Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
        • PRESENTATION COMPETITION WAS HELD
    • International cooperation
      • Meetings
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
        • SCIENTIFIC-PRACTICAL CONFERENCE WAS HELD
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / Articles / Çäksiz buýsanjyň beýany
    Çäksiz buýsanjyň beýany surady
    30/11/-0001

    756

    Çäksiz buýsanjyň beýany

    «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda meniň durmuşymda ýatdan çykmajak wakalaryň biri boldy. Maňa bu ýylda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň Halkara žurnalistikasy hünäriniň talyby bolmak bagty miýesser etdi.
    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda biz ýaşlaryň öz ukyp-başarnyklarymyzy açyp görkezip, kämil hünärmenler bolup ýetişmegimiz üçin uly mümkinçilikler döredilýär. «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylan 2022-nji ýylda Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň bilelikde guramagynda mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň I saýlama tapgyrynyň 8-nji oýnuna gatnaşdym. Bäsleşige gatnaşmazdan ozal, mekdep okuwçylary üçin welaýat merkezlerinde halypa mugallymlaryň gatnaşmagynda wideo sapagy geçirildi. Bu wideo sapagyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň Watanymyzy gülledip ösdürmek ugrunda alyp barýan içeri we daşary syýasaty dogrusynda giňişleýin gürrüň berildi.
    Men «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşigine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyna gelenimde, bu ýerde okaýan talyplary görüp, bu ýokary okuwyň talyby bolmagy arzuw etdim. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň biz — ýaşlara okamaga, öwrenmäge döredip berýän mümkinçiliklerinden peýdalanyp, ata Watanymyzyň bedew batly ösüşine geljekde ussat žurnalist hökmünde öz goşandymy goşmak baradaky arzuwym wysal boldy. Men muňa diýseň begenýärin.
    Men orta mekdepde okaýan döwürlerimde döredijilik, çeper okaýyş hem-de Gahryman Arkadagymyzyň atalyk kitaplaryny okamak bilen ýakyndan gyzyklanýardym, döwlet derejesinde geçirilýän dürli bäsleşiklere işjeň gatnaşýardym. Birnäçe bäsleşikleriň hem-de olimpiadalaryň ýeňijisi bolup, baýrakly orunlara mynasyp boldum. 2021-nji ýylda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de «Nesil» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde guramagynda geçirilen «Berkarar döwletiň ylham joşguny» atly döredijilik bäsleşiginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de «Güneş» žurnalynyň redaksiýasynyň bilelikde guramagynda geçirilen «Arkadagly eziz Diýar — Watanym, Garaşsyzlyk bilen bagta ýetenim» atly çeper döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi boldum. Şeýle-de «Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň» güni mynasybetli geçirilen düzme ýazmak boýunça bäsleşiginiň welaýat tapgyrynda II orna mynasyp boldum.
    Asuda asmanymyzyň astynda parahat zeminimiziň üstünde gülleýän gül açýan ata Watanymyzy wasp etmedik şahyr, aýdym edip aýtmadyk bagşy ýok bolsa gerek. Men hem ýaş şahyr hökmünde gül Diýarymyzyň ösüşini, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň, ata Watanymyzyň dünýä ýüzündäki halkara abraýyny has-da belende galdyrmak baradaky edýän tagallalaryny öz ýazýan makalalarymda, şygyrlarymda wasp edýärin. Watanymyzyň geljegi bolan biz — ýaş nesillere okamaga, öwrenmäge, öz ukyp-başarnyklarymyzy açyp görkezmäge döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, ata Watanymyzy ösdürmek ugrunda alyp barýan döwletli işleri mundan beýläk hem rowana menzillerde rowaçlyklara beslensin!

    Gülnara MYRADOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.

    Latest News

    SAGDYNLYGYŇ, RUHUBELENTLIGIŇ GIREWI – ÝURDUMYZDA  ÝAÝBAŇLANÝAR. surady

    03/06/2025

    SAGDYNLYGYŇ, RUHUBELENTLIGIŇ GIREWI – ÝURDUMYZDA ÝAÝBAŇLANÝAR.
    Александр Сергеевич Пушкин: К 226-летию со дня  рождения великого поэта surady

    03/06/2025

    Александр Сергеевич Пушкин: К 226-летию со дня рождения великого поэта
    Укрепление связей через образование и диалог surady

    29/05/2025

    Укрепление связей через образование и диалог
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI