Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
    • International cooperation
      • Meetings
        • BOOK AWARD CEREMONY BY THE NIPPON FOUNDATION
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
        • A training session on the Sustainable Development Goals was held
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / Articles / «Abu Dhabi Ports»: kompaniýanyň ähmiýeti we mümkinçilikleri
    «Abu Dhabi Ports»: kompaniýanyň ähmiýeti we mümkinçilikleri surady
    26/04/2024

    716

    «Abu Dhabi Ports»: kompaniýanyň ähmiýeti we mümkinçilikleri

    2006-njy ýylda esaslandyrylan «Abu Dhabi Ports» (AD Ports Group) häzirki döwürde logistika we söwda pudagynda işleýän iri kompaniýalaryň biri bolup durýar. Esaslandyrylan döwründen başlap, ençeme kompaniýalar we guramalar bilen birleşmek arkaly ol özünde agzalan pudaklarda işleýän guramalary utgaşdyryp, halkara derejesinde hem işleýän hyzmat öndürijä öwrüldi.
    Adyndan belli bolşy ýaly, bu toparyň watany Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagty Abu-Dabi şäheri bolup durýar. Bu kompaniýa emirligiň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak, söwda gatnaşyklaryny ösdürmek maksatlaryna hyzmat edýär. «Abu Dhabi Ports» birnäçe pudaklarda işleýän kompaniýalary, sazlanylan logistiki zynjyrlary, halkara standartlaryna gabat gelýän portlary we döwrebap tehnologiýalary utgaşdyrýan ählitaraplaýyn hyzmatlary teklip etmek arkaly söwdanyň, umuman ykdysadyýetiň ösüşine ýardam etmegi özüniň esasy maksady diýip ykrar edýär. Kompaniýa ýöriteleşen 5 sany klastere bölünýär:
    1. Portlar;
    2. Gämi gatnawy;
    3. Senagat şäherleri we erkin zolaklar;
    4. Logistika;
    5. Sanly tehnologiýalar.
    Kompaniýanyň işiniň esasy ugry portlary dolandyryş we gämi gatnawlary bilen baglanyşykly hyzmatlar bolup durýar. Häzirki wagtda Birleşen Arap Emirlikleriniň 10 porty we terminaly bu topar tarapyndan dolandyrylýar. Soňky ýyllarda kompaniýanyň port we terminal dolandyryş hyzmatlaryna bolan isleg artýar, çünki kompaniýa portlaryň infrastrukturasyna döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak, bu işde toplanylan uly tejribesini ulanyp, dolandyryşyň ýörgünli usullaryny peýdalanmak arkaly olaryň işiniň netijeliligini düýpli artdyrýar we olaryň mümkinçiliklerini doly derejede peýdalanmaga mümkinçilik döredýär.
    «AD Ports Group» tarapyndan diňe bir portlar däl, eýsem, Abu-Dabiniň ykdysadyýetine ýene-de bir uly goşant goşýan senagat şäheri we erkin ykdysady zolak bolup durýan KEZAD (Khalifa Economic Zones Abu Dhabi) hem eýeçilik edilýär we dolandyrylýar. Bu zolak «AD Ports Group» tarapyndan 2022-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda işe girizildi. Häzirki wagtda tutýan meýdany 550 inedördül kilometre deň bolup, KEZAD daşary ýurt maýadarlary üçin ýokary derejede hyzmat edilýän ýerleri, taýýar ammarlary we ofisleri, şeýle hem sebitiň iri we wajyp porty bolan Halifa portuna ýeňillikli çykyşy hödürleýär.
    Logistika klasteriniň hem häzirki wagtda ýerli we daşary ýurt müşderileriniň sanawy uly. Bu klasterde, esasan, «Noatum» atly halkara söwda-logistiki kompaniýa hereket edýär. Kompaniýanyň dünýäniň 67 portuny birikdirýän söwda toruna bolan çykyşy we öz söwda gämiler floty bar.
    Sanly tehnologiýalar klasterinde 2016-njy ýylda esaslandyrylan, dolulygyna «AD Ports Group»-yň eýeçiliginde bolan «Maqta Gateway» kompaniýasy hereket edýär. Bu kompaniýa söwda we logistika pudaklarynda sanly ulgama geçmek, dünýä standartlarynda gabat gelýän sanly tehnologiýalary ornaşdyrmaga ýöriteleşýär.
    Häzirki wagtda «Abu Dhabi Ports Group» bilen Türkmenistanyň arasynda hem söwda-logistiki pudagyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary, şol sanda ýurdumyzda täze gämileri gurmaga maýa goýumlaryny çekmek, Türkmenbaşy portunyň konteýner terminalyna geljekde döwrebap tehnologiýalary we dolandyryş usullaryny ornaşdyrmak ýaly birnäçe ugurlarda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçilikleri öňe sürüldi.
    Şeýlelik bilen, «Abu Dhabi Ports» logistika we söwda pudagynda köp sanly hyzmatlary teklip edýän kompaniýa bolup, onuň bilen alnyp barylýan halkara hyzmatdaşlyk ähli taraplaryň, şol sanda Türkmenistanyň bähbidine hyzmat edip biler we dünýäde söwdanyň giňemegine, ykdysady ösüşiň gazanylmagyna ýardam edip biler.

    Orazmyrat SÄHETMYRADOW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň II ýyl talyby.

    Latest News

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI