Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
    • International cooperation
      • Meetings
        • BOOK AWARD CEREMONY BY THE NIPPON FOUNDATION
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
        • A training session on the Sustainable Development Goals was held
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / Articles / ÇAGALARYŇ HUKUKLARYNYŇ GORAGLYLYGYNYŇ DÖWLET KEPILLIKLERI
    ÇAGALARYŇ HUKUKLARYNYŇ GORAGLYLYGYNYŇ  DÖWLET KEPILLIKLERI
    ÇAGALARYŇ HUKUKLARYNYŇ GORAGLYLYGYNYŇ  DÖWLET KEPILLIKLERI
    ÇAGALARYŇ HUKUKLARYNYŇ GORAGLYLYGYNYŇ  DÖWLET KEPILLIKLERI
    ÇAGALARYŇ HUKUKLARYNYŇ GORAGLYLYGYNYŇ  DÖWLET KEPILLIKLERI
    31/05/2024

    1057

    ÇAGALARYŇ HUKUKLARYNYŇ GORAGLYLYGYNYŇ DÖWLET KEPILLIKLERI

    Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow:
    «Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şu nukdaýnazardan, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» kesgitlenen wezipelere laýyklykda, sagdyn, zähmetsöýer, watançy nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, irki döwürden çagalary terbiýelemek, okatmak, olaryň beden we ruhy saglygyny berkitmek, şahsy başarnygyny ösdürmek üçin bilim edaralarynyň işi geljekde has-da kämilleşdiriler».
    Ýurdumyzyň resmi baýramçylyk seneleriniň sanawyna girizilen Çagalary goramagyň halkara güni ýurdumyzda her ýyl uly baýram bilen bellenilýär. Munuň özi dünýä bileleşigi bilen ylalaşygyň, ýurdumyzyň amala aşyrýan syýasatynyň umumadamzat gymmatlyklaryna we ýörelgelerine ygrarlydygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Bu syýasatyň we Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ähli özgertmeleriniň düýp manysy raýatlaryň durmuş derejesini has-da gowulandyrmakdan, ýaş nesiller we olaryň geljegi hakyndaky aladadan ybaratdyr.
    Çagalykda şahsyýetiň esasy alamatlary, ahlak ugurlary we gymmatlyklary, durmuşa ukyplylygy hem-de maksada okgunlylygy ýüze çykyp başlaýar. Bularyň ählisi, ilkinji nobatda, söýgini, üns-aladany duýup, çaganyň beýlekiler babatda aladany bile çekişmegi hem-de şatlanmagy, özi we iň ýakynlary üçin jogapkärçiligi duýmagy, köp zady öwrenmäge gyzyklanmasy maşgalada kemala gelýär. Hossarsyz galan çagalar baradaky aladany döwlet öz üstüne alyp, olaryň uly we agzybir maşgala eýe bolmagy, özlerini şu maşgala — biziň jemgyýetimize zerurdygyny duýmagy üçin hemme şertleri döredýär.
    Munuň özi diňe durmuş ähmiýetli çäre bolman, eýsem, türkmen halkynyň ruhy ýörelgeleriniň hem-de mizemez sütünleriniň biridir. Häzir bu ynsanperwer däp çaganyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini üpjün etmegiň hem-de goramagyň hukuk kepillikleriniň toplumyny, ykdysady çäreleriň ulgamyny, degişli durmuş çärelerini göz öňünde tutýar. Bu bolsa hossarsyz çagalaryň durmuş ulgamyna doly goşulmagyna, özbaşdak durmuşa taýýar bolmagyna, jemgyýetçilik ähmiýetli we döredijilik işjeňliginiň ösmegine, ýokary ahlak häsiýetleriniň, watançylygyň hem-de raýatlylygyň terbiýelenilmegine gönükdirilendir.
    Ýurdumyzda çagalaryň goraglylygy döwlet tarapyndan kepillendirilendir. «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda kesgitlenilişi ýaly, on sekiz ýaşyna ýetmedik adam çaga hökmünde ykrar edilip, belli bir hukuga eýe bolmak ukyby onuň doglan pursadyndan ýüze çykýar.
    Ady agzalan Kanuna laýyklykda, Türkmenistanyň çäginde ýaşaýan her bir çaganyň milletine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, durmuş we emläk ýagdaýyna, özüniň we ata-enesiniň ýaşaýan ýerine, diline, bilimine, dini garaýşyna, dogluş ýagdaýyna, saglygyna ýa-da beýleki ýagdaýlaryna garamazdan, hukuklarynyň we azatlyklarynyň deňligini kepillendirilýär. Her bir çaganyň özüne berlen ähli hukuklardan we azatlyklardan peýdalanmaga hukugy bardyr. Çaganyň hukuklary, azatlyklary we kanuny bähbitleri durmuşa geçirilende onuň iň gowy bähbitleri üpjün edilmelidir.
    Türkmenistanyň Raýat kodeksine laýyklykda, 14 ýaşdan kiçi, kemala gelmedik çagalaryň ata-eneleriniň, olary perzentlige alanlaryň ýa-da hossarlarynyň ýaşaýan ýeri şol çagalaryň ýaşaýan ýeri diýlip ykrar edilýär. Çagalaryň ene-atalary ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlar bilen bilelikde ýaşamak hukugyny üpjün etmek maksady bilen, 14 ýaşa ýetmedik we ata-eneleri bilen ýaşaýan çagalaryň ýaşaýan ýeri boýunça hasaba alnyşy ata-enesiniň şahsyýetini kesgitleýji resminamanyň, hossarydygyny tassyklaýjy resminamanyň we çaganyň dogluş hakyndaky şahadatnamasynyň esasynda amala aşyrylýar. Çaganyň maşgalada ýaşamaga we terbiýelenmäge bolan hukugy olaryň ene-atalary tarapyndan terbiýelenmäge, öz bähbitleriniň üpjün edilmegine we hemmetaraplaýyn ösdürilmegine, onuň adamçylyk mertebesiniň hormatlanmagyna bolan hukuklary özünde jemleýär.
    Çaga doglan pursadyndan başlap, raýatlyga, millete, ada, familiýa we maşgala gatnaşyklaryna bolan hukuga eýedir. Kemala gelmedik çaganyň ada bolan hukugy onuň kanuny wekili tarapyndan goralýar. Bilşimiz ýaly, çaga at dakylanda, onuň ene-atasynyň bilelikdäki ylalaşygy esasynda dakylýar. Şeýle hem aýry-aýry ýagdaýlarda milli däp-dessurlaryň berjaý edilmegi arkaly ýazgy edilýär. Beýle diýildigi, çaganyň familiýasy olaryň ene-atasynyň isleýşine görä, çaganyň kakasynyň ady boýunça dakylýar. Bu ýagdaýda atasynyň ady görkezilip hem, görkezilmän hem bilner. Özleriniň çagalary barada ata bilen enäniň hukuklary we borçlary deňdir. Ata-enäniň arasyndaky nika bozulan mahalynda hem olar özleriniň çagalary barada deň hukuklardan peýdalanýarlar we borçlary bardyr. Çagalary terbiýelemäge degişli ähli meseleler ata-enäniň ikisiniň ylalaşmagy bilen çözülýär. Ata-enäniň özara ylalaşygy bolmadyk mahalynda, jedelli mesele ata-enäniň gatnaşmagy bilen hossarlyk we howandarlyk edaralary tarapyndan çözülýär.

    Daýanç ANNAÝEW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara hukugy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

    Latest News

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI