30/11/-0001
546
DOSTLUK hem-de YNANYŞMAK ýörelgelerine ygrarlylyk
Türkmenistan bilen Hytaýyň özara gatnaşyklary öz gözbaşyny taryhyň uzak jümmüşinden alyp gaýdýar. Oňa taryh şaýatlyk edýär. Owaldan mälim bolşy ýaly, irki döwürde Gadymy Parfiýa döwleti bilen Hytaýyň arasynda diplomatik hyzmatdaşlyk ýola goýulypdyr. Bu hyzmatdaşlyk Türkmenistan Watanymyzyň öz Garaşsyzlygyna eýe bolanyndan soň gaýtadan dikeldilip, has belent derejä eýe boldy. Hormatly Prezidentimiziň Hytaý Halk Respublikasyna şu gezekki döwlet sapary hem däp bolan şol gatnaşyklaryň täze mümkinçiliklerini açdy.
Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda ýola goýuldy. Ýeri gelende belläp geçsek, 1991-nji ýylyň aýagynda Hytaý ilkinjileriň biri bolup Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ykrar eden döwletdir. Ýurtlaryň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlanyndan bäri dürli ugurlardaky hyzmatdaşlyklaryň yzygiderli ösdürilmegi ikitaraplaýyn gatnaşyklary deňhukukly strategik hyzmatdaşlygyň derejesine çykarmaga mümkinçilik berdi. Iki ýurduň döwlet wekilleriniň arasynda ýokary derejede saparlaryň ýygy-ýygydan geçirilip durulmagy Türkmenistanyň we HHR-ň özara dostlukly gatnaşyklarynyň barha berkemegine getirýär.
2013-nji ýylda Hytaý bilen Türkmenistan strategik hyzmatdaşlygy ýola goýdy. 2021-nji ýylyň noýabrynda «Türkmenistanyň Hökümeti bilen HHR-iň Hökümetiniň arasynda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna» gol çekildi. Bu Maksatnama laýyklykda, iki döwletiň arasyndaky alnyp barylýan hyzmatdaşlyk häzirki wagtda barha ilerlemek bilendir. Türkmenistan Hytaý bilen diňe bir ikitaraplaýyn esasda däl, köptaraplaýyn esasda — iri halkara guramalaryň hem-de abraýly sebit düzümleriniň ugry boýunça, «Merkezi Aziýa — Hytaý» görnüşinde hem üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär. Türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň täze derejelere çykmagynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň uly goşandynyň bardygyny hem bellemelidiris. Gahryman Arkadagymyz iki döwletiň arasyndaky uzak möhletleýin özara hoşniýetli gatnaşyklary giňeltmek ugrunda asylly işleri durmuşa geçirdi.
Arkadagly Serdarymyzyň Hytaý Halk respublikasyna amala aşyran ilkinji döwlet sapary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyklaryň çäginde bar bolan mümkinçilikleriň täze gözýetimini açdy. Saparyň dowamynda ýokary derejede geçirilen gepleşiklerde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň söwda-ykdysady ugurlaryna aýratyn üns berildi.
Gepleşikleriň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň 16-syna gol çekilmegi bolsa saparyň örän netijeli bolandygyny tassyklaýar. Bu resminamalar iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ilerletmek, sanly ykdysadyýet, «ýaşyl» ösüş, nebitgaz, sport, saglygy goraýyş, bilim, medeniýet we syýahatçylyk, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamlarynda gatnaşyklary ösdürmek ýaly anyk maksatlary nazarlaýar. «Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden galkynyşy» we «Bir guşak, bir ýol» halkara başlangyçlarynyň arabaglanyşygy babatda özara düşünişmek hakyndaky hökümetara Ähtnama bolsa bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolar.
Häzirki wagtda Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» başlangyjyny Türkmenistanyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden galkynyşy» strategiýasy bilen has içgin utgaşdyrmak ugrunda çäreler işjeň alnyp barylýar. Häzirki zaman şertlerinde özara bähbitleriň bolmagy Türkmenistan bilen Hytaýa bu başlangyçlary durmuşa geçirmek ugrunda hyzmatdaşlygy üstünlikli giňeltmäge mümkinçilik berýär. Munuň özi Ýewraziýada ykdysady ösüşe kuwwatly itergi bermek bilen, häzirki zaman meýillerine laýyklykda, Ýuwaö ummanyndan Atlantik ummanyna çenli ägirt uly giňişlikleri ýakynlaşdyrmaga ýardam eder, özara baglanyşykly önümçilik we tehnologik tapgyrlary hem-de senagat guşaklyklaryny kemala getirer, köp sanly durmuş meselelerini çözmäge, halklaryň durmuş derejesini, abadançylygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik döreder.
Hormatly Prezidentimiziň üstünlikli amala aşyran döwlet saparynyň netijelerinde görnüşi ýaly, iki ýurduň arasynda Hökümet derejesinde netijeli gatnaşyklar ösdürilýär, jemgyýetçilik guramalarynyň, medeniýet we ylym işgärleriniň arasynda, partiýa we parlament ugurlary boýunça gatnaşyklar has-da giňeldilýär. Şeýlelikde, iki dostlukly döwletiň özara ýakynlaşmagynyň, onýyllyklary nazarlaýan özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň binýadyny pugtalandyrmagyň özboluşly nusgasy kemala getirilýär.
Meýlis NEPESOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.
Makala 14.01.2023 senesinde "NESIL" gazetinde çap edildi.