Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
    • International cooperation
      • Meetings
        • BOOK AWARD CEREMONY BY THE NIPPON FOUNDATION
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
        • A training session on the Sustainable Development Goals was held
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / Articles / ARZYLY ARZUWLARYŇ WYSALY
    ARZYLY ARZUWLARYŇ WYSALY surady
    09/03/2024

    777

    ARZYLY ARZUWLARYŇ WYSALY

    Ykballary özgerdýän bäsleşik
    Elbetde, ajaýyp bahar paslynyň ilkinji günlerinde türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň däbine öwrülen «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň nobatdaky oýny geçirilip, ol ýatdan çykmajak pursatlara baý boldy. Bu bäsleşik ýaşlaryň her biri üçin geljegiň ýagty şamçyragydyr. Sebäbi bu bäsleşik her bir gatnaşyjynyň ykbalynda taryhyň, şu günüň, geljegiň bir sudurda janlanmagyna mümkinçilik döredýär. Bäsleşigimiziň III möwsüminiň özboluşly aýratynlygynyň biri hem onuň umumy şygarynyň akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyraga bagyşlanmagydyr. Dana şahyrymyz özüniň ajaýyp şygyrlarynda ýaşap geçen döwrüniň syýasatyna, halkara gatnaşyklaryna uly orun berýär. «Beýik Magtymguly Pyragynyň taglymaty — umumadamzat gymmatlyklarynyň milli şamçyragy» atly umumy şygar astynda geçirilýän III möwsümiň VII saýlama oýnunyň temasy «XVIII asyrda – XIX asyryň I çärýeginde Hywa hanlygynyň we Buhara emirliginiň halkara gatnaşyklary we diplomatiýasy» diýlip atlandyryldy.
    «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň III möwsüminiň VII saýlama oýnuna Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň 5-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Güýçmyrat Gulamow, Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumy bilim berýän mekdep-internatynyň 10-njy synp okuwçysy Nurgözel Gutlyýewa, Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Şatlyk şäherindäki takyk we tebigy ugurlara ýöriteleşdirilen 43-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Jumamyrat Orazmyradow, şol mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Muhammetnur Maksatmyradow, Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 52-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Resul Baýmyradow, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň 24-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Aýlar Serdarowa, Mary welaýatynyň Mary şäherindäki 25-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Şasenem Durdykowa, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän 26-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Söýli Ýazberdiýewa dagy gatnaşdylar.
    Akyl-paýhas bäsleşiginiň nobatdaky oýnuna «Pähimdarlar geňeşiniň» agzalary hökmünde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň uly mugallymy, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Begenç Karaýew, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Dünýä taryhy kafedrasynyň uly mugallymy Şamuhammet Akmyradow, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň Halk döredijiligi bölüminiň müdiri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Güljemal Gummanowa dagy adalatly eminlik etdiler.
    «Pähimdarlar geňeşiniň» yglan eden netijesine laýyklykda, bäsleşikde öz zehin-başarnyklary bilen beýleki gatnaşyjylardan tapawutlanan Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 10-njy synp okuwçysy Nurgözel Gutlyýewa we Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 52-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Resul Baýmyradow VII saýlama oýnunyň ýeňijileri diýlip yglan edilip, ýarym final oýunlaryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Ýeňijilere we bäsleşige gatnaşyjylara institutyň adyndan Hormat hatlary, Magtymgulynyň 300 ýyllygyna bagyşlanyp institutymyz tarapyndan taýýarlanylan «Magtymguly Pyragynyň umumadamzat ähmiýetli parahatçylyk taglymaty we häzirki zamanyň möhüm meseleleri» atly ylmy makalalar ýygyndysy, şeýle-de hemaýatkärler tarapyndan gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
    Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumy bilim berýän mekdep-internatynyň 10-njy synp okuwçysy Nurgözel Gutlyýewa:
    — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde biz — ýaşlara giň mümkinçilikler döredilýär. Maňa hem şeýle mümkinçilikleriň biri bolan «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşigine gatnaşyp, ýeňiji bolmak bagty miýesser etdi. Bu bäsleşikde ýeňiji bolmak iň uly maksatlarymyň biridi. Men bu maksadyma tarap bir ädim golaýlandygyma tüýs ýüregimden buýsanýaryn we bäsleşigiň geljekki tapgyrlarynda hem üstünlikli çykyş edip, ýeňiş gazanaryn diýip umyt edýärin. Şu pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýüregimden sagbolsun aýdýaryn. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

    Intizar TAGANNYÝAZOWA,
    Halkara hukugy fakultetiniň II ýyl talyby,
    «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň I möwsüminiň ýeňijisi.

    https://iirmfa.edu.tm/tm/gazet/yas-diplomatyn-sesi-internet-gazeti-7-90_6678

    Latest News

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI