04/07/2023
983
ARKADAG ŞÄHERI: WATAN ROWAÇLYGYNYŇ WE EKOLOGIÝA ABADANÇYLYGYŇ NUSGASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda möhüm ähmiýetli ekologiýa meselelerini çözmek, daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak boýunça alnyp barylýan işler bu gün dünýä nusgalykdyr. Häzirki wagtda tebigaty goramak çäreleriniň tejribesi we türkmen ylmynyň ägirt uly mümkinçilikleri bütin dünýäde uly gyzyklanma döredýär. Muňa biziň ýurdumyzyň iri ekologik çäreleriň, maslahatlaryň we seminarlaryň geçirilýän ýeri hökmünde ençeme gezek saýlanyp alynmagy hem şaýatlyk edýär. 2019-njy ýylyň 8-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde ekologiýa boýunça geçirilen iň uly sapagyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle-de 2022-nji ýylda BMG-niň Ýewropa Ykdysady komissiýasynyň “Şäherlerde baglar” başlangyjyna goşan goşandy üçin Aşgabat şäherine halkara Güwänama gowşuryldy. 2022-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda Arkadag şäheriniň çäginde “Organiki bakjalyk we onuň ekologiýa goşýan goşandy” atly okuw sapagy geçirildi. Oňa oba hojalyk pudagyndan bäş ýüzden gowrak hünärmenler gatnaşdylar we okuw sapagy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Ekologiýa meselelerini çözmek işlerine Türkmenistan halkara gatnaşyklarynda hem aýratyn uly orun berýär we yzygiderli täze başlangyçlar bilen çykyş edýär. Türkmenistan BMG-niň tebigaty goramak boýunça köpsanly Konwensiýalaryna goşuldy we köpugurly işler alyp barýar. Ekologiýa ylmynyň möhüm täze ugurlary bolan şäher ekologiýasy, adam ekologiýasy babatynda ýurdumyzda bimöçber uly işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň şähergurluşyk babatynda täze innowasion oý-pikirleri ekologiýa taýdan amatly Arkadag şäheriniň gurluşygynda öz beýanyny tapdy we doly amal boldy. BMG-niň tehniki missiýasynyň agzalary Arkadag şäherine girizilen desgalaryň dünýäniň häzirki zaman öňdebaryjy standartlaryna, hususan-da, ekologiýa, howpsuzlyk hem-de tehnologik öndürijiligine ýokary baha berdiler. Maglumat eýýamynda “akylly” şäher diýip ykrar edilen, ekologiýa taýdan ýaşamaga amatly Arkadag şäheriniň gözelligini görmäge göz, taryplamaga söz gerek. 2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda Arkadag şäheriniň birinji tapgyryny hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Serdarymyz ak pata berip, dabaraly ýagdaýda açyp berdi. Ykdysady taýdan iňňän kuwwatly ýurtda iri şähergurluşyk taslamasynyň amala aşyrylýandygyny tejribe görkezdi. Şäheriň birinji tapgyrynda gurlan dürli maksatly desgalaryň üç ýüzden hem gowragy ulanylmaga berildi. “akylly” şäherde medeniýetli dynç almak, tebigatyň we millilige ýugrulan binalaryň gözelligini synlamak üçin zerur şertler döredilen. Seýilgähler we ýaşyl zolaklar ynsanyň aň-düşünjesinden, duýgularyndan geçip, ekologiýa medeniýetini kämilleşdirmäge uly itergi berýär. “Türkmenistanyň at gazanan arhitektory”, Gahryman Arkadagymyzyň şähergurluşyk Maksatnamasynyň özeninde ekologiýa talaplary aýratyn orun tutýar we adam ekologiýasyna, ýagny ynsanlaryň saglygyna gönükdirilen. Häzirki zaman awtoulaglary, duralgalary, “ýaşyl” tehnologiýalar sungat eserini ýada salýan Arkadag şäherinde howpsuz ekologiýa gurşawyny döredýär. Bu bolsa ilki bilen adam ekologiýasy, ýagny ynsanyň saglygy bilen bagly. Il saglygyny-ýurt baýlygyna deňeýän lukman, alym Arkadagymyzyň tagallasy bilen Köpetdagyň eteginde ilkinji “akylly” şäher döredildi. Arkadag şäheriniň açylmagy we sebitde deňi-taýy bolmadyk bu şäheriň aýratynlyklaryny açyp görkezýän «Arkadag şäheri — geljegiň şäheri» atly kitabyň neşir edilmegi halkymyz üçin «akylly» Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyna mynasyp sowgat boldy.
Ogulgurban EZIMOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty.
Latest News
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI