
24/07/2025
109
Awaza forumynyň resmi saýty — maslahatyň maglumat meýdançasy
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýlarynyň toýlanylýan, iri abraýly halkara gurama bolan Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmegine 80 ýyl dolýan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bütin dünýäniň nazary Watanymyzda. Häzirki wagtda Hazaryň türkmen kenarynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň guramaçylyk, taýýarlyk işleri üstünlikli dowam edýär. Şu ýylyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda dost-doganlygyň gülleýän mekanyna öwrülen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek halkara maslahatyň resmi internet saýtynyň döredilmegi-de bu çäräniň dünýä derejesinde ähmiýetiniň uludygyny, onuň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi ugrunda amala aşyrylýan möhüm işleri doly aýdyňlygy bilen subut edýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli pudaklaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak babatda anyk işler durmuşa geçirilýär. Sanly ulgamyň hukuk binýady yzygiderli pugtalandyrylýar. Munuň şeýledigini «Aragatnaşyk hakynda», «Türkmenistanda internet torunyň ösüşini we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda», «Kiberhowpsuzlyk hakynda», «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmegi hem tassyklaýar. Parahatçylygyň, howpsuzlygyň hem-de durnuklylygyň mekanyna öwrülen Watanymyzda yzygiderli geçirilýän umumadamzat ähmiýetli halkara çäreleriň işinde sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden doly peýdalanylýar. BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň resmi internet saýtynyň döredilmegi hem, halkara forumyň işini döwrebap derejede guramaga ýardam edýär. Bu saýt «www.lldс3.gov.tm» internet salgysy arkaly hemmelere elýeterlidir.
Üç dilde, ýagny türkmen, iňlis, rus dillerinde hereket edýän internet saýty göze gelüwli interfeýsi bilen ulanyjylary özüne çekýär. Onuň dizaýnynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň gözel künjekleriniň, ýurdumyzyň ösen ulag insfrastrukturalarynyň suratlaryndan peýdalanylandygy aýratyn bellärliklidir. Saýtyň «Türkmenistan barada» atly bölüminde şanly toýlaryna barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli möhüm ugurlary bolan suw, ulag, energetika diplomatiýasy barada maglumatlaryň getirilmegi juda maksadalaýyk bolup durýar. Häzirki wagtda dünýä ýüzünde ulag diplomatiýasynyň orny barha ýokarlanýar. Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ýükleriň dürli görnüşlerini bökdençsiz daşamakda, dünýä ykdysadyýetine goşulyşmakda ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklaryny ýeňip geçmekde ulag diplomatiýasynyň möhüm ähmiýeti bar. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzyň ulag-üstaşyr ýollaryň çatrygynda ýerleşmegi, bu ugurda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berýär.
Saýtda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler barada peýdaly maglumatlaryň birnäçesi hem ýerleşdirilendir. Şeýle-de onda bu halkara maslahata gatnaşmagyň şertleri, onuň dowamynda geçiriljek forumlar, sergilerdir birnäçe ugurdaş çäreler barada giňişleýin beýan edilýär. Döwrebap internet saýty halkara forum bilen bagly bildirişlerdir täzelikleri dessin ýerleşdirmäge mümkinçilik berýär. Ýeri gelende bellesek, saýtda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň elektron kartasy hem ýerleşdirilendir.
Sözümizi jemläp aýdanymyzda, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň resmi internet saýtynyň döredilmegi dünýä bähbitli maslahatyň dowamynda geçiriljek çäreleri halkara giňişligine gyzgyny bilen ýetirmekde, forumyň dürli ugurlaryny wagyz etmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Yhlas HALLYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
halkara žurnalistikasy hünäriniň talyby,
«Esger».
Çeşme: «Esger» gazeti. 24.07.2025ý.
Latest News

18/07/2025
Çagalaryň söýgüli seýilgähi