilýär. Gresiýa bu babatda esasy ýurt bolup, Bileleşigiň pagta meýdanynyň 80 göterimini özünde jemleýär. Grek pagtasynyň esasy alyjysy Türkiýe Respublikasy bolup, ol eksportyň 58 göterimini düzýär. Gresiýanyň Milli statistika gullugynyň deslapky hasabatyna laýyklykda, ýurduň pagta önümçiliginiň 2026-njy ýyla çenli 0,2 göterim ýokarlanyp, takmynan, 450 million amerikan dollaryna deň bolmagyna garaşylýar. Ýeri gelende aýtsak, Gresiýa dünýäniň iň uly 10-njy pagta öndürijisi hasaplanýar. Şeýle-de Gresiýa zeýtun ýetişdirmekde hem dünýäniň öňdebaryjy ýurdy hökmünde bellidir. Has dogrusy, ýurduň ekin meýdanlarynyň 60 göterime golaýy zeýtun üçin ulanylýar. Daýhanlar tarapyndan ýylda zeýtun hasylynyň 2 million tonnadan gowragy alynýar. Şeýle-de ýurtda hasyly gaýtadan işleýän 2800-den gowrak kärhana hereket edýär.
Internet maglumatlary esasynda sahypany taýýarlan:
Jahantäç ÖWEZOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby
Çeşme:
«Biznes reklama» gazeti, 8.01.2023 ý. // Dünýäniň okgunly ösýän ykdysadyýeti
Latest News
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI