Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
    • International cooperation
      • Meetings
        • BOOK AWARD CEREMONY BY THE NIPPON FOUNDATION
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
        • A training session on the Sustainable Development Goals was held
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / Articles / Arkadag şäheriniň köpugurly hassahanasy saglygy goraýyş ulgamynda halkara şahadatnamanyň eýesidir.
    Arkadag şäheriniň köpugurly hassahanasy saglygy goraýyş ulgamynda halkara şahadatnamanyň eýesidir.
    Arkadag şäheriniň köpugurly hassahanasy saglygy goraýyş ulgamynda halkara şahadatnamanyň eýesidir.
    06/07/2023

    3863

    Arkadag şäheriniň köpugurly hassahanasy saglygy goraýyş ulgamynda halkara şahadatnamanyň eýesidir.

    2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda ýurdumyzda döredijiligiň, abadançylygyň we ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň şöhratly ýyl ýazgysyna altyn harplar bilen ýazyljak şanly taryhy waka bolup geçdi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň aýdyň nyşany bolan Türkmenistanda ilkinji “akylly” Arkadag şäheriniň açylyşy mynasybetli giň möçberli dabaralar ýaýbaňlandyryldy. Kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan bu täsin şäheriň gurulmagy ýurdumyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan we häzirki döwürde Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam etdirilýän ägirt uly özgertmeleriň anyk netijesidir. Arkadag şäheriniň diýarymyzyň gadymy künjekleriniň birinde, pederlerimiziň şöhratly taryhynyň gözbaş alýan ýerinde gurulmagy aýratyn bellärliklidir. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen bu ägirt uly şähergurluşyk taslamasynyň durmuşa geçirilmegi, Türkmenistanda amala aşyrylýan durmuş ugurly we ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmäge, onuň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Döwlet ähmiýetli şäheriň açylyş dabarasynyň çäklerinde, döwlet Baştutanymyz bilen, şeýle täsin şäheriň açylmagynyň şaýady bolan, belent mertebeli daşary ýurtly myhmanlarynyň gatnaşmaklarynda, Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde dabaraly maslahat geçirildi. Maslahatda Arkadag şäheriniň gurluşygynda dürli ugurlarda gazanylan üstünlikleri tassyklaýan sylaglary gowşurmak dabarasy geçirildi. Arkadag şäherine gowşurylan 21 sany halkara sylagyň arasynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň halkara «KTQ International GmbH» (The Cooperation for Transparency and Quality in Healthcare International GmbH) kompaniýasynyň Arkadag şäheriniň köpugurly hassahanasyna “Aýdyňlyk we hil boýunça hyzmatdaşlyk” hakyndaky halkara şahadatnamasy we Niderlandlar Patyşalygynyň «Philips Medical Systems» kompaniýasynyň Arkadag şäheriniň köpugurly hassahanasyna “«Philips» enjamlary bilen üpjün edilen sebitiň ýokary tehnologiýaly hassahanasy” atly güwänamasy bar. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi täze şäheriň durmuş düzüminiň möhüm bölegi bolup durýar. Şol düzüm ähli görkezijiler babatda halkara ülňülerine laýyk gelýän saglygy goraýyş ulgamynyň birnäçe desgalaryny özüne birleşdirýär. Şolaryň hatarynda 350 orunlyk köpugurly hassahana, 150 orunlyk Onkologiýa merkezi, 150 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi, “Tiz kömek” merkezi, saglyk öýi, ýöriteleşdirilen ulag serişdeleriniň dürli görnüşleri bolan, uly Awtomobil kompaniýasy bar. Dünýäniň meşhur önüm öndürijileriniň iň döwrebap enjamlary bilen üpjün edilen bu desgalaryň ählisi Arkadag şäheriniň Saglygy goraýyş müdirliginiň garamagyna degişli bolup, onuň binasy esasy we ýanaşyk jaýlardan ybaratdyr. Toplumyň çep ganatynda arassaçylyk-epidemiologiýa gullugy, sag ganatynda bolsa, dermanhana gullugy ýerleşýär. Şäheriň saglygy goraýyş edaralarynda dürli ugurly, ýokary hünärli hünärmenler işleýärler. Bu ýerde dürli keselleriň öňüni almak, anyklamak we bejermek üçin ähli şertler döredilipdir. Dört gatdan we dokuz binadan ybarat bolan hassahana binasy hassalary dürli ugurlar boýunça kabul etmäge hem-de lukmançylyk hyzmatlaryny amala aşyrmaga niýetlenen. Hassahanada neýrohirurgiýa, urologiýa we nefrologiýa, anesteziýa we reanimasiýa, stomatologiýa, fizioterapiýa, umumy hirurgiýa, newrologiýa, kardiologiýa bölümleri bar. Hassahana Germaniýanyň, Niderlandlar Patyşalygynyň, ABŞ-nyň, Italiýanyň, Ýaponiýanyň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň iň döwrebap anyklaýyş we bejeriş enjamlary bilen enjamlaşdyrylan. Hassahananyň enjamlary esasan, Niderlandlar Patyşalygynyň «Philips Medical Systems» we Şwesiýanyň «GETINGE Group» kompaniýalary tarapyndan üpjün edildi. Bu ýerde “Ingenuity CT” we “Incisive CT” 2 sany kompýuter tomografiýa enjamy, “AZURION 3 F12” angiografiýa enjamy, 2 sany rentgen we “Combi-Diagnost R-90” flýuroskopiýa apparaty, ultrases barlagy üçin “AFFINITI 70” apparaty we “Ingenia Ambition 1,5T” magnit-rezonans tomografiýa enjamy, şeýle-de “Philips Medical Systems” kompaniýasynyň “Intelli Viu” kardiomonitory ornaşdyrylan. Operasiýa we reanimasiýa bloklary Şwesiýanyň «GETINGE Group» kompaniýasynyň operasiýa stollary, ýagtylandyryjy çeşmeleri, ÖEDA (Öýkeniň emeli dem alyş enjamy) enjamy, anesteziýa üçin enjamy, formalin, wodorod we bug sterilizatorlary ýaly ýokary derejeli enjamlary bilen üpjün edildi. Hassahana Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Şadyýan gurluşyk” hojalyk jemgyýeti tarapyndan guruldy. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, Arkadag şäheri ýurdumyzyň jemgyýetçilik-saglygy goraýyş ulgamynda ylmyň gazananlarynyň, bu ulgama öňdebaryjy usullary we tehnologiýalary, şol sanda sanly ulgamy üstünlikli ornaşdyrmagyň aýdyň mysalydyr. Ýurdumyzda halkymyzyň saglygyny pugtalandyrmak, “Saglyk” Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça yzygiderli alnyp barylýan işler köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hereketini höweslendirmek we ösdürmek, oňa ilaty, ilkinji nobatda, ýaşlary giňden çekmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek babatda görülýän çäreler bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

    Ogulbeg GAZAKOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Dünýä dilleri kafedrasynyň uly mugallymy.

    Latest News

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI