04/10/2024
455
BMG-niň BA-nyň kararlary we rezolýusiýalary nähili kabul edilýär?
BMG-niň Baş Assambleýasynyň her sessiýasynyň başynda iki-üç hepdäniň dowamynda umumysyýasy çekişmeler bolup geçýär we şondan soň sessiýanyň Gün tertibindäki meseleler umumy mejlislerde we 6 sany esasy komitetlerde seredilip, ara alnyp maslahatlaşylýar.
Mejlislerde agza döwletleriň wekiliýetleri sessiýanyň Gün tertibindäki meseleler boýunça öz döwletleriniň garaýyşlaryny beýan edýärler. Kä halatlarda olar mejlisiň gidişinde ozal taýýarlanylan tekstsiz çykyş edýärler. Şeýle ýagdaýlarda wekiliýetleriň agzalary mejlisiň başlygyndan söz soraýarlar, ýaşyl düwmäni basmak bilen, ara alnyp maslahatlaşylýan mesele boýunça mikrofon arkaly öz wekiliýetiniň pikirini (razylygyny, ýarymrazylygyny, şertlerini, şübhelerini, närazylyklaryny we ş.m.) mälim edýärler. Elbetde, çykyp geplemeler gaty oýlanyşykly we sypaýyçylyk bilen edilmelidir. Wekilleriň beýan edýän garaýyşlary beýleki işçi dillere sinhron terjime edilýär, şol garaýyşlary beýleki wekiliýetler üns berip diňleýärler, olar boýunça sorag berýärler, çykyş edýärler. Öz garaýyşlaryny beýan eden wekiliýetler goşmaça deliller we esaslandyrmalary getirmek, teklipler girizmek bilen, ýene-de öz garaýyşlaryny goramaly bolýarlar.
Möhüm halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga we olar boýunça rezolýusiýalary we kararlary kabul etmäge işjeň gatnaşmak bilen, Türkmenistanyň wekiliýeti ýurdumyzyň oňyn bitaraplyk syýasatyna, onuň milli bähbitlerine laýyklykda şol resminamalara ses berýär, olaryň konsensus arkaly kabul edilmegine goşulýar ýa-da ses bermekden saklanýar. Şol bir wagtyň özünde hem biziň wekiliýetimiz Watanymyz üçin möhüm syýasy we amaly ähmiýeti bolan meseleleriň ara alnyp maslahatlaşmagyna we olar boýunça rezolýusiýalaryň kabul edilmegine aýratyn üns berdi. Şu ýerde diňe bir BA-nyň 47-nji, 48-nji, 49-njy sessiýalarynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň 1000-e golaý kararlaryň we rezolýusiýalaryň kabul edilmegine gatnaşandygyny hem belläp geçeýin.
BMG-niň BA-nyň mejlisinde seredilen meseleler boýunça kararlar, rezolýusiýalar olary sese goýmazdan kabul etmek ýa-da olara ses bermek arkaly kabul edilýär. Ses bermeklik düwmäni basmaklyk arkaly amala aşyrylýar: ýaşyl reňk — makullamaklygy, gyzyl reňk — garşylygy, sary reňk bolsa ses bermekden saklanylmagyny aňladýar. Netijede, mejlisler zalynyň diwaryna berkidilen uly elektron tabloda ol ýa-da beýleki ýurduň adynyň öňünde degişli reňkli lampajyk ýanýar. BMG-niň BA-nyň 90-njy ýyllaryň başyndan başlap geçiren mejlislerinde möhüm meseleler boýunça kararlar kabul edilende her gezek tabloda ýaşyl reňk agdyklyk edip başlady. Bu bolsa meseleleriň parahatçylykly çözgüdini tapmak, syýasaty zamananyň hakykatyna laýyk getirmek ýaly BMG-niň döwletlere berýän sargydynyň aýdyň ýüze çykmasy boldy.
Şu ýerde BMG-niň Düzgünnamasyna laýyklykda, möhüm hasap edilýän meseleler boýunça BA-nyň kararlarynyň ses berişlikde bolýan we oňa gatnaşýan Assambleýanyň agzalarynyň 3/2 böleginden az bolmadyk ýagdaýynda kabul edilýändigini hem belläp geçeliň. Ähli beýleki meseleler boýunça kararlar ses berişlikde bolýanlaryň we oňa gatnaşýanlaryň ýönekeý köplügi bilen kabul edilýär. Mejlisde bolmadyk we ses bermekden saklanan wekiliýetlere ses berişlige gatnaşmadyk wekiliýetler hökmünde seredilýär.
BMG-niň BA-nyň mejlisinde seredilen meseleler boýunça kararlaryň, rezolýusiýalaryň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmaga we olar boýunça rezolýusiýalary kabul etmäge gatnaşmak bilen, agza döwletleriň wekiliýetleriniň özleriniň daşary işler ministrliklerinden alýan görkezmelerine eýerýändiklerini hem nygtap geçeliň. Görkezmeleri ýerine ýetirmek — bu olaryň ilkinji gulluk borjy bolup durýar. Elbetde, şol görkezmeler özleriniň giňligi ýa-da darlygy, çeýeliginiň çeni, şahsy görelde üçin berýän mümkinçilikleri bilen häsiýetlendirilip bilnerler. Şunlukda, merkezden degişli görkezmeleri almazdan ozal, ol ýa-da başga döwletiň BA-nyň ýyllyk sessiýasyna gatnaşýan wekiliýetiniň başlygynyň ol ýa-da başga hereketleri, meniň pikirimçe, diňe adatdan daşary ýagdaýlarda, olaryň zerurlygynyň we gaýragoýulmazlygynyň göz öňünde tutulyp, olaryň maksadalaýyklygyna doly ynam bolan ýagdaýynda edilip bilner.
Gaýry ýagdaýda, wekilçilik edilýän ýurduň döwlet bähbitlerine uly zyýan ýetirilip bilner. Sebäbi halkara ýa-da içerki mesele boýunça Hökümetde wekiliýetiň ýolbaşçysyna mälim bolmadyk we göz öňünde tutulmadyk has giň pikirleriň bolmagy ahmaldyr.
Şu mesele bilen baglylykda, BMG-niň doly hukukly agzasy hökmünde Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşyp başlan BA-nyň ilkinji — 46-njy, 47-nji, 48-nji, 49-njy sessiýalarynyň tejribesiniň Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky ilkinji Hemişelik wekili, Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti S.Nyýazow tarapyndan sessiýalarda ýurdumyzyň wekiliýetiniň başlygynyň orunbasary hökmünde tassyklanan, şeýle hem oňa ýygy-ýygydan wekiliýetimiziň başlygynyň borçlary hem ýüklenen A.Rahmanowa BA-nyň Gün tertibindäki meseleler boýunça döwletimiziň adyndan kararlary, rezolýusiýalary özbaşdak kabul etmekde örän giň erkinligiň berlendigini belläp geçeliň. Bu adatdan daşary ýagdaý, elbetde, düýpli sebäpler bilen baglylykda,, Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan bu ýokary derejeli, baý tejribeli diplomata bildirilen örän ýokary, aýratyn ynamyň ýüze çykmasy, şol bir wagtyň özünde hem kadadan çykma hökmünde düşündirilip bilner.
Amangeldi Rahmanow,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň müdiri,
Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi,
Türkmenistanyň ussat diplomaty, professor,
taryh ylymlarynyň doktory, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty.
Çeşme: "Ýaş diplomatyň sesi" - elektron gazeti 30.09.2024 ý. // https://iirmfa.edu.tm/tm/gazet/yas-diplomatyn-sesi-internet-gazeti-23-107_1441