18/10/2024
1060
Doganlyk halkdan ajaýyp sowgat
Düýn Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysynyň özbek diline terjime edilen neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Oňa doganlyk halkyň ylym-bilim ulgamynda uly işleri bitiren alymlary, görnükli magtymgulyşynaslary, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary we türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar.
Dabaranyň dowamynda akyldar şahyryň döredijiliginden söz açýan gymmatly maglumatlar beýan edildi. Biz özbek wekiliýetiniň agzalary bilen söhbetdeş bolup, olaryň Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy hem-de onuň eserleriniň türkmen-özbek dost-doganlygyny berkitmekdäki orny barada aýdan sözlerini okyjylara ýetirmegi makul bildik.
Bahrom ABDUHALIMOW,
Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň wise-prezidenti:
— Köküni gadymyýetiň çuňluklaryndan alyp gaýdýan dostlukly gatnaşyklarymyz bu günki günde ýokary derejä ýetdi. Muny biz ýurtlarymyzyň arasynda alnyp barylýan diplomatik gatnaşyklaryň mysalynda hem görüp bilýäris. Şu ýyl hem Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky dost-doganlygy pugtalandyrmakda ençeme işler durmuşa geçirildi. Türkmenistanyň ak mermerli paýtagtyndaky Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän seýilgähde özbek şahyry Alyşir Nowaýynyň heýkeliniň oturdylmagy hem munuň aýdyň mysaly bolup biler. 2017-nji ýylyň 17-nji maýynda Daşkent şäherinde hem Magtymguly Pyragynyň heýkeli oturdylyp, ýadygärligiň bina edilen köçesine akyldar şahyryň ady dakyldy. Bu bolsa halklarymyzyň birek-birege çuňňur hormat goýýandygyndan, hoşniýetli goňşuçylyk däplerini mynasyp dowam etdirýändiginden habar berip, bu ugurdaky işleri has-da ilerletmeklige ýardam edýär.
Türkmenistan şu ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygar astynda köp sanly halkara derejeli çäreleri geçirýär. Ýakynda Aşgabatda «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň geçirilmegi we oňa birnäçe döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagy hem Magtymgula dünýä derejesinde hormat goýulýandygyny alamatlandyrdy.
Ruhy-medeni gatnaşyklarymyzy pugtalandyrmakda, halklarymyzyň dostlugyny berkitmekde özbek halkyndan Nowaýy, türkmenlerden Magtymguly öňe çykdy. Bu ägirtleriň miras goýan eserlerini iki ýurduň adamlary-da söýüp okaýarlar. Şahyrlaryň döredijiligi halklarymyzyň ýakynlaşmagynda edebi köpri bolup hyzmat edýär.
Inom MAJIDOW,
Mirzo Ulugbek adyndaky Özbegistan milli uniwersitetiniň rektory:
— Biziň ýokary okuw mekdebimizde häzirki wagtda türkmen talyplarynyň müňe golaýy bilim alýar. Filologiýa, taryh, rus we iňlis dilleri ýaly ugurlar boýunça ýaşlar özleriniň bilimini artdyrmaga giň mümkinçiliklerden peýdalanyp bilýärler. Türkmen talyplary bilen hem Magtymgula bagyşlap birnäçe çäreleri geçirdik. Ine, bu gün bolsa Siziň ýurduňyzda geçirilýän dabaraly çärä gatnaşýarys. Akyldar şahyryň dogduk mekanynda bolup görmek, onuň edebi mirasy barada türkmen doganlarymyz bilen pikir alyşmak biz üçin uly hormat.
Özbek maşgalasynda Magtymgulyny bilmeýän adamy tapmak aňsat däl. Çuň mana ýugrulan, köptaraply döredijiligi, baý mazmunly goşgulary ony umumadamzat şahyry derejesine ýetirdi. Biziň ilimizde Pyragynyň eserlerini goşgy görnüşinde okamak bilen çäklenilmän, aýdym edip hem aýdýarlar. Olar toýdur baýramlarymyzyň bezegine öwrüldi. Aýdymçylarymyz şahyryň 200-den gowrak goşgusyny aýdym edip ýerine ýetirýärler. Buýsanç bilen bellenilmeli zatlaryň ýene biri-de şu wagta çenli şahyryň goşgular ýygyndysynyň özbek dilinde çap edilen sanynyň 1 million nusgadan geçendigidir.
Ýylyň başynda hormatly Prezidentimiz Şawkat Mirziýoýew Özbegistanda hem akyldar şahyryň ýubileý senesini giňden bellemek barada Karara gol çekdi. Şol günden bäri, ýurdumyzda bu babatda dürli çäreler geçirilýär. 3-nji maýda Özbegistanyň Ýazyjylar birleşmesiniň guramagynda geçirilen halkara ylmy-amaly maslahat hem şolaryň biridir. Oňa Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rustemowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti-de gatnaşdy. Elbetde, şeýle çäreler halklarymyzyň dostlugynyň has-da berkemegine ýardam edýär. Aşgabatda «Daşkent», özbek paýtagtynda bolsa «Aşgabat» seýilgähiniň bolmagy-da halklarymyzyň ýakyn dost-doganlygynyň alamaty. Hyzmatdaşlygy, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin iki ýurduň döwlet Baştutanlaryna çäksiz hoşallygymyzy bildirýäris.
Gaýrat MAJIDOW,
Özbegistan Respublikasynyň Ýazyjylar birleşmesiniň başlygynyň orunbasary:
— Şeýle bir kämil söz ussatlary bolýar. Olaryň durmuş pelsepesinden, watançylyk, agzybirlik ýaly wajyp temalardan söz açýan şygyrlary ilat arasynda nakyla öwrülip gidýär. Ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemekde ol eserleriň bitirýän hyzmatlary ummasyz. Magtymguly hem şeýle beýik derejä ýeten şahsyýet. Onuň döredijiligini bu günki gün dünýä öwrenýär. Biziň Türkmenistana şu gezekki iş saparymyz hem gönüden-göni akyldaryň döredijiligi bilen baglanyşykly.
Özbek hem türkmen halklarynyň medeniýeti, edebiýaty, däp-dessurlary biri-birine örän ýakyn bolup, edebi gatnaşyklar köp ýyllyk taryha eýedir. Muny Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysynyň özbek dilinde ilkinji gezek baryp-ha 1958-nji ýylda neşir edilmegi bilen hem delillendirip bolýar. Şol ýygynda gündogarşynas alym Ýewgeniý Bertelsiň sözbaşy ýazandygyny hem bellemek isleýärin. Ol 3 müň nusgada çap edilipdir. Okyjylara hödürlenen badyna, ol kitaplaryň gyzgyn garşylanandygyny aýtmalydyrys. Şahyryň ikinji ýygyndysy bolsa 25 müň nusgada çap edilýär. Bu kitaby hem özbek halky söze teşnelik bilen kabul etdi.