19/01/2024
1048
ÇAGA HUKUKLARYNYŇ MILLI WE HALKARA GORAGLYLYGY
Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda çaganyň hukuklarynyň ählitaraplaýyn üpjün edilmegine, raýatlarymyzyň hal-ýagdaýynyň gowulandyrylmagyna gönükdirilen tagallalary irginsiz durmuşa geçirilýär. Çaganyň hukuklarynyň berjaý edilmegi we goragyň üpjün edilmegi çygrynda maksatlary we wezipeleri kesgitleýän toplumlaýyn resminamalar kabul edilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň Türkmenistanda adamyň we raýatyň hukuklary, azatlyklary we borçlary atly II bölüminiň her bir maddasynda adam hukuklary we azatlyklary barada doly we anyk görkezilip geçilen. Esasy Kanunymyzyň 25-nji maddasyna laýyklykda, “Türkmenistanda adamyň we raýatyň hukuklary we azatlyklary halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda ykrar edilýär hem-de şu Konstitusiýa we kanunlar bilen kepillendirilýär” diýip bellenilýär. Ýagny adam hukuklary kanun taýdan goralýar şol sanda çagalaryň goraglylygy döwlet tarapyndan kepillendirilip «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny, “Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça 2020–2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýa” we “Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýa” hereket edýär. Kanunda kesgitlenişi ýaly, on sekiz ýaşyna ýetmedik adam çaga hökmünde ykrar edilip, belli bir hukuga eýe bolmak ukyby onuň doglan pursadyndan ýüze çykýar. Agzalan kanun, çaganyň hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagy çygryndaky döwlet syýasatynyň hukuk, durmuş, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär, çaganyň özbaşdak şahsyýet hökmündäki hukuk derejesini takyklaýar we onuň hemmetaraplaýyn ösmeginiň üpjün edilmegine, onda belent ahlak sypatlarynyň terbiýelenmegine, onuň taryhy we milli däp-dessurlar, umumadamzat ruhy-ahlak, medeni we durmuş gymmatlyklary we jemgyýetde kabul edilen ahlak ýörelgeleri, düzgünleri we kadalary, jemgyýetçilik we döwlet bähbitlerine hormat goýmagy esasynda watansöýüjilik we raýatlyk ruhunda terbiýelenmegine gönükdirilendir. Çaganyň şahsy we emläkleýin hukuklarynyň ýüze çykmagy bilen kemala gelmedikleriň şahsy hukuklaryna ýaşamaga, ösmäge, aýrybaşgalyga we onuň saklanylmagyna, maşgalada ýaşamaga, özbaşdak pikirlenmäge we dini ygtykadyna, abraýyny we mertebesini goramaga bolan hukugy degişlidir.
Çaganyň hukuklarynyň goraglylygyny halkara derejesinde üpjün edýän, 1989-njy ýylda kabul edilen Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýa — munuň özi hökmany standartlaryň we borçnamalaryň halkara derejede ylalaşylan toplumydyr, onda hemmelere deň derejede degişli bolan çagalaryň esasy hukuklary beýan edilýär. Bu halkara resminama diňe bir ykdysady, durmuş hem-de medeni hukuklar däl-de, raýat we syýasy hukuklar has doly beýan edilen ilkinji resminama bolup durýar. Biziň ýurdumyz Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýanyň we onuň iki fakultatiw teswirnamasyna gatnaşyjy bolmak bilen, öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça yzygiderli hem-de utgaşykly işleri alyp barýar, şeýle hem bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar.
Çagalaryň hukuklaryny kepillendirmek we syýasaty dogry durmuşa geçirmek dünýä halklarynyň arasynda möhüm mesele hökmünde çykyş edýär. Çaganyň hukuklaryny goramak boýunça çäreleri işläp düzmek zerurlygy, fiziki we akyl taýdan kämillik ýaşyna ýetmedikligi sebäpli çagalaryň hukuklarynyň halkara goragynyň aýratyn bir sebite bölünmegini talap edýär. Bu maksat bilen BMG-niň Sosial Komissiýasyny we BMG-niň Çagalar Gaznasyny (UNISEF) döretdi. BMG-niň Çagalar gaznasy, 1946-njy ýyldan bäri hereket edýän BMG-niň çagalara kömek berýän adatdan daşary halkara gaznasydyr. Çagalar Gaznasy çagalaryň hukuklaryny goramagy we olaryň howpsuz, sagdyn we bagtly çagalyk hukugyny goldamagy maksat edinýär. Häzirki wagtda Gazna 190-dan gowrak ýurtda işleýär. Mundan başga-da, belli bir ugurda çagalaryň hukuklaryny goramak üçin BMG-niň ýöriteleşdirilen guramalary gatnaşýar: Halkara Zähmet Guramasy, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy we BMG-niň Ylmy, medeni we bilim guramasy (UNESCO).
Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlyk etmek bilen, döwletimiz özüniň çagalara we çaga hukuklary babatda alyp barýan syýasatyny we mümkinçiliklerini doly derejede dünýä bileleşiginiň ähli agzalary bilen bilelikde netijeli arkalaşyk etmek ýoly bilen alyp barýar. Türkmenistanyň bu ugurda alyp barýan işleriniň esasy bölegi hem 1994-nji ýyldan bäri ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasy Türkmenistanyň Hökümeti bilen bilelikde iş alyp barýandygy we ÝUNISEF bu hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýurduň Çaganyň hukuklary hakyndaky konwensiýa we Maýyplygy bolan adamlaryň hukuklary hakyndaky konwensiýa laýyklykda çagalaryň hukuklaryny berjaý etmek boýunça üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge ýardam berýär we bular hem ýurduň ösüşinde oňyn netije berýändigini aýdyň görkezýär.
Gülsenem HOMMADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň mugallymy
Latest News
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI