Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
    • International cooperation
      • Meetings
        • BOOK AWARD CEREMONY BY THE NIPPON FOUNDATION
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
        • A training session on the Sustainable Development Goals was held
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / Articles / Dostluk mekanynyň parahatçylyk mukamy
    Dostluk mekanynyň parahatçylyk mukamy surady
    30/11/-0001

    4140

    Dostluk mekanynyň parahatçylyk mukamy

    «Garaşsyzlyk, Bitaraplyk - ösüşiň goşa ganaty» atly
    çeper-publisistik makalalar bäsleşigine

    Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda agzybir halkymyz yhlasly we tutanýerli zähmeti bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap watanymyzy ösüşleriň täze belentliklerine ilerledip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyny uly üstünlikler, buýsandyryjy netijeler bilen garşylaýar. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk baýramy ata-babalarymyzyň wesýet eden ynsanperwer ýörelgeleriniň doly durmuşa geçirilýändiginiň, özygtyýarly döwlet, adalatly jemgyýet hakynda asyrlarboýy edip gelen arzuwlarynyň hasyl bolandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Bu baýram gazanan üstünliklerimize buýsanç döredýän, beýik geljegimize ynamy berkidýän baýramdyr!

    Agzybirlik, asudalyk, parahatçylyk ähli halklar üçin iň zerur gymmatlyk hasaplanylýar. Sebäbi asuda asmanly parahat ýurdyň raýatlary bagtyýar durmuşyň, eşretli zamananyň hözirini görüp ýaşaýarlar. Milli Liderimiz «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda: «Parahat we agzybir durmuşyň gözbaşy köňlüň bitewüligindedir. Parahatçylyk söýüjilikli taglymat bolsa türkmen edebiýatynyň, sazynyň gözbaşlaryndan gaýdyp, tereňlik bilen nepesiňi durlaýar. Ýaşaýşyň süýjiligi parahatçylykda. Halkymyzyň gulagy dynçlyk, rahatlyk, arzuwlarynyň gözbaşy — Zeminiň parahat ýaşaýşy hakyndaky arzuwlardyr» diýip belleýär. Hakykatdanam, 30 ýyl mundan öň öz Garaşsyzlygyna eýe bolan döwletimiz parahatçylyga, ynsanperwerlige, dost-doganlyga esaslanýan ösüş ýoluny saýlap alyp, bu gün dünýäde iň bir çalt depginler bilen ösýän, parahatçylygyň, agzybirligiň, asudalygyň höküm sürýän ýurdy hökmünde uly at-abraýdan peýdalanýar.
    Garaşsyzlygymyz we Bitaraplygymyz bize aýdyň geljegi nazarlamaga, beýik sepgitlere ýetmäge, dünýäniň belent münberinden hoşniýetliligimizi beýan etmäge, agzybir milletimizi, aýdym-saz sungatymyzy dünýä tanatmaga, hyzmatdaşlyga giň ýol açmaga mümkinçilik berdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu gün Bitaraplyk aňyýeti türkmen aňynyň, türkmen durmuşynyň, milli ýörelgelerimiziň, döwlet syýasatymyzyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Garaşsyzlygyny gazanyp galkynan milletimiziň Bitaraplygy onuň milli buýsanjyna, daşynyň dagdan galasyna öwrüldi. Türkmen Bitaraplygy milletiň ruhy-ahlak kökleri bilen berk baglanyşyklydyr. Milletimiziň häsiýet aýratynlygyna, däp-dessurlaryna nazar aýlanymyzda, onuň ylalaşykly, geleşikli, parahatçylyk söýüji halkdygyny görýäris.
    Hormatly Prezidentimiz özüniň medeniýet diplomatiýasynda daşary döwletler bilen medeni gatnaşyklara uly orun berýär. Döwlet syýasatynda medeni hyzmatdaşlygy ileri tutan ýurtlar taryhyň islendik döwründe-de parahatçylykda ýaşap, dost-doganlarça söwda we ykdysady gatnaşyklaryny alyp barypdyrlar. Şonuň üçin medeniýet tutuş bir halkyň ruhy dünýäsini özgerdip, dürli halklaryň kalplaryna köpri bolup, dost-doganlyga ýol açýar. Sungat, medeniýet arkaly milletler, halklar ysnyşýar, hoşniýetli, dostlukly gatnaşyklar ýola goýulýar.
    Medeniýetimiziň milli medeniýete öwrülmeginde Garaşsyzlygymyzyň ähmiýeti örän uludyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe teatr sahnalarynda goýulýan spektakllaryň, radio we teleýaýlymlarda, baýramçylyk konsertlerinde ýerine ýetirilýän aýdymdyr sazlaryň, çykyşlaryň ählisi millilige ýugrulan. Garaşsyzlygymyz halkymyza öz gadymy medeniýetini, toý-baýramlaryny milli röwüşde gaýtaryp berdi we dünýä medeniýeti bilen içgin tanyşmaga, ylymy, bilimi ösdürmäge, sagdyn bedenli nesilleri kemala getirmäge giň mümkinçilikleri açdy. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen 2008-nji ýylda milli opera sungatymyz täzeden dikeldildi. Şol ýyldan bäri hem teatr sahnalarynda «Şasenem-Garyp», «Zöhre-Tahyr», «Leýli-Mejnun», «Ýusup-Züleýha», «Aýna», «Görogly», «Magtymguly», «Hüýrlukga-Hemra», «Saýathan», «Ruhubelentler», «Aşyk Çaňly», «Nejep oglan», «Gül-Bilbil» ýaly birnäçe operalar sahnalaşdyryldy. Bu operalarda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýaş mugallymlarydyr talyplary halypalar bilen bilelikde her ýyl çykyş edip gelýärler. Halk döredijiliginiň ruhuna ýakyn bolan milli operalarymyz tomaşaçylaryň söýgüsine mynasyp bolup, ýaşlaryň medeniýetimizi içgin öwrenmeklerine, gyzyklanmalarynyň has-da artmagyna ýardam edýär.
    Garaşsyzlyk — dünýä döwletleri bilen hakyky hoşniýetli gatnaşyklaryň dikeldilmegine-de, halklaryň arasyndaky dost-doganlygyň pugtalanmagyna-da täsir etdi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň uly ruhubelentlikde geçmegi milli Liderimiziň sebitde we dünýäde ählumumy parahatçylygy üpjün etmäge gönükdirilen asylly başlangyçlarynyň giňden goldanylýandygyna aýdyň şaýatlyk edýän buýsançly wakadyr. Munuň özi, türkmen döwletiniň umumadamzat ösüşiniň wajyp meselelerini çözmäge doly derejede gatnaşmak bilen, dünýä bileleşiginiň abraýly agzasy bolup durýandygyny aňladýar. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen taryhy ähmiýetli möhüm wakalaryň — Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň jemleýji çäresi bolan sebitiň döwletleriniň medeniýet we sungat ussatlarynyň gala-konserti dostluk gatnaşyklaryny ösdürýän, halklaryň medeniýetlerini ýakynlaşdyrýan sungat baýramçylygyna öwrüldi. Şu dabaraly baýramçylyklarda türkmen sungat ussatlarynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň aýdymlaryny, sazlaryny, tanslaryny ýerine ýetirmekleri milli Liderimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan beýik we asylly işleriň, şol sanda medeniýet ulgamynda gazanylýan uly üstünlikleriň aýdyň subutnamasydyr.
    Bitaraplyk taglymaty milletleriň arasynda parahatçylyga we ösüşiň bähbitlerine hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna, özara düşünişmäge, ynanyşmaga oňyn täsir edýär. Hormatly Prezidentimiz «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda Şükür bagşynyň öz senedi — türkmen milli dutarynyň şirin mukamy bilen dawa-jenjeli parahatçylyk ýoly arkaly çözmegi başarandygyny belleýär: «Meniň üçin Şükür bagşynyň keşbi filosofiki jähetden örän köp taraply bolup görünýär. Ýöne men şu keşpde jemlenen we ony çeper ýordumyň hem-de döwrüň çäklerinden has uzaklara alyp çykýan ideýanyň ählumumy ähmiýetiniň bardygyny bellemek isleýärin. Bu ideýa — sungatyň parahatçylygy döretmek wezipesi hem-de, umuman, parahatçylygy döretmek sungaty baradaky pikirdir». Dünýäniň çylşyrymly meselelerini uruş, ýarag, güýç bilen däl-de pähim-paýhasyň, sungatyň, aýdym-sazyň kömegi bilen çözmek syýasaty türkmen halkymyza mahsusdyr.
    Gahryman Arkadagymyzyň öňe sürýän taglymatlarynda abadançylyk, ösüş, ynsanperwerlik, ruhy kämillik, hoşniýetlilik we dost-doganlyk öz beýanyny tapýar. Köpasyrlyk şöhratly taryhymyza ser salanyňda-da halkymyzyň birek-birege hormat goýmak, adam mertebesini sarpalamak, dawa-jenjeliň öňüni almak ýaly asylly ýörelgelere ygrarlydygyny görmek bolýar. Dünýäniň ýurtlary bilen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny, halkara parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek Garaşsyz Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Häzirki wagtda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly iri halkara guramalar, şeýle-de dünýäniň köp ýurtlary bilen hemmetaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýär.
    Döwlet Baştutanymyz 1-nji sentýabrda paýtagtymyzyň Maslahat köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli umumy okuw sapagyny geçdi. Şol okuw sapagynda milli Liderimiz dünýäde medeni diplomatiýanyň döwlet syýasatynyň möhüm bölegi hökmünde hiç wagt ünsden düşürilmän gelýändigini aýratyn belledi: «Biz bu işde ÝUNESKO-ny iň ýakyn hyzmatdaşymyz hasaplaýarys. Gadymy Merwiň, Köneürgenjiň, Nusaýyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi, «Görogly» dessançylyk sungatynyň, «Küştdepdi» aýdym we tans dessurynyň, türkmen milli halyçylyk sungatynyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulmagy biziň alyp barýan giň gerimli medeni, ylmy diplomatiýamyzyň dünýäde ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr».
    Ýazyjy-şahyrlar, suratkeşler, aýdymçy-sazandalar, sahna ussatlary bilen bir hatarda türkmen kompozitorlary hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly senelerine ajaýyp toý sowgatlary bilen barýarlar. Bu günki gün türkmen edebiýatynda, aýdym-saz sungatynda, çeper döredijiliginde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň waspy belentden ýetirilýär. Türkmen kompozitorlarynyň döreden Watanymyzyň parahatçylygyny, halkymyzyň agzybirligini hem-de eşretli durmuşyny, mukaddes Garaşsyzlygymyzy wasp edýän eserlerinden Türkmenistanyň halk artistleri Rejep Rejebowyň solist, hor we fortepiano üçin «Garaşsyzlyk kantatasy», Baýramdurdy Hudaýnazarowyň solist, hor we simfoniki orkestr üçin «Jan Watan, Türkmenistan» aýdymyny, Daňatar Hydyrowyň «Janym Türkmenistan, ýollaryň aýdyň!», «Türkmenistan — Garaşsyz» aýdymlaryny, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgärleri Jeren Gurbangylyjowanyň «Bagtyýarlyk aýdymy», Suhan Tüýliýewiň «Berkarar döwletiň bahary» atly solist, hor we simfoniki orkestr üçin waspnamasyny, kompozitor Meret Annamyradowyň «Beýik Galkynyşyň joşguny» atly simfoniki uwertýurasyny we ýaş kompozitorlaryň ençeme eserlerini görkezmek bolar. Belent maksatlara ruhlandyrýan Garaşsyzlygymyzyň şanyna döredilen aýdymlaryň biri-de hormatly Prezidentimiziň «Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» aýdymydyr. Gahryman Arkadagymyzyň döreden bu aýdymy ýüreklerimiziň joşgunyna, dillerimiziň senasyna öwrüldi.
    Garaşsyz döwletimiziň, agzybir halkymyzyň at-abraýyny, milli medeniýetini dünýä ýaýýan, sungat arkaly dünýä halklarynyň arasynda ýola goýlan dost-doganlyk gatnaşyklaryny belent derejelere ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, döwletli işleri hemişe rowaç bolsun! Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy gutly bolsun!

    Gülzada GULDURDYÝEWA,
    Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň
    «Sazşynaslyk» hünäriniň 5-nji ýyl talyby.

    Latest News

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI