Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
    • International cooperation
      • Meetings
        • BOOK AWARD CEREMONY BY THE NIPPON FOUNDATION
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
        • A training session on the Sustainable Development Goals was held
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / Articles / Alyp-satmagyň niderland nusgasy
    Alyp-satmagyň niderland nusgasy surady
    29/04/2024

    918

    Alyp-satmagyň niderland nusgasy

    Niderlandlar Patyşalygy söwdanyň, logistikanyň, önümçiligiň, hyzmatlaryň, innowasion tehnologiýalaryň, şeýle-de durnukly we täzelenip bilýän energiýanyň hasabyna ýokary derejede ösen bazar ykdysadyýetli ýurtdur. Maglumatlara görä, Niderlandlar Patyşalygy nominal jemi içerki önümi boýunça dünýäde 18-nji, satyn alyş güýji boýunça 28-nji, adam başyna düşýän nominal jemi içerki önümi boýunça 11-nji, eksporty we importy boýunça 6-njy ýerde durýar. 2023-nji ýyldaky ýagdaýa görä, adam başyna düşýän satyn alyş güýji babatda 13-nji orny eýeläp, dünýäniň iň ýokary girdejili ýurtlarynyň birine öwrüldi. Şeýle-de Ykdysady çylşyrymlylyk indeksine görä, dünýäniň 20-nji çylşyrymly ykdysadyýetidir. 2022-nji ýylda Niderlandlar Patyşalygy 731,4 milliard ýewrolyk haryt eksport etdi. Şonuň 368,3 milliard ýewrosy re-eksporta degişlidir. Niderlandlar Patyşalygynyň Statistik býurosynyň hasabatyna görä, bu ýagdaý — re-eksportyň içerki eksportdan ýokary bolmagy 2022-nji ýylda ilkinji gezek hasaba alyndy. Ýeri gelende aýtsak, 2022-nji ýylda ýurduň re-eksporty 2019-njy pandemiýa ýyly bilen deňeşdirilende, 58 göterim ýokarlandy. Netijede, eksportyň umumy mukdary 48 göterim ýa-da 236,5 milliard ýewro artdy. Umuman, bu ýerde kompaniýalaryň önümçilik kuwwatlyklarynyň az bolandygyna garamazdan, daşary bazarlara çykarylýan harytlaryň gymmaty alyp-satmagyň hasabyna ýokarydyr.
    Niderlandlar Patyşalygy eksporta gönükdirilen ykdysadyýet bolup, ýurduň jemi içerki önüminiň üçden iki bölegini haryt söwdasy tutýar. Esasy eksport harytlaryna tehnika we awtoulag şaýlary (umumy eksportyň 28 göterimi), mineral ýangyç (23 göterim), azyk harytlary (11 göterim), egin-eşik we aýakgap (10 göterim), derman serişdeleri (5 göterim) degişlidir. Şeýle-de daşarky bazarlardan getirilýän ýangyç, tehnika, azyk harytlar degişlilikde, ýurduň umumy importynyň 29, 26, 8,6 göterimini emele getirýär. Ýurduň esasy söwda hyzmatdaşlary — Germaniýa (umumy eksportyň 24, importyň 17 göterimi), Belgiýa (umumy eksportyň 12, importyň 10 göterimi), Beýik Britaniýa, Hytaý, Fransiýa, ABŞ.
    2024-nji ýylyň ýanwar aýynda importy 18,2 göterim peselendigi üçin, ýurduň ykdysadyýetinde 12,57 milliard ýewrolyk oňyn söwda balansy emele geldi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründe 7,1 milliard ýewro deňdi. Fewral aýynda bolsa ýurduň oňyn söwda balansy geçen ýylyň degişli döwrüniň 11,51 milliard ýewrosyndan 11,73 milliard ýewro çenli ýokarlandy. Eksportynyň ösüş depgini 5 göterim peselip, 68,2 milliard ýewro deň boldy. Munuň sebäbi Ýewropa Bileleşigi ýurtlaryna çykarylan harytlaryň azalmagy (-10,5 göterim) bilen düşündirilýär. Tersine, Niderlandlar Patyşalygynyň beýleki ýurtlara söwdasy 3,7 göterim ýokarlandy. Şeýle-de ýurda Ýewropa Bileleşigi ýurtlaryndan hem-de beýleki bazarlardan import edilýän harytlaryň mukdary degişlilikde, 2,3 we 9,6 göterim azaldy. Netijede, umumy importyň mukdary 6,3 göterim pese gaçyp, 56,5 milliard ýewro deň boldy. Umuman, 2024-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýurtda 25,05 milliard ýewro oňyn söwda balansy hasaba alyndy.
    Maglumat üçin, dünýäniň iň iri tehnologiýa kompaniýalarynyň Ýewropadaky dolandyryş edaralary ýurduň paýtagt şäheri Amsterdamda ýerleşýär. Olaryň hatarynda «IBM», «Microsoft», «Google», «Oracle», «Cisco», «Uber», «Netflix», «Tesla» ýaly tehnologiýa ägirtlerini görkezmek bolar. Ýurduň ikinji uly şäheri — Rotterdamda Ýewropanyň iň iri deňiz porty ýerleşýär. Bu bolsa Niderlandlar Patyşalygynyň dünýäniň iň iri söwda, logistika we ykdysady merkezine öwrülmegine uly itergi berýär.
    ***
    Niderlandlar Patyşalygy dünýä ýüzünde täzeçil oba hojalyk pudagyny emele getirmekde we oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmekde uly tejribesi bolan ülkedir. Şonuň üçin hem ýurduň ösen oba hojalygy bilen gyzyklanýan taraplaryň sany gitdigiçe artýar. Soňky statistik maglumatlara görä, Niderlandlar Patyşalygy ýeralma ösdürip ýetişdirmekde öňdebaryjy ýurt hasaplanýar. Şeýle-de ýeralmanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň tohumlaryny ýetişdirmekde hem uly tejribesi bardyr. Bu ýerde nou-haular we uzak ýyllaryň dowamynda toplanan tejribe hem möhüm orun eýeleýär. Oba hojalyk önümleriniň dünýä söwdasynda 3-nji orunda durandygyna garamazdan, Niderlandlar Patyşalygy degişli bazarda 5,4 göterim paýa eýedir. Şeýle-de ekinleri ösdürip ýetişdirmek boýunça dünýä önümçiliginde bary-ýogy 0,4 göterim paýy bar.
    Bütin dünýäde bar bolan 59 görnüş miwe we gök önümleriň 11-siniň önümçiliginde Niderlandlar Patyşalygy iň öňdebaryjy ýurt hasaplanýar. Şeýle-de ýene 10 ekiniň önümçiliginde 2-nji, 6 ekiniň önümçiliginde 3-nji ýerde durýar. Umuman alanyňda, 27 görnüş miwe we gök önümleriň dünýädäki umumy mukdarynyň ýarysyna golaýyny ýetişdirip, bu babatda 3-nji orny eýeleýär. Miwe we gök önümleriň dünýä bazaryndaky söwdasy soňky 10 ýylyň içinde 50 göterimden gowrak ýokarlandy. Gök önümleriň söwdasy miwelere garanyňda, has-da artdy. Şunda Niderlandlar Patyşalygynyň dünýäniň miwe we gök önüm bazaryndaky paýy umumylykda 7 göterime, aýratynlykda — gök önümlerde 14, miwelerde 3 göterime deňdir. Ýeri gelende aýtsak, dünýäniň sogan eksportynyň 21, ajy burçuň 15, pomidor eksportynyň 14 göterimi Niderlandlar Patyşalygy tarapyndan üpjün edilýär. Bananyň we almanyň eksportyndaky paýy 4 göterime deň. Mundan başga-da, ananasyň re-eksporty boýunça dünýäde 3-nji, awokadonyň re-eksporty boýunça 4-nji, üzümiň we greýfrutyň re-eksporty boýunça 5-nji, pyrtykal, limon, gawun alyp-satmakda 7-nji ýerde durýar. Umuman, Niderlandlar Patyşalygy ter miwe we gök önümleri re-eksport etmekde gymmaty boýunça Ispaniýadan soň 2-nji, mukdary boýunça bolsa Ispaniýadan we Meksikadan soň 3-nji orny eýeleýär. «Eurostatyň» hasabatyna görä, 2023-nji ýylda Niderlandlar Patyşalygynyň oba hojalyk önümleriniň eksporty 135 milliard ýewro, importy 94 milliard ýewro barabar boldy.
    ABŞ-nyň global maglumatlar we işewürlik boýunça statistik platformasynyň hasabatyna laýyklykda, Niderlandlar Patyşalygynyň oba hojalyk bazaryndaky jemi önümçilik gymmatynyň 2024-nji ýylda 13 milliard 580 million amerikan dollaryna deň bolmagyna garaşylýar. Ýyllyk ösüş depgini 2,31 göterime ýetip, 2028-nji ýyla çenli degişli bazaryň umumy bahasy 14 milliard 880 million amerikan dollary möçberinde bolar. Şeýle-de üstümizdäki ýylda ýurduň oba hojalyk bazaryndaky importynyň gymmaty 31 milliard 600 million amerikan dollaryna, eksportynyň gymmaty bolsa 31 milliard amerikan dollaryna barabar bolar diýlip çaklanylýar. Ýyllyk ösüş depginleri bolsa degişlilikde, 4,61 we 6,26 göterim bolar.

    Jahantäç ÖWEZOWA,
    TDIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň
    halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby, «Biznes reklama».

    Çeşme: "Biznes reklama" gazeti - 29.04.2024 ý. //  https://turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/50/articles/146507

    Latest News

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI