Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
    • International cooperation
      • Meetings
        • BOOK AWARD CEREMONY BY THE NIPPON FOUNDATION
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
        • A training session on the Sustainable Development Goals was held
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / Articles / Çawy ilden-ile düşýän Garaşsyzlygymyz
    Çawy ilden-ile düşýän Garaşsyzlygymyz surady
    30/11/-0001

    881

    Çawy ilden-ile düşýän Garaşsyzlygymyz

    «Garaşsyzlyk, Bitaraplyk – ösüşiň goşa ganaty» atly döredijilik bäsleşigine
    Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 10 ýyllyk baýramy mynasybetli gurlan Garaşsyzlyk binasynyň öňünden her gezek ýöräp geçýärkäm, ol ýerdäki pederlerimiziň heýkellerini görüp, göwnüm galkynýar. Emma altyn güýzüň bu sapaly gününde şu ýere gelenimde bolsa hemişeki göwün galkynyşlarym şu ýylyň 1-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň talyplar we okuwçylar bilen geçiren duşuşygynyň barşynda Garaşsyzlyk babatda ýaşlara beren öwüt-ündewlerine hem beslenip gitdi. Eger ýadyňyzda bolsa, hormatly Prezidentimiz şonda: «Togrul beg, Çagry beg, Alp Arslan, Mälik şa, Soltan Sanjar ýaly beýik şahsyýetlerimiziň döreden kuwwatly türkmen döwletleri dünýä taryhyna altyn sahypalary ýazdy. Görogly beg, Baýram han, Soltan Jelaleddin, Keýmir kör, Gowşut han ýaly merdana gahrymanlarymyz il-ýurt üçin ata çykypdyrlar» diýip belläp geçendir. Dogrudan hem, Gahryman Arkadagymyzyň bu nurana sargytlaryndan soň taryhda gahrymançylyk görkezip, türkmen milletiniň adyny beýiklere göteren ata-babalarymyzyň heýkelleri bu gün Garaşsyzlyk binasynyň daş-töwereginde aýratyn öwüşginlik bilen lowurdaýan ýalydy.
    Seýilgähdäki heýkeller, göwnüme bolmasa, öz arzuwlarynyň wysaly bolan Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüne, Garaşsyz, Arkadagly Diýarymyza buýsanýan ýalydylar. Garaşsyzlyk binasynyň öňündäki ýaşyl Baýdagymyz bolsa belentde parlaýşy bilen buýsançly pikirleriňi mübärekleýän ýalydy.
    1. * * *
    Garaşsyz, Arkadagly Diýarymyz barada gürrüň etmeli bolanymyzda «Ýurt Garaşsyzlygyny alamatlandyrýan bu mukaddes binamyz öz ajaýyp keşbi bilen daşary döwletleriň hem muzeýlerini bezeýär» — diýsek, hakykaty aýtdygymyz bolar. Geliň, bu barada Gazagystan Respublikasynda türkmen topary bilen saparda bolan Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy, ýazyjy Bägül Annabaýewanyň berýän gürrüňlerine gulak salalyň:
    — Goňşy Gazagystan döwletinde bolan saparymyzyň çäklerinde bizi Nur-soltan şäherinde ýerleşýän açyk asmanyň astyndaky muzeýe gezelenje alyp gitdiler – diýip, ýazyjy buýsançly äheň bilen bu halat barada gürrüň açýar.
    — Bu muzeý örän ajaýyp eken. Ýöne meni has haýran galdyran ajaýyplyk, ol ýerde biziň Garaşsyzlyk binamyzyň nusgasynyň hem gurlup goýlanlygy boldy. Haýran galaýmaly! Türkmen döwletiniň Garaşsyzlygynyň nyşany bolan binanyň daşary ýurduň muzeýinde ýerleşdirilmegi, örän uly dereje ahbetin, ol Garaşsyzlygymyzyň älem gezýändiginden alamat ahyryn.
    Bägül Annabaýewanyň belent äheňdäki bu sözlerini eşidip, menem öz ýanymdan Garaşsyzlygymyza örän buýsandym. Söhbedi okan başga ýaşlaryň hem şeýle buýsanja gurşaljakdygyna ynanýaryn.
    * * *
    Garaşsyzlyk binasynyň ýanynda geçirilen medeni çäreleriň birine gatnaşanymda Türkmenistanyň halk ýazyjysy, şahyr, žurnalist Döwletgeldi Annamyradowa duşaýmanmy. Şonda halypa žurnalistiň ýurt Garaşsyzlygynyň halkymyza, hut özüne beren bagty hakyndaky sowalyma beren buýsançly jogaplary hakydamda berk galypdyr:
    — Garaşsyzlyk — beýik maksatlaryň, milletiň arzuw-islegleriniň asyrlaryň-eýýamlaryň dünýäni özgerdiji güýçli öwrümlerinde Gün kibi şuglalanyp, äleme ýalkym saçmasydyr. Köňüllerde beslenen ynsan arzuwlarynyň wysal bolmasydyr, täze bir röwşen nurly ak ýollarda amala aşmasydyr. Ýurt Garaşsyzlygy türkmeniň milli ruhunyň täzeden dabaralanmasydyr. Garaşsyzlyk şöhraty äleme dolan Gahryman Arkadagymyzyň dünýä ýüzüne täze mertebesidir, bütin dünýä ýüzüne ykrarydyr.

    Garaşsyzlyk — başda tylla täjim sen,
    Garaşsyzlyk — polat erkim, güýjüm sen,
    Garaşsyzlyk — ýürekde yşk möwjüm sen,
    Kasamymda, ähtimde jan, Türkmenistan,
    Söýgim, wepam, mährimde jan,Türkmenistan!

    — diýip, ol şonda sözüni buýsanja ýugrulan goşgy bilen jemledi. Elbetde, halypanyň dilinden şeýle ajaýyp sözleri eşitmegiň özi örän ýakymly. Ine, şol ýerde meniň özüm hem Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli öz ýürek sözlerimi beýan etmek islegi bilen gurşadym:

    Hasyl boldy ata-babaň arzuwy,
    Gutly bolsun, Garaşsyzlyk baýramy!
    Parahatlyk ýürekleriň aýdymy,

    Latest News

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI