
60
BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistan bilen bilim hyzmatdaşlygynyň täze gözýetimleri
2025-nji ýylyň 6-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekişmek dabarasy geçirildi. Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň we BMG-niň arasynda ykdysadyýet, saglygy goraýyş, bilim, habar beriş serişdeleri hem-de beýleki möhüm ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk etmek boýunça 11 sany resminama gol çekildi. Bu resminamalar ÝUNISEF-niň Türkmenistan boýunça 2021 ― 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda 2025-nji ýyldaky iş meýilnamalaryny öz içine alýar.
Abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlygy ösdürmek Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen ÝUNISEF-niň arasyndaky gatnaşyklar yzygiderli we ýokary derejede ösdürilýär. Mälim bolşy ýaly, tutuş Ýer ýüzünde çagalaryň hukuklaryny ilerletmek maksady bilen, 1946-njy ýylda döredilen ÝUNISEF häzirki wagtda dünýäniň 190-dan gowrak ýurdunda çagalaryňdyr ýaş raýatlaryň goraglylygyny, sagdynlygyny we bilimliligini üpjün etmek ugrunda iş alyp barýar.
Türkmenistan bilen ÝUNISEF-niň arasyndaky hyzmatdaşlyk öz gözbaşyny 1994-nji ýyldan alyp gaýdýar. Şol ýylda bu düzüm ýurdumyzda halkara guramalaryň ilkinjileriniň hatarynda öz wekilliginiň işini ýola goýdy. BMG-niň Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýasy bolsa Garaşsyz döwlet hökmünde Türkmenistanyň adam hukuklary ulgamynda goşulan ilkinji resminamalarynyň biridir.
Häzirki döwürde Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk barha giňeýär. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz 2024 ― 2026-njy ýyllar döwri üçin BMG-niň Çagalar gaznasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna biragyzdan saýlandy. Bu bolsa ÝUNISEF bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýediginiň güwäsidir. Häzirki wagtda bu hyzmatdaşlyk degişli Maksatnamanyň çäklerinde alnyp barylýar. Çagalaryň saglygyny goramak, olaryň iýmitlenmegi, irki ösüşi, durmuş goraglylygy we ýokary hilli inklýuziw bilim almagy ýaly wezipeleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezmek bolar. Türkmenistanda çagalary goramagyň hukuk binýady hem yzygiderli kämilleşdirilýär. Şoňa görä-de, «Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» tassyklanyldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmek, ony dünýä ülňülerine laýyk getirmek, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak ugrunda nusgalyk işler durmuşa geçirilýär. Şu jähetden, bilim babatdaky halkara hyzmatdaşlyk işjeň häsiýete eýedir. Ýokarda agzalan Türkmenistanyň we ÝUNISEF-niň arasynda baglaşylan ylalaşyklar ykdysadyýet, saglygy goraýyş, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, şol sanda bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir. 2025-nji ýylyň 6-njy martynda «Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistan boýunça 2021–2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny» durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bu guramanyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamasy tassyklanyldy.
Ýurdumyzyň ýaş nesilleriniň abadançylygyna gönükdirilen ikitaraplaýyn bilim hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrylýar, bilelikdäki taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. «ÝUNISEF-niň Türkmenistan boýunça 2021 ― 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň» çäklerindäki 2025-nji ýyl üçin Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen tassyklanylan iş meýilnamasy çagalara we ýaşlara ýokary hilli inklýuziw bilim we okuw mümkinçilikleriniň elýeterliligini ýokarlandyrmak üçin giň ýol açýar. Bu babatda «Çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023 ― 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy», «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça 2020 ― 2025-nji ýyllar üçin milli strategiýasy» ýaly strategiki resminamalar ýurduň bilim ulgamynyň durnukly ösüşini üpjün edýär. Ýurdumyzda STEAM biliminiň ösmegine, Arkadag şäherinde robototehnika klubunyň açylmagyna we häzirki zaman sanly bilim tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Şeýle hem interaktiw okuw materiallaryny döretmek, bilimi dolandyrmagyň maglumat ulgamyny ornaşdyrmak we mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak ugrunda anyk işler alnyp barylýar.
Ýeri gelende, paýtagtymyz Aşgabatda we Lebap welaýatynda çagalar baglarynyň binýadynda irki ösüş merkezleriniň döredilmegini, şeýle hem irki goşulyşma otaglarynyň açylmagyny aýratyn bellemek gerek. Bu tagallalar bilim işinde ene-atalaryň tutýan ornuny pugtalandyrmaga we aýratyn zerurlygy bolan çagalar üçin bilimiň deň derejede elýeterliligini üpjün etmäge gönükdirilendir.
2024-nji ýylyň 23-nji dekabrynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde bilim ministri J.Gurbangeldiýewiň BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň täze ýolbaşçysy hanym Jalpa Ratna bilen duşuşygy bilim babatdaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň ähmiýetli ädimleriniň biridir. Duşuşygyň barşynda bilim we çagalaryň hukuklaryny goramak ulgamynda hyzmatdaşlygyň derwaýys meseleleri we mundan beýläk-de alnyp baryljak bilelikdäki işleriň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny ilerletmekde hem-de bilim ulgamyny kämilleşdirmekde gazanylan üstünlikler aýratyn nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri kesgitlenildi. Munuň özi BMG-niň Çagalar gaznasynyň Garaşsyz Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge, Türkmenistanda çagalaryň öz hukuklaryndan peýdalanyp bilmekleri we olaryň geljeginiň has gowy bolmagyny üpjün etmek üçin bilelikde hyzmatdaşlyk etmäge ygrarly bolup durýandygynyň aýdyň mysalydyr.
Bahar HOJAGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy,
taryh ylymlarynyň kandidaty.
Latest News

05/03/2025
DÜNÝÄ BEZEGI-ZENANLAR
01/03/2025
Türkmenistanyň BMG-sy bilen hyzmatdaşlygy