06/07/2024
743
Alyşir Nowaýy — Gündogaryň dana şahyry
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda edebiýata, sungata uly sarpa goýulýar. Dana şahyrlarymyzyň edebi mirasy içgin öwrenilip, dünýä jemgyýetçligine ýetirilýär. Gündogaryň şeýle dana şahyrlarynyň biri hem Alyşir Nowaýydyr. 2024-nji ýylyň maý aýynda açylan Aşgabat şäherindäki «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda Alyşir Nowaýynyň hem heýkeliniň oturdylmagy şahyra goýulýan uly hormatyň nyşanydyr.
Alyşir Nowaýy 1441-nji ýylda häzirki Owganystanyň Hyrat şäherinde eneden bolýar. Nowaýy eýýäm 4-5 ýaşlaryndaka oňa pars, türki dillerdäki eserleri okamagy öwredipdirler. Ol 6 ýaşdan başlap, Hüseýin Baýkara (Soltansöýün) bilen bir mekdepde okaýar. Ýaşan döwründe Nowaýynyň zehine türki dilde eser ýazan döwürdeş meşhur şahyry Lutfy ýokary baha beripdir. Nowaýy türki dilde ýazan goşgularyny oňa okap berer eken. Şu zeýilli goşgularynda Alyşir «Nowaýy» (owazly) lakamyny ulanypdyr, soňra onuň ýörgünli ady Nowaýy bolup galypdyr. Nowaýy 12-13 ýaşlaryndaka kakasy ýogalyp, şol döwrüň däbi boýunça patyşa Abulkasymyň hyzmatynda bolmaga mejbur bolupdyr. Şol mahal Hüseýin Baýkara hem Abulkasymyň gullugynda eken. Alyşir Nowaýy diňe edebiýat bilen meşgul bolman, matematika, filosofiýa, taryh ylymlaryna-da üns berip ugraýar. Nowaýy şol döwrüň görnükli şahyry hem-de alymy Abdyrahman Jamy (1414-1492) bilen tanyşýar. Onuň bilen ýakyn aragatnaşyk saklaýar. 1464-nji ýylda Nowaýy Maşatdan Hyrada gaýdýar. 1469-njy ýylda Hüseýin Baýkara özüni Horasanyň şasy diýip yglan edýär we Nowaýyny özüne möhürdar edip alýar. 1483-1485-nji ýyllar aralygynda şahyryň iň göwrümli eserleriniň biri bolan «Perhat-Şirin» eserini öz içine alýan «Hamsany» (arap dilinden «hams» - bäş) ýazýar.
1487-nji ýylda Alyşir Astrabada häkim edip bellenýär. Nowaýy bu ýerde türki dilde ýazan goşgularyny toplap, «Manylar hazynasy» ady bilen ýygyndy (diwan) döredýär. Nowaýy Astrabatdan Hyrada dolanyp gelenden soň, agyr kesele sezewar bolýar we 1501-nji ýylyň başlaryna dünýäden ötýär. Nowaýynyň gubury Hyrat şäherinde ýerleşýär. Nowaýynyň eserleri, ol barada döredilen rowaýatlar we şorta sözler «Myraly we Soltansöýün» (1941) we «Myraly» (1948) atlary bilen ýörite kitapça görnüşinde çap edildi.
Alyşir Nowaýynyň döredijilik mirasy uly göwrümli we köpugurlydyr. Onuň edebi mirasy 30 sany uly eseri öz içine alýandyr. Alyşir Nowaýy öz döwründe türki dilde uly göwrümli eserleri ýazyp, bu ähli şirinligini, çeperçiligini açyp görkezen şahyrdyr. Ol döwürler goşgular, köplenç, arap, pars dillerinde ýazylýar eken. «Dindarlaryň gozgalaňy» (1483), «Leýli we Mežnun» (1484), «Şirin we Perhat» (1484), «Ýedi dünýä» (1484) we «Isgender galasy» atly bäş sany epiki dessany öz içine alýan «Hamsa» (Bäşlik) eseri şahyryň döredijiligindäki iň naýbaşy eserdir.
Gurbansähet GURBANSÄHEDOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.