27/10/2023
1288
Adalatyň baýdagy: Beýik Osman döwleti
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysy» atly kitabynda: «Ata-babalarymyzyň döreden beýik ýaşaýyş medeniýetleri, guran beýik döwletleri adamzadyň taryhynda lowurdap durandyr. Ol döwletler ylym, ýol-ýörelge, adalat baýdagy bolup pasyrdapdyr. Biz — bu günki türkmenler, geçmişimizi çuňňur öwrenmek bilen, gadymy oguz türkmen döwletiniň, Parfiýa döwletiniň, seljuk türkmenleriniň döreden onlarça döwletleriniň, osman türkmenleriniň soltanlyklarynyň, beýleki türkmen döwletleriniň şöhratyna buýsanyp bileris» diýip ýazýar. Bu ajaýyp sözler Beýik Osman döwleti babatdaky şirin söhbete-de ýol açýar.
Üç yklymyň döwleti ady bilen taryha giren Osman türkmenleriniň döwleti oguz türkmenleriniň gaýy taýpasyndan bolan edermen serkerde Ärtogrul Gazynyň ogly Osman Gazy tarapyndan Kiçi Aziýadaky 30-dan gowrak türkmen beglikleriniň birleşdirilmegi, netijede merkezleşen bitewi döwletiň döredilmegi bilen 1299-njy ýylda esaslandyrylýar.
Taryhçylaryň bellemeklerine görä, 624 ýyl dowam eden Beýik Osman imperiýasy ýaly döwlet dünýä taryhynda bolmandyr. Köp milletli we köp medeniýetli bolan bu döwlet Ýewropa we Aziýa yklymlarynyň çatrygynda ýerleşmek bilen, Afrika yklymynyň hem köp ýerlerini öz düzümine girizipdir. Bu döwletde soltanyň ýörite permanlary bilen dinine, jynsyna garamazdan, deňhukuklylyk, iň esasy zat bolsa, ähli ugurlar babatda adalatlylyk berk ýola goýlupdyr. Iňlis taryhçysy L.Kinross öz işlerinde bu döwletde deňlik syýasatynyň alnyp barlandygy, döwletiň köp milletli we çäk taýdan juda uludygyna garamazdan, türkmen soltanlary tarapyndan adalatly, ynsanperwer dolandyrylandygy barada aýratyn nygtapdyr. Elbetde, rus alymy W.I.Şeremetiň hem: «Dünýäniň iň güýçli imperiýalarynyň biri bolan bu imperiýanyň güýjüni diňe bir harby ýörişler düzmän, eýsem, soltanlaryň bu imperiýanyň döwlet gurluşyna we onuň dolandyrylyşyna adalatly we ynsanperwer üns berlenligi düzýär. Bu bolsa, bu döwletiň jemgyýetiniň örän kämil derejede ösen görnüşde ýedi asyra golaý dowam etmegine esasy şert bolupdyr» diýip, netije çykarmagyna şu hili deliller esasdyr.
Osman türkmenleriniň döwletiniň taryhyny içgin öwrenen N.A.Iwanow, D.Ý.Ýeremeýew, M.S.Meýer ýaly alymlaryň ýazmaklaryna görä, şol döwürde Waşingtonda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Kongresiniň jaýynda kanuna wepadar on üç şahsyýetiň biri hökmünde türkmen soltany Kanuny Süleýmanyň şekili hem saýlanylyp alnyp, hormatly ýerde goýlupdyr. Biziň günlerimizde hem soltan Kanuny Süleýmana ýewropalylar adyl we ynsanperwer kanun düzüji soltan diýip at berýärler. Iňlis koroly Genrih VIII (1509 — 1547) hem, bu döwletiň ösmegini hukuk ulgamynyň dogry alnyp gidilmeginden diýip hasap edip, soltan Süleýmanyň ýanyna döwletiň hukuk ulgamyny öwrenmek üçin ýörite wekilleri ýollapdyr. Ine, geçmişde hut şunuň ýaly türkmen döwletleriniň sungat derejesine ýetirilen syýasy tejribeleri dünýä döwletleri tarapyndan içgin öwrenilipdir. Olar döwlet dolandyrmagyň türkmen nusgasyny özlerine degişli bolan döwlet dolandyryş işlerinde ulanmagy mertebe bilipdirler.
Öz döwründe Italiýa, Ortaýer deňziniň kenaryndaky ilat, goňşy döwletler osmanly döwletiniň ýardamy, paýhasly ýöredilen oňyn syýasaty netijesinde tozmakdan, açlyk çekmekden, ýok bolup gitmekden, taryh sahypasyndan düşmekden halas bolupdyrlar. Osmanly döwletiniň ynsanperwer, dogry alnyp barlan syýasatyna eýermek, ony içgin öwrenmek bilen, olar hem kuwwatlanypdyrlar. Ynsanperwerlige ýugrulan syýasatyň netijesinde beýik
Osman türkmenleriniň döwleti dünýäniň iň galagoply asyrlaryndan aşyp-aşyp, ýedi asyrlap dünýäni saklap durupdyr. Biziň ata-babalarymyz goňşy döwletlere, halklara görelde bolmagy, taryha ugur bermegi, taryhyň ugruny oňyn tarapa gönükdirmegi başarypdyrlar. Osman türkmenleriniň döwletiniň hukuk ulgamy barada aýdylanda, ol üç esasa — Adat hukugyna, Yslam hukugyna — Şerigata we basylyp alnan ýerlerde öňden ýöredilen kanunlara daýanypdyr. Şerigat ylmyndan daşarda bolan meselelerde patyşalaryň emir-permanlaryndan ybarat bolan adat hukugy ulanylypdyr. Başgaça aýdylanda, şerigat hukugynyň kanun goýmadyk ýerlerinde adat hukugyň kanunlary olara goldaw bolmaly bolupdyr. Netijede, dindar hukukçylar yslam kada-kanunlaryndan ugur alyp, dini ylymlaryň esaslarynda adat hukugynyň kemala gelmegini gazanypdyrlar. Umuman, adat hukugy patyşalaryň goýan kanunlary bilen döredilipdir.
Osmanly Türkmen döwletinde kanun çykarmak we ýerine ýetirmek üçin «Diwany Humaýun» diýlen bir mejlis ýöredilipdir. Onda Baş weziriň ýolbaşçylygynda kanunnamalar taýýarlanylyp, patyşanyň garamagyna berlipdir. Oňlanylmagy bilen şol kanunnamalar «mühimme depderlerinde» hasaba alnyp, dolanyşyga girizilipdir.
Taryhymyzy öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan beýik işleri hemişe rowaç bolsun.
Jemile PÜRJÄÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy.
Çeşme şu ýerden alnan:
Latest News
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI