520
“Aýdyň ýollary nazarlap”
Günsaýyn ösüşlere beslenýän eziz Diýarymyz ähli pudaklarda belent sepgitlere ýetýär. Asudalygy, hoşniýetli gatnaşyklary we parahatçylygy özüniň içeri we daşary syýasatyna esas edinen ýurdumyzyň bagtyýar halky Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň irginsiz aladalary saýasynda ak ýollaryň rowana menzillerinde ynamly öňe barýar.
Hemmämiziň bilşimiz ýaly, ýurdumyzda her ýylda geçirilýän “Ýol-hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň çäklerinde geçirilen wagyz-nesihat çäreleriniň, okuw sapaklarynyň we halypa sagatlarynyň netijesinde, köçe-ýol hereketiniň howpsuzlygy we onuň düzgünleri, pyýadalaryň ýol-hereketinde jogapkärçilikleri we hukuklary, şeýle-de ýol düzgünleriniň umumy kadalary barada peýdaly maglumatlary edindik.
Ýol-hereketiniň düzgünlerini berk berjaý etmegimiz, ýollarda we jemgyýetçilik ýerlerinde ýüze çykyp biljek säwlikleriň we howply ýagdaýlaryň öňüni almaga ýardam eder. Geliň, ýol-hereketiniň düzgünlerini doly we dogry berjaý edeliň! Özümizi we ýakynlarymyzy goralyň! Çünki, ýol-hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy!
Kadyrmyrat ÖWEZGYLYJOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň I ýyl talyby.