09/09/2023
1946
9-njy sentýabr — Bilimi goramagyň halkara güni
Ylym-bilim halkara gatnaşyklarynda möhüm ugur hasaplanylýar. Sebäbi bilimli ýaşlar diňe bir döwletiň däl, eýsem, tutuş dünýäniň geljegidir. Şu nukdaýnazardan, her ýylyň 9-njy sentýabrynda Bilimi goramagyň halkara gününiň bellenilmegi maksadalaýykdyr.
Bilimi goramagyň halkara gününi döretmeklik hem-de bu senäni her ýylyň 9-njy sentýabrynda belläp geçmeklik BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2020-nji ýylyň 28-nji maýynda kabul eden A/74/275 Rezolýusiýasyna laýyklykda tassyklanyldy. BMG-niň Baş Assambleýasy bu Rezolýusiýany Katar döwletiniň öňe süren teklibi esasynda tassyklady. Teklip dünýä döwletleriniň 62-si tarapyndan biragyzdan goldanyldy.
Her ýylyň 9-njy sentýabrynda Milletler Bileleşigine girýän döwletleriň arasynda Bilimi goramagyň halkara güni bellenilip geçilýär. Munuň özi hiç bir ýurduň ösen milli ylym-bilim ulgamyny dünýä ülňülerinden üzňe göz öňüne getirmegiň mümkin däldigini görkezýär.
Şamaral GARAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.
Latest News
08/05/2026
MAY 8 – WORLD RED CROSS AND RED CRESCENT DAY
02/05/2026
MAY 3 – WORLD PRESS FREEDOM DAY
23/04/2026
WORLD BOOK AND COPYRIGHT DAY