30/11/-0001
489
Bilim ulgamynda türkmen-özbek hyzmatdaşlygy
Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1993-nji ýylyň 7-nji fewralynda ýola goýuldy. Şondan bäri hem Özbegistan Respublikasy ýurdumyzyň iri, ygtybarly hem ynamdar hyzmatdaşlarynyň birine öwrüldi. Türkmenistanyň we Özbegistanyň hyzmatdaşlygy bu günki günde Merkezi Aziýa giňişliginde ýagdaýlaryň durnuklylygynyň hemde ösüşiniň strategik şerti bolup çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň guralyşyna ýokary baha berlip, onuň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy iki ýurduň derwaýys meseleleriniň hataryna goşuldy.
Iki dostlukly ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygyň bilim, ylym we medeniýet ugurlary ýylsaýyn ösdürilýär we giňeldilýär. Şeýle-de, daşary syýasatdaky maksatlary hem-de wezipeleri umumadamzat bähbitlerinden, sebitde we dünýäde parahatçylygyň we ählumumy howpsuzlygyň üpjün edilmeginden ugur alýar. Doganlyk halkyň milli aýratynlyklarynda-da birnäçe umumylyklar bar, olar bitewi taryhy-medeni kökler bilen şertlendirilendir.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda döredilen türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebi — Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty häzirki zaman ýokary bilim ulgamynyň hem-de diplomatiýanyň binýatlyk ýörelgelerine daýanmak bilen birlikde, öňdebaryjy dünýä tejribesini hemmetaraplaýyn özleşdirýär. Bu ýokary okuw jaýynyň döredilmegi bilen birlikde, onuň öňünde wajyp wezipeler goýuldy. Hususan-da, Türkmenistanyň kanunlaryna we kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda, olar, ilki bilen, bilim ulgamynda döwlet syýasatyny iş ýüzünde durmuşa geçirmekligi üpjün etmekden, bilimde raýatlaryň konstitusion hukuklaryny amaly taýdan durmuşa geçirmekden, olaryň ruhy, ylmy-intellektual we sazlaşykly ösüşi üçin zerur bolan mümkinçilikleri we şertleri döretmekden, talyplaryň okuw maksatnamalaryny özleşdirmeklerini, saýlap alan hünärleri boýunça nazary we amaly bilimlerini berkitmegi üpjün etmekde dünýä bilim ülňülerine laýyk gelýän okuw işlerini guramakdan ybarat bolup durýar.
Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda ylym we bilim ulgamynda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Akademiki toparlaryň arasynda hyzmatdaşlyk barha ýygjamlaşýar. Ýurtlarymyzyň ÝOM-larynyň we ylmy edaralarynyň arasynda yzygiderli duşuşyklar geçirilýär. Munuň şeýledigine, 2015-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Özbegistan Respublikasynyň Dünýä ykdysadyýeti we diplomatiýa uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär. Ähtnamanyň çäklerinde «tegelek stollaryň», duşuşyklaryň geçirilmegi ylym, bilim ulgamynda doganlyk ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň berkemegine uly itergi berýär. Şeýle-de halkara gatnaşyklary we daşary syýasat ulgamynda hünärmenleri taýýarlaýan ÝOM-laryň arasynda özara tejribe alyşmak we hyzmatdaşlyk etmek babatda uly mümkinçilikleri döretdi.
2022-nji ýylyň 12-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna ilkinji döwlet saparynyň öňüsyrasynda Daşkent şäherinde Merkezi Aziýanyň halkara institutynyň guramagynda «Özbegistan we Türkmenistan: hyzmatdaşlygyň täze taryhy eýýamynda ösüşiň gelejegi» atly halkara maslahaty geçirildi. Bu maslahata türkmen wekiliýeti hökmünde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory J.Gurbangeldiýew, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory E.Aýdogdyýew, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň direktory D.Orazsähedow, Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar boýunça Ylmy merkeziniň başlygy Ş.Şiriýew we merkeziň ylmy işgäri D.Mämmedow, şeýle hem institutyň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň mugallymy M.Berdinyýazow dagy gatnaşdylar. Özbek tarapyndan bolsa, maslahatyň işine Özbegistanyň Seljeriş barlaglar we ylmy edaralarynyň bilermenleri, Oliý Majlisiniň we Respublikan türkmen medeniýet merkeziniň wekilleri gatnaşdylar. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Merkezi Aziýa Halkara institutynyň arasynda Hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyk baglaşyldy.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 20-21-nji oktýabrynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew iki günlük resmi sapary bilen Türkmenistanda boldy. Bu resmi sapar ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň ýolunda möhüm ädimi alamatlandyrýar. Taryhy saparyň çäklerinde geçirilen ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşiklerde öňe sürlen başlangyçlardyr teklipler diňe bir türkmen hem özbek halklarynyň däl, eýsem, tutuş sebitiň halklarynyň abadan durmuşyna, ýagty geljegine gönükdirilendir. Duşuşygyň jemleri boýunça gol çekilen resminamalar iki doganlyk ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadynyň üstüni ýetirdi.
Batyr ESENOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň
II ýyl talyby.