17/12/2025
20
Bitarap Watanymyzyň üstünlikleri
Aşgabatda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan sergide öz beýanyny tapýar.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli dabaralar, sergilerdir forumlar guralýar.
11-12-nji dekabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan sergi hem baýramçylyk dabaralarynyň özboluşly dowamyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagynda forumyň ähmiýetine üns çekilýär.
Şunuň bilen baglylykda, bu sergide ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýylynyň dowamynda ähli pudaklarda gazanylan üstünlikler, garaşsyz ösüşiň ýolunda ykdysadyýetde, syýasatda, durmuş ulgamynda, medeni-ynsanperwer, ylym we tehnologik ugurlarda ýetilen belent sepgitler öz beýanyny tapýar.
Bu giň möçberli sergä ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenleri, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, türkmen işewürleri, şeýle hem daşary ýurtly myhmanlar gatnaşdylar. Biz hem sergä gatnaşyjylaryň käbirleriniň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.
Gülruh GELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby,
meýletinçi:
— Meýletinçilik işinde biz — türkmen ýaşlary örän baý tejribe topladyk. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çärelerde hem biz öz tejribämizi, bilýän daşary ýurt dillerimizi has-da kämilleşdirmäge mümkinçilik aldyk. Şunda meniň hem daşary ýurtly wekillere berkidilmegim nazary bilimlerimi amaly taýdan berkitmäge oňyn mümkinçilik boldy.
Esasan hem, biz dilmaçlyk, ýolbeletlik, maglumat goldawy ýaly dürli ugurlar boýunça hyzmat edýäris. Myhmanlaryň meýletinçileriň işine ýokary baha berýändigini nygtamagy bolsa örän buýsandyrýar. Biz — ýaşlara giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun! Bitaraplyk toýumyz gutly-mübärek bolsun!
Taýýarlan Atamyrat ÝAZWELIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby,
«Nesil».
Çeşme: “Nesil” gazeti – 13.12.2025 ý. // https://turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/7/articles/218866
Latest News
15/12/2025
PARAHATÇYLYK SENASY