Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
    • International cooperation
      • Meetings
        • BOOK AWARD CEREMONY BY THE NIPPON FOUNDATION
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
        • A training session on the Sustainable Development Goals was held
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / Articles / ADAM HUKUKLARYNY ÜPJÜN ETMEGIŇ MILLI WE HALKARA ÝÖRELGELERI
    ADAM HUKUKLARYNY ÜPJÜN ETMEGIŇ MILLI WE HALKARA ÝÖRELGELERI surady
    22/07/2023

    854

    ADAM HUKUKLARYNY ÜPJÜN ETMEGIŇ MILLI WE HALKARA ÝÖRELGELERI

    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy halkara ülňülerine laýyklykda mundan beýläkde ösdürmekde, milli kanunçylygyň, şeýle hem halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň esasynda raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny, bähbitlerini goramak we kepillendirmek boýunça yzygiderli işler amala aşyrylýar.

    Türkmenistanyň Prezidenti 2023- nji ýylyň 6-njy aprelinde Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň birinji maslahatyndaky sözlän sözünde: “Türkmenistanda adamyň we raýatyň Konstitusiýada hem-de kanunlarda kepillendirilen hukuklaryny, azatlyklaryny goramak biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň baş maksady bolup durýar” diýip nygtamak bilen, raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň goralmagyny Türkmenistanyň Mejlisiniň täze çagyrylyşynyň kanun çykaryjylyk işiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi.

    Türkmenistanyň Konstitusiýasy adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramakda berk esas bolup çykyş edýär. Onda kesgitlenen demokratik ýörelgeler adamyň we raýatyň durmuş hem-de ykdysady kepillikleriniň, syýasy hukuklarynyň üpjün edilmegine, erkin ýaşamagy üçin şertleriň döredilmegine gönükdirilendir. Esasy Kanunymyzda adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň deňligi, şeýle hem milletine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk hem wezipe ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, diline, dine garaýşyna, syýasy ynam-ygtykadyna ýa-da gaýry ýagdaýlaryna garamazdan, olaryň kanunyň we kazyýetiň öňündäki deňligi hem-de erkekleriň we aýallaryň deň hukuklary we azatlyklary, şeýle hem olary durmuşa geçirmek üçin deň mümkinçilikleri kepillendirilýär (28-nji, 29-njy maddalar)

    Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kadalary Adam hukuklarynyň ählumumy jarnamasy we beýleki halkara resmi- namalarynyň kadalary bilen sazlaşykly utgaşýar. Mälim bolşy ýaly, Adam hu- kuklarynyň ählumumy jarnamasy 1948- nji ýylyň 10-njy dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 3-nji mejlisinde kabul edildi. Şu ýyl onuň kabul edilenine 75 ýyl dolýar. Jarnama – adamyň esasy hukuklary we azatlyklary beýan edilen binýatlaýyn halkara resminamasydyr. Onuň möhüm ähmiýeti göz öňünde tutulyp, 1950-nji ýyldan bäri BMG-niň ýörite çözgüdi esasynda her ýylyň 10- njy dekabry “Adam hukuklarynyň güni” hökmünde yglan edildi.

    Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 4-nji maddasynda: “Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr. Adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipeleridir.

    Döwlet her bir raýatynyň öňünde jogapkärdir we şahsyýetiň erkin ösmegi üçin şertleriň döredilmegini üpjün edýär, raýatyň janyny, at-abraýyny, mertebesini, azatlygyny, şahsy eldegrilmesizligini, tebigy we aýrybaşgalanmaz hukuklaryny goraýar” diýlip kesgitlenmegi ýurdumyzda amala aşyrylýan ähli başlangyçlaryň özeninde adam hakyndaky aladanyň ilkinji nobatda göz öňünde tutulýandygyny subut edýär.

    Esasy Kanunymyzda Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň saýlanylmagy hakynda kadanyň beýan edilmegi milli kanunçylykda häzirki zaman halkara hukuk ýörelgeleriniň orun alandygyny alamatlandyrýar. Konstitusiýanyň 71-nji maddasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Mejlise Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili saýlamak hakynda teklip girizýändigi, 81-nji maddasynda bolsa, Mejlisiň Türkmenistanyň Prezidentiniň teklibi boýunça Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili saýlaýandygy barada kadalar berkidildi.

    Döwlet gurluşy boýunça müňýyllyklaryň dowamynda toplanan milli gymmatlyklara hem-de halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna esaslanýan Türkmenistanyň Konstitusi- ýasy ýurdumyzda demokratiýany ösdürmegiň ýolunda möhüm ädim bolup durýar. Konstitusiýa jemgyýet we döwlet gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak bilen bir hatarda, her bir raýatyň, her bir jemgyýetçilik birleşiginiň tutýan ornuny, olaryň hukuklaryny we borçlaryny kesgitleýär.

    Jemgyýetiň we döwletiň özenini düzýän ulgamlaryň kadaly hereket etmegi hukuk kadalarynyň kömegi bilen üpjün edilýär. Şonuň bilen baglylykda, döwletde jemgyýetçilik ösüşiniň täze tapgyrynyň talaplaryna laýyk gelýän hukuk serişdeleri işlenip taýýarlanylýar. Şol hukuk serişdeleriniň kömegi bilen jemgyýetiň we döwletiň syýasy ulgamy, ykdysadyýeti, medeniýeti döwrebaplaşdyrylýar, netijede, tutuş jemgyýetçilik ösüşi maksatnamalaýyn esasda üpjün edilýär.

    Konstitusiýanyň II bölümi Türkmenistanda adamyň we raýatyň hukuklaryna, azatlyklaryna we borçlaryna degişlidir. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda kanunyň hökmürowanlygy ýörelgesi ykrar edilip, döwletiň, onuň ähli edaralarynyň we wezipeli adamlarynyň hukuk hem konstitusion gurluş bilen baglydygynyň, şeýle-de konstitusion kadalaryň we düzgünleriň göni hereketiniň bardygynyň berkidilmegi (8-nji madda) döwletliligiň pugta hukuk binýadyny emele getirýär. BMG we onuň ýöriteleşdirilen düzüm birlikleri bilen bilelikde durmuşa geçirilýän meýilnamalar ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanyp, adamlaryň kanun bilen kepillendirilen hukuklaryny durmuşa geçirmek üçin amatly şertleri döredýär. Adam hukuklaryny üpjün etmek boýunça kabul edilen maksatnamalar we döwrebap kanunçylyk namalary özüniň oňyn netijelerini berýär. Adam bähbidinden ugur alýan hukuk ulgamy we guramaçylyk çäreleri dünýä bileleşiginiň goldawyna mynasyp bolýar, Durnukly ösüş maksatlary bilen doly sazlaşýar.

    Türkmenistanyň Konstitusiýasynda adamyň hukuklary we azatlyklary bilen baglanyşykly berkidilen kadalar beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda jikmejik takyklaşdyrylýar. Bu ugurda “Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda”, “Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri hakynda”, “Adalatçy hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň we beýleki hukuk namalarynyň hereket etmegi möhüm ähmiýete eýedir.

    Häzirki wagtda “Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça 2021–2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasy”, “Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021–2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasy”, şeýle hem “Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020–2025-nji ýyl- larda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasy”, “Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça 2020–2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýa” üstünlikli amala aşyrylýar. Bu resminamalar adam hukuklaryny we azatlyklaryny mundan beýläk hem üpjün etmäge, ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady hem-de medeni ulgamlarynda adam hukuklaryny goramak babatdaky işleri ilerletmäge, ýurdumyzyň halkara resminamalary esasynda öz üstüne alan borçnamalaryna ygrarlydygyny beýan etmäge gönükdirilendir.

    Latest News

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI