
67
Bilim geljegiň berk binýady
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz 2021-nji ýylyň 9-njy fewralynda ýurdumyzyň daşary syýasy ugruny amala aşyrmak meseleleri boýunça geçiren maslahatynda ýokary okuw mekdeplerinde Halkara hukugy boýunça bilim alýan talyplar üçin halkara gatnaşyklarynyň meselelerini çözmek we halkara arbitraž ugry boýunça täze sapaklary we amaly okuwlary girizmek mümkinçiligine hem-de talyplaryň bu ugurlarda alyp barýan ylmy-barlag işleriniň gerimini giňeltmegiň wajypdygyny belläp geçdi. Şu nukdaýnazardan döwletimiziň bähbitlerine mynasyp wekilçilik etmäge, Türkmenistanyň dünýädäki ornuny we abraýyny berkitmäge hem-de beýleki döwletler, halkara guramalar bilen ykdysady hyzmatdaşlykda yurdumyzyň milli, ykdysady we hukuk bähbitlerini goramaga ukyply ýokary derejeli ýaş hünärmenleriň täze nesliniň kemala gelmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Bu maksatnama ýurdumyzyň hukuk bilimlerinde we halkara işewürlik gatnaşyklarynda möhüm ädim hökmünde bellemek bolar.
«Halkara arbitraž we işewürlik hukugy» magistr maksatnamasy halkara arbitraž ulgamyny çuňňur öwrenmek we işewürlik hukugynyň halkara ölçeglerini yzygiderli esaslarda ylmy taýdan seljermek maksady bilen döredildi. Bu täze ugur, Türkmenistanyň halkara hukuk ulgamynda we halkara ykdysady gatnaşyklarda hil taýdan täze derejä çykarmaga öz mynasyp goşandyny goşar.
Häzirki wagtda, halkara arbitraž halkara hukuk meseleleriniň we işewürlik jedelleriniň çalt we netijeli çözgüdini üpjün edýän möhüm gurallaryň biridir. Bu ugur boýunça taýýarlyk halkara hünärmenleriň, hususan-da hukukçylar, diplomatlardan başga-da, işewürlik guramalarynyň işgärleri üçin hem uly mümkinçilikdir.
Okuw döwründe taýýarlygyň saýlanan ugruna laýyklykda, magistrantlar degişli ugurlar boýunça öňdebaryjy halkara we milli innowasion tejribäni göz öňünde tutup, okuw meýilnamasyna girizilen degişli dersleri özleşdirdiler. Magistr maksatnamanyň esasy ugurlary hökmünde Arbitraž iş ýöredişi, Halkara maýa goýum arbitražy, Halkara täjirçilik arbitražy, Halkara şertnamalary, Halkara işewürlik hukugy, Halkara arbitraž ulgamynyň iş ýörelgeleri ýaly dersleri öz içine alyp, professor mugallymlar tarapyndan bilim berilýär.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty tarapyndan amala aşyrylýan bu maksatnama ýurdumyzyň halkara hukugy bilim derejesini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, halkara işewürlik gatnaşyklarynda ýokary hünärmenleri taýýarlamak üçin hem möhüm ädim bolup durýar. Magistr maksatnamasynyň bir okuw ýylyna niýetlenendigini we halkara gatnaşyklarynda ýöriteleşen hem-de çuňňur hukuk bilimini almaga isleg bildirýän bakalawrlara, döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýaş hünärmenlerine niýetlenendigini hem bellemek gerek.
Men, hem öz gezegimde «Halkara arbitraž we işewürlik hukugy» magistr maksatnamasyny tapawutlanan diplom bilen tamamlap, geljekde döwletiň bähbitlerine wekilçilik etjekdigimize, halkara maýa goýum arbitražy we halkara täjirçilik arbitražy ulgamynda ýöriteleşen, ýokary derejeli hünärmenler bolup ýurdumyzyň ösüşlerine öz goşandymyzy goşjakdygymyza ynandyrýarys.
Nowruz NURBERDIÝEW,
Halkara arbitraž we işewürlik hukugy
magistr ugrunyň uçurymy.
Latest News

26/06/2025
ÝAŞ DIPLOMATLAR BILEN DUŞUŞYK
23/06/2025
Крупный успех туркменских каратистов
20/06/2025
Üstünlikli geçen halkara ýaryş