Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
    • International cooperation
      • Meetings
        • BOOK AWARD CEREMONY BY THE NIPPON FOUNDATION
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
        • A training session on the Sustainable Development Goals was held
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / Articles / Aşgabat sammiti: üçtaraplaýyn gatnaşyklara täze badalga
    Aşgabat sammiti: üçtaraplaýyn gatnaşyklara täze badalga surady
    06/08/2023

    969

    Aşgabat sammiti: üçtaraplaýyn gatnaşyklara täze badalga

    Bu günki gün Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatymyz dünýä döwletleri tarapyndan içgin öwrenilýär. Sebäbi biziň daşary syýasatymyz häzirki zaman geosyýasy dartgynly ýagdaýlarda durnuklylygy, abadançylygy üpjün etmekde iň ygtybarly serişde. Gahryman Arkadagymyz: «gönezliginde parahatçylygy döretmek sungaty duran Bitaraplyk syýasatymyzyň netijesinde, dünýäniň geosyýasy giňişliginde «Türkmenistan» atly parlak ýyldyz döredi» diýip belleýär. Hakykatdan hem, Türkmenistan bu günki gün sözüň doly manysynda parlak ýyldyza öwrülip, özüniň parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlaryny dünýä ýüzüne şöhle kimin ýaýýar. Aýratyn bellemeli zat hem, ýurdumyz dünýä ýüzünde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde tanalýar.

    Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyz Merkezi Aziýa sebitiniň ösüşi ugrunda uly tagallalary edýär. Muňa 2023-nji ýylyň 4-nji awgustynda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagynda geçirilen üçtaraplaýyn Aşgabat sammiti hem aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär. Sammitiň baş maksady ählumumy abadançylygy, parahatçylygy we özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan ybarat boldy.

    Sammitiň dowamynda hormatly Prezidentimiz birnäçe möhüm başlangyçlary öňe sürdi. Ol başlangyçlar, esasanam, energetika, ulag-logistika, söwda-ykdysady ulgamlara degişlidir. Energetika ulgamy babatda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gaz pudagynda uzak möhletli üçtaraplaýyn gatnaşyklary ýola goýmaga degişli teklibi beýan etdi.

    Mälim bolşy ýaly, ýurtlarymyz Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar logistik geçelgeleriň möhüm çatrygynda ýerleşýär. Şu jähetden hem hormatly Prezidentimiz sammitiň dowamynda bitewi ulag strategiýasyny döretmek üçin tagallalary birleşdirmegiň wajypdygyny belledi. Ulag-logistika ulgamynda hem sebit, dünýä derejesinde durmuşa geçirilmegi göz öňüne tutulýan taslamalary ilerletmek üçin ulag diplomatiýasynyň orny uludyr. Şunlukda, Döwlet Baştutanymyz sammitiň dowamynda dünýä giňişliginde ylalaşykly ulag diplomatiýasyny bilelikde maksada okgunly amala aşyrmagyň has-da zerurdygyny nygtady.

    Sammitiň dowamynda hormatly Prezidentimiz özara söwda dolanyşygyny ýokarlandyrmak, senagat önümçiligi babatda hyzmatdaşlyklary ýola goýmak bilen bagly hem başlangyçlary öňe sürdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow biziň ýurtlarymyzda bar bolan kuwwatyň, mümkinçilikleriň diňe ikitaraplaýyn gatnaşyklar esasda däl-de, eýsem, üçtaraplaýyn esasda ulanmaklyga çalyşmagy nygtady. Sammitiň dowamynda Täjigistan Prezidenti ählumumy abadançylyk, sebitiň ösüşi, parlamentara hyzmatdaşlygy ýygjamlaşdyrmak bilen bagly teklipleri öňe sürdi. Özbegistan Prezidenti sammitde ýurtlaryň suw hojalygyna öňdebaryjy suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, suw serişdelerini dolandyrmak işini sanlylaşdyrmak, hyzmatdaşlyk guramalarynyň we düzümleriniň ugry boýunça gatnaşyklar babatda tekliplerini beýan etdi. Sammitiň dowamynda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysynyň orunbasary Filipp Saprykine söz berildi. Ol merkeziň işi barada maglumat bilen çykyş etdi. Sammitiň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýannama gol çekildi.

    Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylyň 14-15-nji sentýabrynda Duşenbe şäherinde Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň bäşinji ýubileý sammiti geçiriler. Arkadagly Serdarymyzyň belleýşi ýaly, Aşgabat sammiti Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy ýaly formatynyň möhüm we netijeli bölegi hökmünde garalýar.

    Meýlis NEPESOW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy

    Latest News

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI