07/03/2024
581
Bu ýerde ykdysadyýet Günüň dogmagyna garaşmaýar
Eliň aýasy ýaly ýerde ýerleşip, dünýä ykdysadyýetiniň ösen nusgasyny sergä çykarmak diňe Ýaponiýa başartsa gerek. Käbirleri: «Ýaponiýa Günüň dogýan ýurdy ahyry. Türkmençilikde: «Ir turan işinden dynar» diýilmeýärmi näme?» diýip biler. Ol dogry, ýöne onuň başga-da sebäpleri bar. Ine, oňa käbir deliller.
Gündogar Aziýanyň modeli hasaplanýan Ýaponiýa ägirt uly, ösen sosial bazar ykdysadyýetli ýurt hökmünde bilinýär. Häzirki wagtda Ýaponiýanyň ykdysadyýeti jemi içerki önümi boýunça Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Hytaýdan we Germaniýadan soň dünýäde 4-nji, eksporty, importy boýunça 4-nji, adam başyna düşýän jemi içerki önümi boýunça 34-nji orunda durýar. Şeýle-de Ykdysady çylşyrymlylyk indeksine (ECI) görä, dünýäniň 1-nji çylşyrymly ykdysadyýeti hasaplanýar. Resmi hasaplamalara görä, 2023-nji ýylyň ahyrynda satyn alyş güýji boýunça Ýaponiýanyň görkezijisi 5,309 trillion amerikan dollaryna deň boldy. Bu ykdysatçylaryň çaklamalaryndan 10 göterim ýokarydyr. Ýurduň ilaty 123,3 million bolup, jan başyna düşýän jemi içerki önümi 34 müň 550 amerikan dollaryna deňdir.
Ýaponiýanyň eksporty 2023-nji ýylyň diňe noýabr aýynda 8,82, importy bolsa 9,6 trillion iene deň bolup, 780 milliard ienlik söwda ýetmezçilik balansy emele geldi. 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, eksporty 17,3 milliard ien, importy bolsa 1,3 milliard ien pese gaçdy. Muňa garamazdan, ýurduň eksporty 2022-nji ýyldakydan 2,8 göterim ýokarlanyp, 2023-nji ýylyň jemleri boýunça 100,88 trillion iene (680 milliard amerikan dollary) ýetdi. Ýurduň esasy eksport harytlarynyň hatarynda awtoulaglar (1,51 trillion ien), awtomobilleriň ätiýaçlyk şaýlary, bezegleri, enjamlary (619 milliard ien), integrirlenen shemalar (432 milliard ien) görkezilýär. Import harytlaryna bolsa çig nebit (1,08 trillion ien), nebitden alynýan gaz (547 milliard ien), kömür briketleri (414 milliard ien), telefonlar (379 milliard ien) degişli bolup durýar.
2023-nji ýylda ýapon önümleri, esasan, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna (1,81 trillion ien), Hytaýa (1,6 trillion ien), Koreýa Respublikasyna (569 milliard ien), Taýwana (505 milliard ien), Gonkonga (413 milliard ien) satyldy. Şeýle-de ýurda harytlar Hytaýdan (2,25 trillion ien), Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan (1,01 trillion ien), Awstraliýadan (654 milliard ien), Saud Arabystanydan (499 milliard ien), Birleşen Arap Emirliklerinden (466 milliard ien) getirildi. Ýeri gelende bellesek, 4 müň 199 görnüşli ýapon önümi dünýäniň 213 ýurduna ugradylýar, şeýle-de içerki bazara 215 ýurtdan 4 müň 412 görnüşli haryt import edilýär.
Ýurduň eksport harytlarynyň jemi 2016 — 2021-nji ýyllar aralygynda 92,9 milliard amerikan dollary möçberinde köpeldi. Has dogrusy, ýurduň eksporty 2016-njy ýyldaky 638 milliard amerikan dollaryndan 2021-nji ýylda 731 milliard amerikan dollaryna ýetdi. Netijede, şol ýyl Ýaponiýa dünýäniň 4-nji eksportçysy boldy.
Awtoulag senagaty
Awtoulaglar her gün millionlarça adam tarapyndan ulanylýan adaty we zerur zatlaryň birine öwrüldi. Olar adamlar üçin A-dan B nokada barmagyň iň gowy usuly. Şu nukdaýnazardan hem dünýäniň tehnologiýa babatda ösen ýurtlary ulaglaryň görnüşlerini gitdigiçe köpeldýärler hem-de ekologiýa ýetirýän zyýanyny azaltmakda uly öňegidişlik gazanýarlar. Şunda gürrüň, ilkinji nobatda, ýapon ulaglaryna syrygýar. Ýaponiýanyň awtoulag önümçiligi «Internationale des Constructeurs d'Automobiles» guramasynyň sanawynda Hytaýdan we Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan soň 3-nji ýerde barýar.
Häzirki wagtda Ýaponiýada ulagyň hereketlendirijisinden başlap, ösen tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan awtoulag öndürýän kompaniýalaryň birnäçesi hereket edýär. Olaryň iň meşhurlarynyň hatarynda «Toyota Motor», «Honda», «Nissan», «Suzuki», «Mazda», «Mitsubishi» kompaniýalaryny görkezmek bolar.
***
Demirgazyk Amerikada hem-de Ýewropada ýapon ulaglaryna bolan uly isleg «Toyota Motor» korporasiýasynyň 2023-nji ýyly üstünlikli tamamlanmagyna uly itergi berdi. Korporasiýanyň resmi maglumatlaryna görä, «Toyota Motor» 2023-nji ýylda 11,2 million sany awtoulag satyp, bu babatda rekord goýdy. Satyş güýji 2022-nji ýyla garanyňda, 7,2 göterim ýokarlandy. Şeýle-de kompaniýanyň iň kaşaň brendi «Lexus» geçen ýyl rekord derejede satyldy. Has takygy, müşderiler tarapyndan bu brendiň 824 müň 258 sanysy satyn alyndy. Bu görkeziji 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 132 göterim ýokarydyr. Ýeri gelende bellesek, «Toyota» ulaglarynyň 4 milliona golaýy korporasiýanyň Ýaponiýadaky şahamçasynda, galan bölegi bolsa beýleki ýurtlarda ýerleşýän bölümçelerinde öndürildi. Şeýlelikde, 2023-nji maliýe ýylynda «Toyota Motor» korporasiýanyň arassa girdejisi, takmynan, 37,15 trillion iene barabar boldy.
Mundan ozal, korporasiýanyň iň gowy awtoulag söwdasy 2019-njy ýylda hasaba alyndy. Şonda korporasiýa «Daihatsu» we «Hino» brendlerinden daşary dünýä bazarynda 9 million 714 müň 253 awtoulag satdy. Ýöne pandemiýa zerarly, bu görkeziji 2020-nji ýylda 8 million 692 müň 168-e çenli aşaklady. 2021-nji ýylda ösüş gaýtadan dikeldi we korporasiýa dünýä ýüzünde 9 million 615 müň 157 sany awtoulag ýerledi, 2022-nji ýylda görkeziji ýene peselip, 9 million 567 müň 184-e düşdi.
Maglumat üçin, «Toyota Motor» korporasiýasy Ýaponiýanyň köpmilletli awtoulag öndürijisidir. Onuň ştab-kwartirasy Aiçi welaýatynyň Toýota şäherinde ýerleşýär. Korporasiýa 1937-nji ýylyň 28-nji awgustynda Kiçiro Toýoda tarapyndan esaslandyrylýar. Dünýäniň iň iri awtoulag öndürijisi hökmünde belli «Toyota Motor» ýylda 10 milliondan gowrak awtomobil işläp çykarýar. Häzirki wagtda «Toyota»-nyň dünýäde 67 sany önümçilik kompaniýasy hereket edýär. Korporasiýanyň awtoulaglaryndan hem-de hyzmatlaryndan dünýäniň 170-den gowrak döwleti peýdalanýar.
Syýahatçylyk pudagy
Bütindünýä Syýahatçylyk we Turizm Geňeşiniň (WTTC) hasabatyna laýyklykda, Ýaponiýanyň degişli pudakdaky jemi içerki önümi, takmynan, 285,5 milliard amerikan dollaryna deň bolup, ýurduň ykdysadyýetiniň 6,8 göterimini emele getirdi. Pandemiýanyň täsirine garamazdan, 2023-nji ýylyň jemlerine çenli Ýaponiýanyň syýahatçylyk pudagynda 470 müň iş orny döredilip, bu pudakda zähmet çekýänleriň sany, takmynan, 5,6 milliona ýetdi. Geňeşiň çaklamalaryna görä, pudagyň iş orny 2033-nji ýyla çenli 6,7 million bolar.
ABŞ-nyň global maglumatlar we işewürlik boýunça statistik platformasynyň hasabatyna laýyklykda, 2023-nji ýylda Ýaponiýa gelen daşary ýurtly jahankeşdeler tarapyndan syýahatçylyga sarp edilen harajatlaryň gymmaty 5,29 trillion iene deň boldy. Bu pandemiýadan soň gazanylan iň ýokary görkezijidir.
Eger-de gowulyklary gözläp, dünýäni gezmegi halaýan bolsaňyz, ilkinji nobatda, Ýaponiýanyň Tokio, Kýoto, Naosima, Fuji, Hirosima, Ýakusima, Osaka şäherlerine gidiň!
Sahypany taýýarlan:
Jahantäç ÖWEZOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.
Latest News
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI