04/07/2023
1075
Arkadag şäheri – öňdebaryjy çözgütleriň mekany
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, halkymyzyň rowaçlygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen düýpli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär, ykdysadyýetiň pudaklaryny okgunly ösdürmek boýunça çäreler amala aşyrylýar. Döwrebap şäherler, şäherçeler, obalar, ylym, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlarynyň desgalary, senagat kärhanalary gurlup ulanmaga berilýär. Bularyň ählisi Garaşsyz Watanymyzyň ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny görkezýär. Ýaňy-ýakynda, açylyp ulanmaga berlen Arkadag şäheri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň täze eseri bolamk bilen çäklenmän, eýsem sebitiň iri “akylly” şäher konsepsiýasyna hem-de ekologiýa taýdan arassa inženerçilik ulgamlarynyň giňden ornaşdyrylan şäheri boldy. Mälim bolşy ýaly, bu iri taslamany iki tapgyrda durmuşa geçirmek meýilleşdirildi. Häzirki wagtda gurluşygyň birinji tapgyry tamamlanyp, onuň çäklerinde medeni-durmuş we beýleki maksatly desgalaryň 336-sy guruldy. “Geljegiň şäheri” diýlip atlandyrylýan Arkadag şäheriniň açylmagy Türkmenistanyň täze taryhyna ýurduň deňi-taýy bolmadyk ykdysady we ylmy-tehniki ösüşiniň, türkmen halkynyň zähmetsöýerliginiň, zehininiň anyk mysaly hökmünde altyn harplar bilen ýazylar. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň hemişelik ünsi we goldawy netijesinde, ýurdumyzdaky ilkinji “akylly” şäheri ýaşamak, zähmet çekmek, dynç almak üçin iň amatly şertleri bolan kämil şäherleriň biri boldy. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen bu ägirt uly şähergurluşyk taslamasynyň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanda amala aşyrylýan durmuş ugurly we ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmäge, onuň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Şäher gurluşygynda «Akylly şäher» maksatnamasynyň toplumlaýyn durmuşa geçirilmegi netijesinde gurlan Arkadag şäheri özüniň ulag düzümi, ýaşaýyş-kommunal hyzmatlary, saglygy goraýyş ulgamy hem-de ylym-bilim infrastrukturalary bilen dünýä jemgyýetçiliginiň ýokary ykrarnamasyna eýe boldy. Şunuň bilen baglylykda, dünýäniň ençeme ýurdunyň ylmy jemgyýetçiligi hem-de beýleki iri düzümleri Arkadag şäherini dürli ugurlarda gazanylan üstünliklerini tassyklaýan şahadatnamalardyr diplomlar hem-de Minnetdarlyk Güwänamasy gowşuryldy. Ine, şeýle şahadatnamalary gowşuran daşary ýurtly edaralaryň biri hem Russiýa Federasiýasynyň Gurluşyk we ýaşaýyş-kommunal hojalygy ministrliginiň Merkezi ylmy-barlag we meýilnamalaşdyrylyş institutydyr. Bu ylmy edaranyň baş direktorynyň orunbasary Ramzit Maskulow garaşsyz ylmy-tehniki derňewleriň netijesinde Arkadag şäheriniň BMG-niň Durnukly ösüş maksatlarynyň, ekologik gurluşyk boýunça halkara talaplara laýykdygyny tassyklaýan şahadatnamany gowşurdy. Bu şahadatnamany gowşurmagyň ähmiýete nämäde? Köpetdagyň ajaýyp dag eteklerinde ýerleşýän täze şäher öňdebaryjy sanly, maglumat-aragatnaşyk we “ýaşyl” tehnologiýalara esaslanýan “akylly» şäheriň aýdyň nusgasydyr. Bu ýerde ekologiýa ýaly möhüm ugra aýratyn üns berilýär. Mysal üçin, desgalaryň gurluşygynda ekologik taýdan arassa materiallar ulanyldy. Şunuň bilen baglylykda, Arkadag şäheri Durnukly ösüş maksatlarynyň 11-nji maksadynyň talaplaryna doly laýyk gelýär. Bu maksat şäherleriň we ilatly nokatlaryň açyklygyny, howpsuzlygyny, durmuşa ukyplylygyny, ekologik taýdan durnuklylygyny üpjün etmekden ybaratdyr. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan dünýäniň abraýly halkara guramasy bolan BMG bilen gatnaşyklaryna aýratyn üns bermek bilen, ählumumy we sebit gün tertibi babatda BMG bilen uzak möhletli geljek üçin hyzmatdaşlyk etmegiň esasy ugurlaryny kemala getirýär. Şunuň bilen baglylykda, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyz dünýä bileleşiginiň işjeň agzasy bolmak bilen, olary işläp taýýarlamaga mynasyp goşant goşdy. Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlarynyň 17-sini milli maksatnamalara we durmuş-ykdysady ösüş strategiýalaryna girizmek bilen, ony milli derejede ýerine ýetirip başlan döwletleriň ilkinjileriniň biridir. Hususan-da, Hökümet derejesinde Durnukly ösüş maksatlarynyň ilkinji tapgyrynda jemi 17 maksady, 148 wezipesi we 187 görkezijisi kabul edildi. Ine, şol maksatlaryň durmuşa geçirilmegi babatda ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylan özgertmeler maksatnamasynyň çäklerinde Köpetdagyň gözle künjeginde häzirki zaman ekologiýa talaplaryna doly laýyk gelýän kämil hem-de döwrebap şäher guruldy. Ajaýyp tebigy gözelligi gorap saklamak üçin şäheriň gurluşygynda “ýaşyl” tehnologiýalar giňden ulanyldy. Döwrebap sanly tehnologiýalar durnukly şäher infrastrukturasyny ösdürmäge, energiýany tygşytlamaga, ýaşaýyş-durmuş hilini ýokarlandyrmak, daşky gurşawy goramak üçin durmuş hyzmatlarynyň hilini gowulandyrmaga mümkinçilik berýär. Ýeri gelende aýtsak, bu ýerde şäher köçelerinde jemgyýetçilik ulagynyň ekologik taýdan arassa görnüşleri — elektrobuslar we elektrotaksiler hereket eder. Şeýlelikde, Arkadag şäheri dünýäniň şähergurluşyk, inženerçilik-tehniki ösüşiniň iň täze nusgalaryny özünde jemleýär. “Akylly” öý tehnologiýalary ulanylyp gurlan döwrebap 5, 7 we 9 gatly, köp öýli ýaşaýyş jaýlary, 2 gatly kottejler Arkadag şäheriniň aýratynlygydyr. Munuň özi öýi dolandyrmagyň intellektual ulgamydyr. Ol internet tory arkaly öýleriň durmuş üpjünçiliginiň, howpsuzlygynyň ähli ugurlarynyň awtomatik we sazlaşykly işini üpjün edýär. Şunuň netijesinde, öýleri we hojalyk işlerini aralykdan, mysal üçin, smartfonyň kömegi bilen dolandyryp bolýar. Öňdebaryjy tehnologiýalar toguň, agyz suwunyň we tebigy gazyň sarp edilişini hasaba almaga mümkinçilik berýär. Täze şäherde optiki-süýümli kommunikasion ulgamyň ornaşdyrylmagy ýokary tizlikli interneti ulanmaga mümkinçilik berdi. Ýokary hilli öýjükli aragatnaşygy üpjün etmek üçin 4G enjamlarynyň toplumy işe girizildi. Bular hem täze şäheriň ýaşaýyş-kommunal hyzmatlarynyň ýokary derejedediginiň aýdyň subutnamasydyr. Bu şäherde ilatyň bagtyýar we abadan durmuşynyň, mynasyp dynç almagynyň, zähmet çekmeginiň üpjün edilmegine gönükdirilen giň möçberli işler, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän hem-de “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelgäni baş şygar edinýän döwlet syýasaty öz beýanyny tapýar.
Nurmyrat ZÜLPIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Dünýä dilleri kafedrasynyň uly mugallymy.
Latest News
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI